Medeniýet we jemgyýet

Dünýäniň iň iri kompaniýalary klimata $28 trillionlyk zyýan ýetirdi — barlagyň netijesi
28.04.2025 12:04
6.5k+

Dünýäniň iň iri kompaniýalary klimata $28 trillionlyk zyýan ýetirdi — barlagyň netijesi

Täze geçirilen barlagyň netijelerine görä, dünýäniň iň uly kompaniýalary klimatyň üýtgemegine 28 trillion dollarlyk zyýan ýetiripdir. Bu mukdar ABŞ-nyň 2024-nji ýyldaky jemi içerki önümine deň bolup, ählumumy maýlama sebäp bolýan parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň netijesini görkezýär
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
28.04.2025 00:29
6.8k+

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijileri yglan edildi. Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda olary sylaglamak dabarasy geçirildi diýip, TDH habar berýär
2025-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewiniň eýesine Toyota Camry V6 awtoulagy berildi
27.04.2025 17:44
28k+

2025-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewiniň eýesine Toyota Camry V6 awtoulagy berildi

26-njy aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda ahalteke bedewleriniň arasynda “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” adyny almak ugrunda geçirilen halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi yglan edildi
Serdar Berdimuhamedow Halkara atçylyk akademiýasynda bedew baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy
27.04.2025 17:37
10k+

Serdar Berdimuhamedow Halkara atçylyk akademiýasynda bedew baýramy mynasybetli dabaralara gatnaşdy

26-njy aprelde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi. Onuň çäklerinde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň we döredijilik işgärleriniň arasynda yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy
Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady
27.04.2025 17:24
4.6k+

Serdar Berdimuhamedow watandaşlaryny Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny, atşynaslary ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli gutlady. "Häzirki döwürde ata Watanymyzda atçylygy, türkmen milli seýisçilik sungatyny we atly sporty halkara derejede ösdürmek ugrunda döwletimiz tarapyndan ähli şertler döredilýär
Teylor Swift iň ýaş zenan milliarder adyny asly hytaýly gyza berdi: onuň baýlygy 1,25 mlrd dollar
27.04.2025 12:29
10k+

Teylor Swift iň ýaş zenan milliarder adyny asly hytaýly gyza berdi: onuň baýlygy 1,25 mlrd dollar

Asly hytaýly Lýusi Go dünýäniň iň ýaş zenan milliarderleriniň sanawynda Teýlor Swifti yzda galdyrdy. «Forbes-iň» hasaplamasyna görä, Lýusi Gonuň baýlygy 1,25 milliard dollara barabar. Lýusi Go kollejini taşlap, 21 ýaşynda emeli aň tehnologiýasyny işläp düzýän Scale AI kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri boldy
TSMC ilkinji 1,4-nm çipleriň çykjak wagtyny mälim etdi
27.04.2025 12:26
1.9k+

TSMC ilkinji 1,4-nm çipleriň çykjak wagtyny mälim etdi

Demirgazyk Amerikada geçirilen tehnologik simpoziumyň dowamynda, TSMC taýwan kompaniýasy täze 1,4-nm tehnologiýasyny – Gate-All-Around (GAA) ikinji nesil tranzistorlara esaslanýan A14 tehprosessini hödürledi. 2
Antonio Banderas baş aşpez we teleýaýlym alyp baryjysy Entoni Burden hakdaky baýopikde oýnar
27.04.2025 12:06
3.6k+

Antonio Banderas baş aşpez we teleýaýlym alyp baryjysy Entoni Burden hakdaky baýopikde oýnar

Antonio Banderas meşhur amerikan aşpezi, teleýaýlymyň alyp baryjysy we syýahatçy Entoni Burden hakdaky “Toni” terjimehal filminde oýnamak üçin keşp aldy. Bu barada Variety habar berýär. Filmdäki baş keşbi "Galdyrylanlar" teleserialyndaky keşbi bilen tanalýan Dominik Sessa ýerine ýetirer
Pariždäki Luksor obeliskinden ýedi sany gizlin hat tapyldy
27.04.2025 12:04
6.1k+

