Saýlanan şäher
27 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Medeniýet we jemgyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Medeniýet we jemgyýet
31.07.2025 13:37
3.1k+
OpenAI-iň ýolbaşçysy ChatGPT bilen söhbetiň kazyýetde ulanylyp bilinjekdigini duýdurdy
OpenAI-iň baş direktory Sem Altman ChatGPT bilen ýazyşylan gürrüňdeşlikleriň kazyýetiň talaby boýunça görkezilip bilinjekdigini aýtdy. Bu barada ol Teo Wonuň podkastynda habar berdi. Altman barha köp ulanyjynyň ChatGPT bilen şahsy aladalaryny we syrlaryny paýlaşyp, ondan maslahat soraýandygyny aýtdy
31.07.2025 13:35
3.7k+
“Şrekdäki” Eşek barada aýratyn film düşüriler. Eddi Mýorfi öz keşbine gaýdyp geler
“Şrek” animasion franşizasy giňelmegini dowam etdirer – bu gezek Eşek aýratyn filme eýe bolar. Bu barada Eddi Mýorfi Screen Rant neşiri bilen söhbetdeşlikde habar berdi. Onuň aýtmagyna görä, häzir aktýorlar düzümi “Şrek 5-e” ses bermegini tamamlaýar, güýzde bolsa topar Eşek barada spin-offuň üstünde işlemäge başlar
30.07.2025 14:56
9.1k+
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginde Balkan welaýatyndan Ýunus Aşyrdurdyýew we Öwezmyrat Ataýew wekilçilik eder
Balkanabat şäheriniň «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde guralýan «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi
30.07.2025 14:47
4.5k+
“Godzilla: Minus bir” filminiň dowamy 2026-njy ýylda çykar. Ol tomsuň ahyrynda düşürilip başlanar
Oskar baýragyny alan “Godzilla: Minus bir” ýapon blokbasteriniň dowamy 30-njy awgustda düşürilip başlanar. Bu barada Consequence of Sound neşiri habar berýär. Filmiň prokata çykmagy 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär
30.07.2025 14:46
10k+
Hytaýyň Hunan şäherindäki uniwersitetde kebap taýýarlamagy hünär hökmünde öwredip başladylar
Hytaýyň Ýueýan şäherinde (Hunan welaýaty) kebapçy aşpezleri taýýarlaýan dünýäde ilkinji kollej açyldy. Okuw jaýy ýerli hökümetiň we Ýueýan barbekýu birleşiginiň goldamagynda Ýueýanyň Açyk Uniwersitetiniň düzüminde döredildi diýip, China Daily portaly habar berýär
30.07.2025 14:42
6k+
“Supermen” we “Formula-1” $500 mln ýygnady, “Ýura eýýamynyň dünýäsi” milliarda kowalaşýar
Geçen dynç günleri Golliwudyň iki filmi dünýä prokatynda 500 mln dollardan geçdi. Variety neşiriniň habar bermegine görä, iýulyň başynda kinoteatrlarda görkezilip başlanan Jeýms Gannyň “Supermen” filmi ABŞ-da 289,5 mln dollar ýygnady
29.07.2025 19:04
7.4k+
“Koýot vs. Akme” animasion-oýun filminiň çykjak senesi belli boldy
“Koýot vs. Akme” (Койот против „Акме“) filmi 2026-njy ýylyň 28-nji awgustynda ABŞ-da prokata çykar. Bu barada Comic Con konwentinde taslamanyň tanyşdyrylyşyndan soň yglan edildi diýip, Variety habar berýär. Reliziň senesi ilkinji resmi posterde hem görkezildi, onda koýotyň silueti bilen ýerdäki jaýryk şekillendirilýär
29.07.2025 18:57
3.6k+
Telegram-da ulanyjylaryň ýaşyny barlamak üçin bot peýda boldy
Telegram-da ulanyjylaryň ýaşyny barlamak üçin resmi bot peýda boldy. Bu barada “Kod Durowa” habar berýär. Täze gural mini-programma esaslanýar we ýüzi skanirlemek funksiýasyny ulanýar. Boty aýratyn ýa-da sazlamalar menýusy arkaly işe girizmek bolýar
29.07.2025 14:18
3k+
App Store kontenti has takyk kesgitlemek üçin 13+, 16+ we 18+ ýaş kategoriýalaryny girizýär
Apple App Store-da ýaş reýtingleriniň ulgamyny täzeläp, kontenti ýaşa görä has takyk kesgitlemek üçin dört kategoriýany (4+, 9+, 12+, 17+) bäş kategoriýa bilen çalyşdy. Indi iOS 26-da, macOS 26-da we operasion ulgamlaryň beýleki täze wersiýalarynda 12+ we 17+ kategoriýalary 13+, 16+ we 18+ bilen çalşyldy
29.07.2025 14:14
10k+
Näme üçin "akylly" äýnekler heniz hem köpçülikleýin ulanyşa girenok?
