Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Medeniýet we jemgyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Medeniýet we jemgyýet
25.12.2025 13:26
4.1k+
Taryhçylar 1000 ýyllyk Baýýo gobeleniniň gelip çykyşynyň syryny açdylar
Meşhur 70 metrlik Baýýo gobeleni (Bayeux Tapestry) Kentdäki Mukaddes Awgustin abbatlygynda monahlaryň naharlanýan ýerinde diwar bezegi hökmünde ulanylan bolup biler. Bristol uniwersitetiniň taryhçysy Benjamin Pol şeýle netijä geldi, onuň ylmy işi Historical Research žurnalynda çap edildi
25.12.2025 13:08
905
Disney Ridli Skottyň «Köpek ýyldyzlar toplumynyň» premýerasyny tomsuň ahyryna geçirdi
Walt Disney Pictures studiýasy 2026-2027-nji ýyllar üçin relizleriň senenamasyna gaýtadan seredip, birnäçe uly taslamalaryň çykjak senelerini üýtgetdi diýip, The Hollywood Reporter ýazýar. Täze tertip boýunça, Ridli Skottyň «Köpek ýyldyzlar toplumy» (Созвездие Пса) atly ylmy-fantastik filmi ABŞ-da, ozal meýilleşdirilişi ýaly, 27-nji martda däl-de, 28-nji awgustda çykar
25.12.2025 12:10
1.5k+
Apple täze MacBook Pro M5-de batareýany çalşyrmagy aňsatlaşdyrdy
Apple kompaniýasy öz enjamlarynyň abatlanmaga bolan ukybyny (repairability) ýokarlandyrmagyny dowam etdirýär. M5 kristaldaky ulgamyna (SoC) esaslanýan täze MacBook Pro modelinde akkumulýatory çalşyrmak prosesi ep-esli ýönekeýleşdirildi
25.12.2025 12:06
1.6k+
Instagram uly ekranlara çykar: Onuň telewizorlar üçin niýetlenen görnüşi taýýarlanýar
Meta kompaniýasy kese ekranly telewizorlarda mazmunlary görmek üçin niýetlenen Instagram for TV programmasyny işe girizýär. Sosial ulgamyň täze görnüşi uly ekranlara uýgunlaşdyryldy we ol, esasan, wideo mazmunlary görmäge gönükdirilendir
25.12.2025 11:40
2k+
Hakerler Spotify-yň 86 mln aýdymyna elýeterli boldy we olary torrent arkaly ýaýradar
Hakerler topary Spotify-yň fonotekasyny döwüp, millionlarça audio faýllara elýeterli boldy diýip, Billboard habar berýär. Hakerler Annaʼs Archive blogunda özleriniň 86 million aýdymy we 256 million setir meta-maglumaty ýükläp alandygyny aýtdy
25.12.2025 11:00
3.5k+
«Kesgir gaşlar: Ölmez adam» doly metražly filminiň tizeri çykdy
Netflix «Kesgir gaşlar: Ölmez adam» («Острые козырьки: Бессмертный человек») doly metražly filminiň ilkinji tizerini hödürledi. Ol adybir serialyň dowamy bolar. Platformada filmiň global premýerasy 2026-njy ýylyň 20-nji martyna meýilleşdirilýär, ýöne relizden birnäçe gün öň ABŞ-da çäkli kinoteatr prokaty başlar
25.12.2025 10:54
3.8k+
Marvel «Ar alyjylar: Kyýamat güni» filminiň ilkinji tizerini çykardy
Internetde «Ar alyjylar: Kyýamat güni» (Мстители: Судный день) filminiň ilkinji tizeri peýda boldy. Film 2026-njy ýylyň 18-nji dekabrynda daşary ýurt prokatyna çykar. Wideo 90 sekunt töweregi dowam edýär. Onda «Ar alyjylar: Final» filminiň wakalaryndan soň Stiw Rojers/Kapitan Amerika başga wagt çyzygynda görkezilýär
24.12.2025 15:08