Pariždäki Luksor obeliskinden ýedi sany gizlin hat tapyldy

Sorbonna uniwersitetiniň müsüri öwreniji alymy Žan-Giýom Olett-Pelletýe Pariždäki Luksor obeliskinden ýedi sany gizlin haty tapdy. Bu barada Daily Mail gazeti habar berdi. Obelisk, takmynan, b.e. öňki 1250-nji ýylda faraon Ramses II-niň döwründe gurlupdyr
Kann film festiwalynyň maksatnamasyna “Alagaraňkylygyň” ýyldyzynyň ilkinji režissýorlyk işi goşuldy
27.04.2025 11:56
1.5k+

Kann film festiwalynyň maksatnamasyna “Alagaraňkylygyň” ýyldyzynyň ilkinji režissýorlyk işi goşuldy

2025-nji ýyldaky Kann film festiwalynyň guramaçylary maksatnama birnäçe täze filmi, şol sanda “Alagaraňkylyk” (“Сумерек”) wampir sagasynda ýerine ýetiren keşpleri bilen tanalýan aktrisa Kristen Stýuartyň ilkinji režissýorlyk çykyşyny goşdy
Resident Evil 4-üň täzeden işlenen wersiýasynyň satuwy 10 milliondan geçdi
26.04.2025 18:20
4.8k+

Resident Evil 4-üň täzeden işlenen wersiýasynyň satuwy 10 milliondan geçdi

Capcom kompaniýasy Resident Evil 4-üň täzeden işlenen görnüşiniň (remeýkiniň) 10 milliondan gowrak nusgada satylandygyny habar berdi. Kompaniýa bu oýnuň franşizanyň iň çalt satylan oýny bolmagynda galýandygyny hem ýatlatdy
Android 16 täzelenmesini aljak Xiaomi, Redmi we POCO enjamlaryň sanawy
26.04.2025 18:18
4.6k+

Android 16 täzelenmesini aljak Xiaomi, Redmi we POCO enjamlaryň sanawy

Android 16 esasynda işlenip düzülen HyperOS 3 interfeýsi 2025-nji ýylyň iýul aýynda çykarylar. Ol täze aýratynlyklary, öndürijilik boýunça kämilleşdirmeleri hem-de täzeden işlenip taýýarlanan interfeýsi üpjün eder
“Günlerde bir gün... Golliwuddanyň” dowamy baradaky maglumatlar aýan edildi
26.04.2025 16:57
7.2k+

“Günlerde bir gün... Golliwuddanyň” dowamy baradaky maglumatlar aýan edildi

Kwentin Tarantinonyň “Günlerde bir gün... Golliwudda” filminiň dowamynyň jikme-jiklikleri belli boldy. Täze taslama Kliff Buta bagyşlanar. Bu gahrymanyň keşbini birinji filmde Bred Pitt ýerine ýetiripdi. Film baradaky maglumaty Deadline neşiriniň žurnalisti aýan etdi
Diňe Ýaponiýanyň özünde täze Nintendo Switch 2 üçin 2,2 mln öňünden sargyt berildi
26.04.2025 13:38
5.4k+

Diňe Ýaponiýanyň özünde täze Nintendo Switch 2 üçin 2,2 mln öňünden sargyt berildi

Nintendo ýapon kompaniýasy 23-nji aprelde beren beýannamasynda täze çykjak Switch 2 oýun konsoly üçin garaşylmadyk derejede köp mukdarda deslapky sargyt alandygyny mälim etdi. Bu barada «Reuters» neşiri habar berýär
«Uensdeý» serialynyň ikinji möwsüminiň treýleri çykdy
26.04.2025 13:35
4.7k+

