Soňky 30 ýylyň dowamynda adatdan daşary howa hadysalary inflýasiýany nazara almak bilen dünýä ykdysadyýetine, takmynan, 4,7 trillion dollar möçberinde zyýan ýetirdi. 900 müňden gowrak adam howa betbagtçylyklarynyň pidasy boldy.
Şeýle bahalandyrmalar Germaniýanyň «Germanwatch» ekologiýa guramasynyň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky maslahatyna (COP31) taýýarlan nobatdaky Howa töwekgelçilikleriniň indeksinde getirilýär.
Barlaga görä, 1996–2025-nji ýyllarda adatdan daşary yssydan, suw joşgunlaryndan, tupandan we beýleki tebigy betbagtçylyklardan ýeten umumy ykdysady ýitgiler Germaniýanyň häzirki jemi içerki önümi (JIÖ) bilen deňleşýär.
Germaniýanyň özi ýakymsyz howa şertlerinden iň köp zyýan çeken döwletleriň sanawynda 34-nji orny eýeledi. Bellenilen döwürde ýurtda 33 müňden gowrak adam heläk boldy, inflýasiýany nazara almak bilen göni maddy zyýan bolsa 133 milliard dollara deň boldy. Şol bir wagtyň özünde gytaklaýyn ykdysady ýitgiler bu mukdara goşulmady.
Adatdan daşary howa şertleriniň öňünde ykdysady ösüş derejesi pes bolan ýurtlar iň ejizi bolup çykdy. Ilkinji üç orny Dominikan Respublikasy, Mýanma we Gonduras eýeledi.
Barlagyň awtorlarynyň biri Dawid Ekştaýn bu döwletleriň birnäçe gezek weýrançylykly tupanlar bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny belledi. Gaýtalanýan betbagtçylyklar ykdysadyýeti dikeltmegi kynlaşdyrdy: öňki betbagtçylyklardan soň dikeldilen infrastruktura ýene-de weýrançylyga sezewar boldy.
Iň aýdyň mysallaryň biri hökmünde «Germanwatch» 2017-nji ýylda Dominika inen «Mariýa» tupanyny getirýär. Onuň ýetiren zyýany ada döwletiniň ýyllyk JIÖ-sünden iki esseden hem köp boldy.
Ýewropa ýurtlarynyň arasynda reýtingiň ilkinji ýigrimiligine Italiýa, Fransiýa, Gresiýa we Ispaniýa hem girdi. Olaryň görkezijilerine gaýtalanýan adatdan daşary yssy döwürler we uly tokaý ýangynlary täsir etdi.