"Akylly" äýnegi işläp taýýarlamak üçin onlarça ýyllaryň zähmeti we milliardlarça dollar gerek boldy. Ol bazarda uly öwrülişik eder diýip çaklanylýardy, ýöne ol entegem adamlaryň çäkli toparynyň önümi bolmagynda galýar
29.07.2025 14:13
6.2k+
Bukingem köşgünde şa zenany Ýelizaweta II-niň lybaslarynyň sergisi açylar
2026-njy ýylyň ýazynda Bukingem köşgünde monarhyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli “Şa zenany Ýelizaweta II: onuň owadan durmuşy” atly sergi açylar. Şa galereýasyndaky sergide şa zenanyň lybaslary we esbaplary, şol sanda 1947-nji ýylda geçen toýunda we 1953-nji ýylda täç geýdiriliş dabarasynda geýen meşhur egin-eşikleri görkezilýär
29.07.2025 12:42
11k+
Samsung Galaxy Z Fold7 smartfony berklik synagyndan geçdi
Samsung Galaxy Z Fold7 smartfony JerryRigEverything lakamy bilen belli bolan YouTube blogeri Zak Nelson tarapyndan geçirilen synagda ýokary berkligi görkezdi. Sypjyryklara çydamlylyk birneme gowşak boldy: daşky ekranda çyzyk yzlary Moos şkalasy boýunça 6-njy derejede peýda boldy, çeýe içki displeýiň gorag plýonkasy bolsa eýýäm gatylygy 2 bolan guralyň täsirinde çyzyldy
29.07.2025 12:15
16k+
Alymlar wagtyň azalandygyny subut edip, indi sekunty hasapdan aýyrmak isleýärler
Ýer öňküden çalt aýlanýar we bu taryhda ilkinji gezek global wagtdan sekunty aýyrmagyň zerurlygyna getirip biler. Bu barada Ýeriň aýlanyşy we hasaplaýyş ulgamlarynyň halkara gullugynyň (IERS) we ABŞ-nyň Harby-deňiz obserwatoriýasynyň maglumatlaryna salgylanyp, CNN habar berýär
29.07.2025 11:32
3.7k+
OpenAI baradaky täze filmde Ilon Maskyň keşbini kimiň ýerine ýetirjekdigi belli boldy
“Kinostudiýa” serialyndaky keşbi bilen tanalýan aktýor Aýk Barinhols “Emeli” (Artificial) filminde telekeçi we dünýäniň iň baý adamy Ilon Maskyň keşbini ýerine ýetirer. Bu barada The Hollywood Reporter neşiri habar berdi
29.07.2025 11:31
6.4k+
Maýkl Jekson hakyndaky filmiň ilkinji görkeziljek senesi üçünji gezek yza süýşürildi
Maýkl Jekson hakyndaky "Maýkl" filminiň ilkinji görkezilişi 2026-njy ýylyň 24-nji apreline yza süýşürildi. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Bu eýýäm baýopigiň çykaryljak senesiniň üçünji gezek üýtgedilişi: başda film 2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde görkezilmelidi, soň ol üstümizdäki ýylyň 3-nji oktýabryna yza süýşürildi
29.07.2025 11:30
1.4k+
YouTube Shorts-da indi suratlardan we tekstden wideo döretmek üçin gurallar peýda boldy
YouTube Shorts gysga dik wideolaryň döredilmegini aňsatlaşdyrmak üçin AI bilen işleýän täze gurallary hödürledi. Bu barada wideo hyzmatynyň blogunda habar berilýär. Täze girizilen gurallaryň arasynda suraty wideo öwürýän funksiýa, AI-animasiýaly wideo effektler, şeýle hem tekst görkezmelerine esaslanyp wideo, şekil we saz döretmäge mümkinçilik berýän AI Playground redaktoryny öz içine alýar
29.07.2025 11:10
5.4k+
“Awatar: Ot we kül” filminiň ilkinji treýleri çykdy