«Uensdeý» serialynyň ikinji möwsüminiň treýleri çykdy

Netflix «Uensdeý» serialynyň ikinji möwsüminiň resmi tizer-treýlerini çykardy. Baş keşbi Jenna Ortega tarapyndan ýerine ýetirilýän serial şu tomus gaýdyp geler. Bölümleriň bir bölegi 6-njy awgustda, galany bolsa 3-nji sentýabrda görkezilip başlanar
YouTube-yň täze dizaýny ulanyjylaryň göwnüne ýaramady
26.04.2025 13:16
4.6k+

YouTube-yň täze dizaýny ulanyjylaryň göwnüne ýaramady

Ýüklenen ilkinji wideonyň 20 ýyllygy mynasybetli, YouTube platformasy özüne degişli pleýeriň web-wersiýasynyň interfeýsini täzelemäge karar beripdir. Käbir ulanyjylar üýtgedilen dizaýny synag tertibinde eýýämden synap gördüler
Redmi Turbo 4 Pro tanyşdyryldy: 255 dollara nähili telefon alyp bolýar
26.04.2025 13:10
9.9k+

Redmi Turbo 4 Pro tanyşdyryldy: 255 dollara nähili telefon alyp bolýar

Xiaomi kompaniýasy resmi taýdan Redmi Turbo 4 Pro smartfonyny tanyşdyrdy. Ol subflagmanlar üçin niýetlenen Snapdragon 8s Gen4 prosessory bilen enjamlaşdyrylan ilkinji model hökmünde çykyş edýär. Smartfon 6,83 dýuýmlyk IPS ekran bilen üpjün edilen, onuň durulygy 1,5K, täzeleniş ýygylygy 120 Gs, iň ýokary ýagtylygy bolsa 3200 nit
Amazon-yň hemra internetiniň geljegi sorag astynda: Starlink-iň bäsdeşi taslamasyna ýetişenok
26.04.2025 13:06
2.6k+

Amazon-yň hemra internetiniň geljegi sorag astynda: Starlink-iň bäsdeşi taslamasyna ýetişenok

Amazon kompaniýasynyň emeli hemra arkaly internet ulgamyny döretmek ugrunda işe girizen iri taslamasy bolan Project Kuiper agyr kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Içerki çeşmeleriň berýän maglumatlaryna görä, kompaniýa 2026-njy ýylyň tomsuna çenli uçurylmaly 1600 hemranyň bary-ýogy onlarçasyny öndüripdir
Altynhan ikinji gezek konkur bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
26.04.2025 11:45
6.9k+

Altynhan ikinji gezek konkur bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

25-nji aprelde Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ýapyk manežinde atly sportuň päsgelçiliklerden bökmek — konkur görnüşi boýunça bäsleşikler geçirildi. Bäsleşigi «Türkmen atlary» döwlet birleşigi gurady
Baýramçylyk atçapyşyklarynda baş baýragy halypa çapyksuwar Gaýgysyz Handurdyýew aldy
26.04.2025 11:29
23k+

Baýramçylyk atçapyşyklarynda baş baýragy halypa çapyksuwar Gaýgysyz Handurdyýew aldy

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Mary welaýat atçylyk sport toplumynda ýurdumyzyň ýetginjek we uly ýaşly çapyksuwarlarynyň hem-de halypa çapyksuwarlaryň arasynda baýramçylyk at çapyşyklary geçirildi
Instagram CapCut-yň stilinde Edits wideoredaktoryny çykardy
26.04.2025 09:18
4.5k+

Instagram CapCut-yň stilinde Edits wideoredaktoryny çykardy

Instagram täze Edits wideoredaktoryny hödürledi. Programma eýýäm ýükläp almak üçin Android-de we iOS-da elýeterli. Bu TikTok işläp düzüjileriniň CapCut programmasy ýaly aýratyn programmadyr. Edits wideolary döretmek we redaktirlemek üçin onlarça gurallary hödürleýär
Taryhda ilkinji gezek Aýyň arka tarapyndan getirilen toprak köpçülige görkezildi
25.04.2025 22:12
5.9k+