7.9k+
Kristofer Nolanyň «Odisseýa» filminiň ilkinji treýleri çykdy
Universal Pictures kinokompaniýasy režissýor Kristofer Nolanyň «Odisseýa» epiki filminiň ilkinji treýlerini hödürledi. Filmiň global premýerasy 2026-njy ýylyň 17-nji iýulyna meýilleşdirilýär. Film gadymy grek şahyry Gomeriň adybir poemasyna esaslanýar we Itakanyň şasy Odisseýiň syýahatyny gürrüň berýär
24.12.2025 14:00
5.8k+
Bretan kenarýakalarynda deňziň aşagyndan 7000 ýyllyk daş diwar tapyldy
Fransiýanyň deňiz arheologlary Bretan kenarýakalarynda dokuz metr çuňlukda biziň eramyzdan öňki 5000-nji ýyllarda gurlan daş diwary tapdylar diýip, BBC habar berýär. Uzynlygy 120 metr, beýikligi bolsa takmynan 2 metr bolan bu desga Sen adasynyň golaýynda ýerleşýär
24.12.2025 13:53
5.6k+
Türkmenistanyň Döwlet sirki Täze ýyl mynasybetli çykyşlaryny her gün gurnap başlady
Türkmenistanyň Döwlet sirki Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli «Ganatly bedewler» atly täze sahnalaşdyrlan sirk çykyşyny hödürleýär. Çykyşlaryň dowamynda türkmeniň milli sirk sungatyny dünýä ýaýan, “Galkynyş” milli
24.12.2025 10:53
3.4k+
Aşgabatda “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik gurmasynyň we BMGÖM-niň guramagynda klimat dialogy geçirildi
22-nji dekabrda Aşgabatda «Inklýuziw geljek: Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşantlarynyň (MDKG 3.0) taýýarlanylmagyna jemgyýetçiligiň we aýallaryň gatnaşmagynyň meýilnamasyny işläp düzmek» atly klimat dialogy geçirildi
24.12.2025 10:18
1.8k+
Samsung Apple-iňki ýaly 4:3 ekran formatly eplenýän "Wide Fold" telefonyny taýýarlaýar
Samsung Electronics kompaniýasy eplenýän smartfonlar ugruny ösdürmegini dowam etdirýär we täze modeli — Galaxy Wide Fold-y taýýarlaýar. ETNews neşiriniň habar bermegine görä, bu enjam ilkinji eplenýän iPhone-a jogap hökmünde taýýarlanyp, oňa meňzeş ölçeglere we ekran gatnaşygyna eýe bolmaly
24.12.2025 10:10
3.4k+
Londonda Benksiniň stilinde çagalary suratlandyrýan iki meňzeş graffiti peýda boldy
Londonda üç gün aratapawut bilen britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň stilinde ýerine ýetirilen iki graffiti peýda boldy. Bu barada BBC News habar berýär. Diwar suratlarynyň ikisinde-de ýerde ýatan iki çaga suratlandyrylýar
23.12.2025 18:19
4.8k+
MGM+ "Ajaýyp ýedilik" nusgawy western filminiň sekiz bölümden ybarat remeýkini çykarar
MGM+ striming hyzmaty 1960-njy ýyllaryň “Ajaýyp ýediligiň” (“Великолепная семерка”) nusgawy western filminiň sekiz bölümden ybarat remeýkini çykarar diýip, The Hollywood Reporter neşiri habar berýär. Taslamany "Gahrymanlar" (Heroes) serialynyň döredijisi Tim Kring işläp düzer; ol ssenarini ýazar we ýerine ýetiriji prodýuser bolar
23.12.2025 13:13
3.8k+
Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitaby azerbaýjan dilinde neşir edildi
22-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy
22.12.2025 21:07