20th Century Studios kompaniýasy “Awatar: Ot we kül” (“Avatar: Fire and Ash”) filminiň – Jeýms Kemeronyň epiki kinofranşizasynyň üçünji bölüminiň ilkinji treýlerini hödürledi. Resmi relizinden öň treýler birnäçe günüň dowamynda ABŞ-nyň käbir kinoteatrlarynda çäkli görkezildi
28.07.2025 19:08
3.4k+
“Anna güni, 13-i” horrory boýunça täze film, serial we wideo oýny çykarylar
Meşhur “Anna güni, 13-i” (Пятница, 13-е) horror-franşizasy doly metražly film görnüşinde dowamyna we täze wideo oýnuna eýe bolar. Bu barada Horror Inc. kompaniýasynyň wise-prezidenti Robbi Barsamian San-Diegodaky Comic-Con konwentinde habar berdi diýip, Bloody Disgusting belleýär
28.07.2025 18:51
11k+
Moskwada 85-nji gaty seýilgähli ýaşaýyş diňi gurlar
“Moskwa-Sitide” One Tower ady bilen ýaşaýyş diňini gurmak meýilleşdirilýär. Ozal bu işewürlik merkeziniň binalarynda öýler däl-de, diňe wagtlaýyn galmak üçin otaglar ýerleşýärdi. Binanyň beýikligi 379 metr bolar
28.07.2025 18:49
4.7k+
Tim Býorton we Ledi Gaga täze gizlin taslamanyň üstünde işleýär
Tim Býorton “Uensdeý” düşürilenden soň ýene bir taslamanyň üstünde Ledi Gaga bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirýändigini habar berdi. Bu barada NME neşiri ýazýar. Giffonidäki kinofestiwalda režissýor “Uensdeýiň” ikinji möwsüminiň ilkinji dört bölümi görkezilmezden ozal tomaşaçylaryň soraglaryna jogap berdi
28.07.2025 18:02
7.3k+
Türkmenistanda çagalar baglarynyň şepagat uýalarynyň we aşpezleriniň arasynda bäsleşigiň netijeleri yglan edildi
24-25-nji iýulda Aşgabat şäherindäki 127-nji ýöriteleşdirilen çagalar bagynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň şepagat uýalarynyň we aşpezleriniň gatnaşmaklarynda geçirilýän «Körpe nesliň saglygy – ýurdumyzyň baýlygy», «Bereketli türkmen saçagy» atly bäsleşikleriň jemleýji döwlet derejesindäki tapgyry geçirildi
28.07.2025 17:42
2.1k+
iOS 26-da şübheli habarlar filtrden geçiriler
Apple iOS 26-da “Habarlar” (Messages) programmasyna spamy we fişingi filtrden geçirmek ulgamyny goşdy. Bu barada 9to5Mac portaly ýazýar. Programmada habarlaryň täze kategoriýalary peýda boldy: “Habarlar”, “Näbelli iberijiler”, “Spam” we “Ýakynda pozulanlar”
28.07.2025 17:40
7.3k+
Jo Baýden öz ýatlamalaryny neşir etmek hukugy 10 million dollara satdy
ABŞ-nyň ozalky Prezidenti Jo Baýden öz ýatlamalaryny çap etmek hukugy Hachette Book Group neşirýatyna 10 million dollara satdy. Bu barada çeşmelerine salgylanýan The Wall Street Journal habar berdi. Bu şertnama Creative Artists Agency (CAA) tarapyndan araçylyk edildi
28.07.2025 14:14
4.7k+
Türkmenistanyň Ýaşlar kamera orkestri Wenada geçirilen festiwalda ýene-de "Altyn baýrak" aldy
Türkmenistanyň zehinli sazandalaryndan ybarat bolan Ýaşlar kamera orkestri 23 — 26-njy iýul aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde XI Bütindünýä orkestr festiwalyna gatnaşyp, "Altyn baýraga" mynasyp boldular
28.07.2025 13:55
1.9k+
LEGO Nintendo Game Boy pristawkasynyň görnüşinde konstruktor çykardy