Taryhda ilkinji gezek Aýyň arka tarapyndan getirilen toprak köpçülige görkezildi

2025-nji ýylyň 24-nji aprelinde Hytaý Milli kosmonawtika gününi belledi. 55 ýyl mundan ozal bu günde ilkinji hemra “Dunfan Hun-1” uçurylypdy. Bu waka mynasybetli ýurt ilkinji gezek Aýyň arka tarapyndan “Çane-6” missiýasy tarapyndan ýygnalyp getirilen toprak nusgalaryny köpçülige hödürledi
2026-njy ýylyň “Altyn globus” dabarasynyň geçiriljek senesi yglan edildi
25.04.2025 21:58
2k+

2026-njy ýylyň “Altyn globus” dabarasynyň geçiriljek senesi yglan edildi

CBS ýaýlymy 83-nji “Altyn globus” baýragynyň gowşurylyş dabarasynyň geçiriljek senesini yglan etdi. Ol 2026-njy ýylyň 12-nji ýanwaryna geçilýän gije bolar diýip, Deadline habar berýär. Baýrak üçin dalaşgärleriň sanawy 8-nji dekabrda yglan ediler
Google Gemini emeli aň ýaryşynda yza galdy – ulanyjylar ChatGPT bilen Meta AI-ny ileri tutýarlar
25.04.2025 16:24
2.9k+

Google Gemini emeli aň ýaryşynda yza galdy – ulanyjylar ChatGPT bilen Meta AI-ny ileri tutýarlar

Google-yň Gemini atly emeli aňyny aýda, takmynan, 350 million adam ulanýar, bu bolsa ChatGPT we Meta AI bilen deňeşdirilende ep-esli azdyr. Bu sanlar golaýda Google bilen baglanyşykly geçirilen kazyýet diňlenişiginde ýüze çykaryldy diýip, «The Information» neşiri habar berýär
ABŞ aşgazanasty mäziň düwnük keselini anyklamak üçin Alibaba-nyň emeli aň guralyny tassyklady
25.04.2025 16:17
3.6k+

ABŞ aşgazanasty mäziň düwnük keselini anyklamak üçin Alibaba-nyň emeli aň guralyny tassyklady

Amerikanyň Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň hiline gözegçilik edarasy (FDA) Alibaba Damo Panda EA ulgamyna “öňegidişlik gazanan enjam” derejesini berdi. Ol aşgazanasty mäziň düwnük keselini irki tapgyrda anyklamak üçin niýetlenýär
ABŞ-daky uniwersitetiň gadymy binasynyň diwarlarynda XIX asyryň söýgi hatlary tapyldy
25.04.2025 16:15
5.5k+

ABŞ-daky uniwersitetiň gadymy binasynyň diwarlarynda XIX asyryň söýgi hatlary tapyldy

ABŞ-da Günorta Men uniwersitetiniň kampusynyň durkuny täzelemek işleriniň dowamynda XIX asyrda ýetginjekler tarapyndan ýazylyp, gizlenen söýgi hatlary tapyldy. Bu barada People neşiri habar berýär. Hatlar 1806-njy ýylda gurlan Akademiýanyň binasynda tapyldy
2025-nji ýylyň başyndaky iň meşhur kompýuter brendleri atlandyryldy
25.04.2025 16:10
2.2k+

2025-nji ýylyň başyndaky iň meşhur kompýuter brendleri atlandyryldy

Counterpoint Research analitika agentligi 2025-nji ýylyň birinji çärýeginiň netijeleri boýunça kompýuterleriň ibermeleriniň möçberi baradaky statistikasyny täzeledi. Ibermeleriniň artyşy boýunça lider garaşylmadyk ýagdaýda Apple boldy, ýöne bu hem oňa reýtingde birinji orny eýelemäge ýardam bermedi
“Minecraft kinoda” filminiň üstünligi Paramount-y täze oýun filmlerini döretmäge ruhlandyrdy
25.04.2025 15:08
2.3k+