19k+
Görnükli türkmen ýazyjysy Atajan Tagan 85 ýaşynda aradan çykdy
21-nji dekabrda häzirki zaman türkmen edebiýatynyň nusgawy ýazyjysy Atajan Tagan 85 ýaşynyň içinde dünýäsini täzeledi. Bu barada meşhur ýazyjynyň ýakynlary habar berdiler. Atajan Tagan 1940-njy ýylyň 15-nji maýynda Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň Gojuk obasynda dünýä indi
22.12.2025 16:40
4.9k+
Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky wekilhanasy Täze ýyl kitap sergisini geçirdi
20-nji dekabrda Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasy her ýylky Täze ýyl kitap sergisini geçirdi. Sergi eýýäm üçünji ýyl yzygiderli guraldy. Çäre Wekilhananyň meýdançasynda geçirildi we ýerli jemgyýeti kitap, medeniýet, ekologiýa aňy we baýramçylyk ruhy bilen gurşap aldy
22.12.2025 16:30
5.6k+
«Haýwanlar şäheri 2» ýylyň iň girdejili golliwud relizi boldy
«Haýwanlar şäheri 2» (Зверополис 2) ýylyň iň girdejili golliwud filmi boldy. Disney-iň animasion filminiň dünýädäki kassa ýygymy 150 mln dollar önümçilik býujetinde 1,13 mlrd dollara ýetdi. Ol şeýle netijäni prokata başlandan soň bary-ýogy üç hepdäniň dowamynda gazandy
22.12.2025 16:28
3.8k+
«Awatar: Ot we kül» filminiň ilkinji uikendde global kassa ýygymy 345 mln dollara ýetdi
Ilkinji uikendiň jemi boýunça «Awatar 3: Ot we kül» filmi amerikan prokatynda 88 mln dollar gazandy, global kassa ýygymy bolsa 345 mln dollara ýetdi. Film ABŞ-da bu görkeziji boýunça öňdebaryjy boldy, ýöne prokata 2022-nji ýylda ilkinji dynç günleri içerki prokatda 134 mln dollar we dünýäde 435 mln dollar ýygnan franşizanyň ikinji bölüminden gowşak başlady diýip, Variety habar berýär
22.12.2025 15:49
1.4k+
Disney “Gözel we nägehan” ertekisinden täze film döredýär
Disney kompaniýasy “Gözel we nägehan” äleminde bolup geçýän täze doly metražly filminiň üstünde işläp başlady. Bu gezek filmiň baş gahrymany studiýanyň iň meşhur zalymlarynyň biri — öwünjeň Gaston bolar. Bu barada Variety neşiri habar berýär
22.12.2025 15:22
5.4k+
Atakama çölünde öň mälim bolmadyk öý haýwanynyň galyndylary tapyldy
Çiliniň günortasyndaky Atakama çölünde alymlar gadymy indeýler tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen, öň mälim bolmadyk öý haýwanynyň galyndylaryny tapdylar. Geçirilen barlaglar bu haýwanlaryň lamalaryň we alpakalaryň ýakyn garyndaşydygyny, ýöne häzirki wagtda nesli kesilen düýegiller (camelids) maşgalasynyň aýratyn bir görnüşine degişlidigini görkezdi
22.12.2025 15:14
2.7k+
Gemini Google-yň emeli aňda ýasalan mazmunyny tanamagy öwrendi
Google öz Gemini çat-botuna kompaniýanyň EA modelleri tarapyndan döredilen kontenti tanamak funksiýasyny goşdy. Munuň üçin ýörite sanly bellik ulanylýar. Ulanyjy Gemini çat-botuna surat ýa-da wideo iberip, olaryň emeli aň tarapyndan döredilendigini ýa-da ýokdugyny sorap biler
22.12.2025 12:11
5.2k+
Belgiýadaky muzeýden Napoleonyň bäş göwherli ýüzügi ýitdi