LEGO 1989-njy ýyldaky Nintendo Game Boy oýun pristawkasynyň görnüşinde ýygnalýan täze düzüt toplumyny hödürledi. Ol daniýaly oýnawaç öndürijisiniň Ýaponiýanyň Nintendo wideooýun döredijisi bilen hyzmatdaşlygynyň netijesi boldy
28.07.2025 13:34
5.5k+
Filippinlerde oýnawaçly dünýäde iň uly awtomat gurnaldy
Filippinleriň Sebu şäherinde dünýäde iň uly kran-maşyn oturdyldy. Baýrak (esasan, ýumşak oýnawaçlar) almak üçin oýnamaga niýetlenen kran awtomat Tops toplumynyň PlayFair oýun zalynda peýda boldy diýip, UPI agentligi habar berýär
28.07.2025 13:29
11k+
Barbadosda ýene-de tebigatda iň kiçi ýylana duş gelindi
Barbadosda soňky 20 ýylda diýen ýaly ilkinji gezek dünýäde iň kiçijik ýylan – Tetracheilostoma carlae (Barbados eriş görnüşli ýylan hökmünde-de belli) tapyldy. Bu barada Interesting Engineering neşiri habar berýär
28.07.2025 08:59
11k+
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (28.07 - 03.08)
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada maglumat berdi. Aşgabatda az bulutly, hepdäniň ortasynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser
27.07.2025 22:43
9.4k+
Timur Bekmambetowdan “Dünýäleriň urşy” filminiň treýleri çykdy: ol skrinlaýf görnüşde düşürildi
Prime Video akym hyzmaty Gerbert Uellsiň “Dünýäleriň urşy” (Война миров) romanynyň täze skrinlaýf-ekranlaşdyrmasynyň treýlerini hödürledi. Filmde baş keşbi repçi Aýs Kýub ýerine ýetirdi. Sýužet Homeland Security-dan kiberhowpsuzlyk boýunça analitik Uill Redforda ünsi jemleýär
27.07.2025 20:28
6.6k+
Flow Photo Contest 2025 foto bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi
Her ýyl geçirilýän Flow Photo Contest 2025 bäsleşiginiň emin agzalary ýeňijileri yglan etdiler. Kodak kompaniýasy tarapyndan gurnalan bäsleşige 109 ýurtdan 16 müňden gowrak iş gelip gowuşdy. Gatnaşyjylar bäş kategoriýa boýunça bäsleşdiler: «Suw», «Adam», «Syýahat», «Film» we «Haýwanlar»
27.07.2025 20:19
3k+
Google DeepMind emeli aňa latyn ýazgylarynyň ýitirilen böleklerini dikeltmegi öwretdi
Google DeepMind kompaniýasy gadymy latyn ýazgylarynyň ýitirilen böleklerini dikeltmäge ukyply Aeneas atly açyk neýroulgamy döretdi. Maglumat taslamanyň resmi web sahypasynda ýerleşdirildi. Işläp taýýarlama taryhçylara we epigrafistlere Rim ýazuwynyň zeper ýeten ýadygärliklerini düşündirmäge kömek etmegi maksat edinýär
26.07.2025 18:25
5.9k+
Fabergé Bond baradaky filmiň şanyna 177 müň dollarlyk altyn ýumurtga çykardy
Fabergé zergärlik öýi Jeýms Bond baradaky wakalaryň üçünji bölümi bolan “Goldfinger” filminiň 60 ýyllygy mynasybetli 177 müň dollardan gowrak bahaly ýumurtgany hödürledi. Bu barada kompaniýanyň resmi saýtynda habar berilýär
26.07.2025 18:21
3.1k+
ChatGPT indi synaglara taýýarlanmaga kömek eder
ChatGPT web-programmasynda “Bilelikdäki okuw” (Study Together) ady bilen täze funksiýa yglan edildi, ol ýakyn wagtda ulanyjylara elýeterli bolar. Bu barada maglumat “Oka we öwren” bölüminde ýerleşdirildi. Täze funksiýanyň kömegi bilen ulanyjylar synaglara taýýarlanyp, çylşyrymly meseleleri çözüp we öý işlerini ýerine ýetirip biler