“Minecraft kinoda” filminiň üstünligi Paramount-y täze oýun filmlerini döretmäge ruhlandyrdy

Paramount Pictures “Sonik kinoda” älemini ösdürmegi meýilleşdirýär. Kinokompaniýa franşizanyň beýleki personažlary, şol sanda Şadou barada aýratyn filmleri çykarar. Şeýle çözgüt wideooýunlar boýunça düşürilen filmleriň girdeji üstünlikleri bilen baglanyşyklydyr
Xiaomi 24 dollardan Redmi Watch Move akylly sagadyny tanyşdyrdy
25.04.2025 14:41
2.3k+

Xiaomi 24 dollardan Redmi Watch Move akylly sagadyny tanyşdyrdy

Xiaomi kompaniýasy täze arzan bahaly Redmi Watch Move akylly sagadyny tanyşdyrdy. Enjam 1,85 dýuýmlyk AMOLED displeý bilen enjamlaşdyrylyp, onuň çözgüdi 390×450 piksel, ýagtylygy bolsa 600 nite çenli ýetýär. Ekrany Always-On Display funksiýasyny goldaýar
“Oskar” emeli aňyň kinoda ulanylmagyna rugsat berdi. Ýöne adamyň goşandyna aýratyn üns berler
25.04.2025 11:49
2.6k+

“Oskar” emeli aňyň kinoda ulanylmagyna rugsat berdi. Ýöne adamyň goşandyna aýratyn üns berler

Amerikan kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy ilkinji gezek emeli aňy “Oskar” baýragyna filmleri saýlamagyň düzgünlerinde agzap geçdi. Täze düzgünlere laýyklykda, emeli aňyň ulanylmagy nominasiýa üçin böwet bolmaz, ýöne eminler adamyň filmi döretmäge goşan goşandynyň näderejede ähmiýetlidigine baha berer diýip, The Verge habar berýär
Netflix Jorj Oruelliň “Malsaraýy” esasynda multfilm çykarar
25.04.2025 10:45
1.4k+

Netflix Jorj Oruelliň “Malsaraýy” esasynda multfilm çykarar

Jorj Oruelliň Endi Serkisiň režissýorlyk etmeginde ekranlaşdyrylýan “Malsaraý” animasiýasy 2025-nji ýylyň ahyryna çenli Netflix-de çykar. IndieWire neşiriniň berýän habaryna görä, Set Rogen, Kiran Kalkin, Wudi
Iordaniýada faraon Ramses III-niň ýazgysy tapyldy
24.04.2025 18:04
7.9k+

Iordaniýada faraon Ramses III-niň ýazgysy tapyldy

Iordaniýanyň günortasyndaky Wadi-Ram goraghanasynda gadymy Müsür faraony Ramses III-niň iki kartuşly ieroglif ýazgysy tapyldy. Bu barada ýurduň syýahatçylyk we gadymy ýadygärlikler ministri Lina Annab habar berdi
Duolingo-da küşt boýunça okuw sapaklary peýda bolar
24.04.2025 17:52
3.5k+

Duolingo-da küşt boýunça okuw sapaklary peýda bolar

Dil öwretmek boýunça okuw sapaklary bilen tanalýan Duolingo programmasy täze okuw ugruny – küşti goşar. Ol ýaňy başlan küştçülere niýetlenip, oýnuň esasy düzgünlerini öwredýär. Ilkibaşda okuwlar iňlis dilli iOS ulanyjylary üçin elýeterli bolar diýip, The Verge we CNET ýazýar
Google Photos-da suratyň hilini Ultra HDR-e çenli ýokarlandyrmak funksiýasy peýda boldy
23.04.2025 23:36
2.5k+

