Günde 2025-nji ýylda iň güýçli alawlama hasaba alyndy

12.11.2025, 00:216,068

11-nji noýabrda Günde 2025-nji ýylyň iň güýçli alawlamasy bolup geçdi. Onuň güýçlüligi X5.1 diýlip hasaplanýar. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Işjeňligiň iň ýokary derejesi Aşgabat wagty bilen 15:04-de hasaba alyndy. Barlaghananyň maglumatlaryna görä, alawlama şöhlelenme akymy boýunça şu ýylyň ähli alawlamalaryndan 3-5 esse, goýberilen energiýa boýunça 10-20 esse ýokarydy.
Alymlar wakanyň ösüşine syn etmegi dowam etdirýär. X derejeli alawlamalar Gün işjeňliginiň iň güýçli hadysasy hasaplanýar we Ýeriň magnit meýdanyna hem-de hemra ulgamlarynyň işine täsir edip bilýär. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.