26.07.2025 18:20
6.8k+
Jon Uik baradaky filmleri dörediji “Calexit” komiksini ekranlaşdyrar
Jon Uik baradaky filmler bilen tanalýan amerikaly režissýor Çad Stahelski “Calexit” komiksi boýunça doly metražly film düşürer. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär. Ssenarini Black Mask Studios-yň prezidenti Matteo Pissolo ýazar, prodýuserler hökmünde Aleks Ýang, 87Eleven Entertainment-den Jeýson Spits, şeýle-de Pissolo, Brett Gurewis we Braýan Giberson çykyş eder
26.07.2025 17:34
15k+
Italiýada etrusklaryň saç üçin halkalary bolan 2600 ýyllyk el degrilmedik mazary tapyldy
Beýlor uniwersitetinden Dawid Zoriýanyň ýolbaşçylygyndaky arheologlar topary Italiýada etrusklaryň (b.e. öňki I müňýyllykda ýaşan gadymy medeniýet) 2600 ýyllyk el degrilmedik mazaryny tapdy. Rimden 70 km uzaklykda ýerleşýän bu tapyndy Gadymy Rimiň döremezinden öňki taryhy öwrenmek üçin iň möhüm maglumatlaryň biri hasaplanýar diýip, uniwersitetiň resmi saýty habar berýär
26.07.2025 16:51
5.8k+
Osloda gazuw-agtaryş işleri mahalynda takmynan 7 asyr ozalky müňlerçe deri artefaktlar tapyldy
Arheologlar Oslo duralgasyndan müňlerçe deri artefaktlary tapdylar. Tapyndylaryň arasynda XIII we XIV asyrlara degişli aýakgap, torbalar, gapjyklar we gylyç gynlary bar diýip, Live Science ýazýar. Gazuw-agtaryş işleri başlangyç we orta mekdebiň gurulmagy meýilleşdirilýän D2 meýdançasynda geçirilýär
26.07.2025 16:42
5.5k+
Hytaýda öz işinden ýadan adamlar üçin klinika açyldy
Hytaýyň Sinhuandao şäherindäki adaty hytaý we günbatar lukmançylyk hassahanasynda argynlykdan ejir çekýän adamlar üçin "Dislike Going to Work Clinic" ady bilen klinika açyldy. Bu barada South China Morning Post neşiri habar berýär
26.07.2025 16:40
2.9k+
Netflix meşhur “Uensdeý” serialyny üçünji möwsüme uzaltdy
Netflix platformasynyň taryhynda iň meşhur iňlis dilli serial “Uensdeý” üçünji möwsüme uzaldyldy. Bu barada platformanyň resmi saýtynda habar berildi. Mundan başga-da, taslamanyň režissýory Tim Býorton we baş keşbi ýerine ýetiriji Jenna Ortega The Hollywood Reporter bilen söhbetdeşlikde spin-offy döretmek mümkinçiliginiň maslahatlaşylýandygyny aýtdy
26.07.2025 16:38
1.8k+
Microsoft Pariždäki Notr-Dam-de-Pari ybadathanasynyň sanly nusgasyny döreder
Microsoft kompaniýasy Fransiýanyň hökümeti bilen bilelikde Pariždäki Notr-Dam-de-Pari ybadathanasynyň sanly nusgasyny döreder. Bu barada Microsoft-yň prezidenti Bred Smite salgylanyp, Reuters agentligi habar berýär
26.07.2025 14:46
5.7k+
“Mortal Kombat 2” filminiň treýleri rekord goýdy
“Mortal Kombat 2” filminiň treýleri wideolaryň Red Band wersiýalarynyň arasynda tomaşa sany boýunça täze rekord goýdy. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, wideonyň ýaş çäklendirmesi bolan wersiýasy ilkinji 24 sagatda 106,8 mln tomaşa ýygnady
«
1
…
70
71
72
…
276
»
«
1
…
67
68
69
70
71
72
73
74
75
…
276
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.