Google Photos-da suratyň hilini Ultra HDR-e çenli ýokarlandyrmak funksiýasy peýda boldy

Google Photos surata düşüreniňden soň adaty suratlary Ultra HDR formatyna çenli kämilleşdirýän täze funksiýany işe girizdi. Bu funksiýa ýagtylygy we reňkleriň doýgunlygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Funksiýa 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda peýda boldy, ýöne häzire çenli işjeňleşdirilmedi
Günorta Koreýada täsin elektrowelosiped - Kosmos F5 tanyşdyryldy
23.04.2025 16:32
14k+

Günorta Koreýada täsin elektrowelosiped - Kosmos F5 tanyşdyryldy

Günorta Koreýaly Kosmos startapy öňdäki tigiri spitsasyz bolan F5 model elektrowelosipedini hödürledi. Elektrowelosipediň agramy 22 kilogram, ony bary-ýogy 10 sekundyň dowamynda aňsatlyk bilen ikä epläp, ýygnap bolýar
Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli atlaryň marafon bäsleşigi guraldy
23.04.2025 15:36
6.8k+

Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli atlaryň marafon bäsleşigi guraldy

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde atlaryň uzak aralyga ýöriş — marafon bäsleşigi guraldy. “Türkmenistan” gazetinde habar berlişi ýaly, bäsleşik iki tapgyrda geçirildi
2026-njy ýylyň “Oskar” baýragynyň gowşurylyş senesi belli boldy
23.04.2025 14:53
5.8k+

2026-njy ýylyň “Oskar” baýragynyň gowşurylyş senesi belli boldy

Amerikan kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy indiki “Oskar” baýragynyň gowşurylyş senesini yglan etdi. Ol 2026-njy ýylyň 15-nji martynda geçiriler. “Öz senenamaňyza belläň! 98-nji “Oskar” baýragynyň gowşurylyş dabarasy 2026-njy ýylyň 15-nji martynda, ýekşenbe güni geçer
“Günäliler” horrorynyň režissýory “Gizlin materiallar” teleserialynyň gorkuly wersiýasyny düşürer
23.04.2025 14:48
2.7k+

“Günäliler” horrorynyň režissýory “Gizlin materiallar” teleserialynyň gorkuly wersiýasyny düşürer

Geçen hepde “Günäliler” (Грешники) horroryny çykaran režissýor Raýan Kugler indiki taslamasy barada gürrüň berdi. Ol nusgawy “Gizlin materiallar” (Секретные материалы) serialyny gaýtadan düşürmegi meýilleşdirýär diýip, Deadline habar berýär
Şu gün YouTube-a ilkinji wideo ýüklenenine 20 ýyl doldy. Wideo näme barada?
23.04.2025 14:31
11k+

Şu gün YouTube-a ilkinji wideo ýüklenenine 20 ýyl doldy. Wideo näme barada?

Şu gün YouTube-da ilkinji wideonyň neşir edilenine doly 20 ýyl bolýar – 2005-nji ýylyň 23-nji aprelinde platformada «Me at the zoo» (Men haýwanat bagynda) atly 18 sekuntlyk wideo peýda bolupdy. Dünýäniň iň uly wideo platformasynyň başyny başlan ýazgy şol wideo bolupdy
Arheologlar Kairiň golaýynda faraonyň oglunyň mazaryny tapdylar
23.04.2025 14:18
7k+

Arheologlar Kairiň golaýynda faraonyň oglunyň mazaryny tapdylar

Arheologlar Kairiň golaýyndaky Sakkara nekropolunda Gadymy Müsüriň V nesilşalygynyň düýbüni tutan faraon Userkafyň ogly şazada Waser-if-reniň guburyny tapdylar. Bu barada Müsüriň Syýahatçylyk we gadymyýet ministrligi habar berdi
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.