Şwesiýada suratkeş Karl Millesiň 125 kg-lyk bürünç heýkeli ogurlandy

14.11.2025, 19:3311,629

Şwesiýada belli suratkeş Karl Millesiň "Emigrantlar" atly bürünçden ýasalan heýkeli ogurlandy. Bu barada "Smålandsposten" gazeti habar berdi.

Bu eser Wekşýö şäherindäki Emigrantlar öýüniň ýanynda ýerleşýärdi. Onuň ýitendigini 10-njy noýabrda ir bilen "Smoland" seýilgähiniň müdiri Lennart Ýuhansson ýüze çykardy. Ol ogrularyň bu eseri satyp bilmän, ony eredip metala öwürjekdigini çaklaýar.
"Emigrantlar" heýkeli 1940-njy ýylda döredilipdir. Ol XIX asyryň ortalaryndan başlap, şwedleriň Amerika göçüşligine bagyşlanandyr. Eseriň agramy takmynan 125 kilograma barabardyr.
Ýuhanssonyň sözlerine görä, bu Millesiň eserleriniň ilkinji gezek ogurlanyşy däl. 2024-nji ýylyň aprel aýynda onuň iki sany meňzeş "Günüň ýagtysy" eseri – olaryň biri Ýewle şäherindäki keselhanadan, beýlekisi bolsa Trelleborgdaky howuzdan ogurlanypdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.