Belgiýanyň Ženap kommunasyndaky «Napoleonyň soňky ştab-kwartirasyndan» Napoleon Bonaparta degişli bolan bäş göwherli altyn ýüzük ogurlandy. Ogurlyk barada Belgiýanyň RTBF teleradioýaýlymy habar berdi. KHBS-iň maglumatlaryna görä, jenaýat 18-nji dekabra geçilýän gije boldy
21.12.2025 23:46
6.1k+
«Magtymguly Pyragy» «Oltin Humo – 2025» atly milli kinobaýragynda iň gowy film hökmünde yglan edildi
Türkmen we özbek kinematografiýaçylarynyň bilelikdäki düşüren «Magtymguly Pyragy» atly çeper filmi Özbegistanda geçirilen «Живая история» («Janly taryh») atly halkara kinoforumynda «Iň oňat film» diýen ýokary baha mynasyp boldy
21.12.2025 20:11
2.7k+
Beýik Britaniýa iOS we Android ulgamlaryna ulanyjynyň ýaşyny barlaýan funksiýany ornaşdyrmagy teklip edýär
Beýik Britaniýanyň häkimiýetleri tehnologiýa kompaniýalaryna ýüzlenip, iOS we Android ýaly mobil operasion ulgamlaryna has şahsy mazmunly suratlary awtomatik bloklaýan algoritmleri başlangyç sazlamalar hökmünde ornaşdyrmagy teklip etdiler
21.12.2025 19:15
6.8k+
Mançesterdäki mekdep okuwçylara welosiped we telewizor paýlap, okuwdan galmalara garşy göreşýär
Beýik Britaniýanyň Mançester şäherindäki Co-op Belle Vue Academy orta mekdebi okuwa gatnaşygy ýokarlandyrmak üçin adatdan daşary usuly ulandy: Mirror gazetiniň habar bermegine görä, okuwçylary höweslendirmek üçin olara mugt telewizorlar we welosipedler berlip başlandy
21.12.2025 15:28
4.4k+
Hýu Jekman täze komediýada goýunlara detektiw okap berýär: "Goýun detektiwler" filminiň treýleri çykdy
Amazon MGM Studios özüniň YouTube kanalynda "The Sheep Detectives" (Goýun detektiwleri) atly komediýa filminiň ilkinji treýlerini köpçülige hödürledi. Kinokartinanyň dünýä premýerasyna 2026-njy ýylyň maý aýynda garaşylýar
21.12.2025 14:42
10k+
Italýan Alplarynda fotosuratçy tötänleýin müňlerçe dinozawr yzlaryna duşdy
Italiýanyň milli seýilgähinde bäş kilometrlik ýerde 20 müň töweregi dinozawr yzy tapyldy. Ozal bu ýerde şeýle tapyndy bolmandy diýip, NBC News ýazýar. Bu ýeri tötänleýin ýabany tebigaty düşürýän fotosuratçy Della Ferrera tapdy
21.12.2025 13:28
2.5k+
“Wonka” we “Paddington” filmleriniň režissýory Labubu barada film döreder
Britaniýaly režissýor Pol King (“Paddingtonyň başdan geçirenleri”, “Wonka”) meşhur gahryman Labubu baradaky filmiň režissýory bolar. The Hollywood Reporter neşiriniň habar bermegine görä, bu taslamanyň üstünde Sony kinokompaniýasy işleýär
21.12.2025 12:30
6.3k+
Nýurnbergiň ýaşaýjysy 11 müň garly şardan ybarat kolleksiýany ýygnap, Ginnesiň kitabyna girdi
Germaniýanyň Nýurnberg şäherinden Ýozef Kardinal 11 müň garly şardan ybarat kolleksiýanyň eýesi hökmünde resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Tutuş kolleksiýa rekord eýesiniň öýündäki tekjelerde we witrinalarda ýerleşýär
20.12.2025 22:16
4.6k+
«Awatar 3: Ot we kül» filminiň dünýä derejesinde görkezilişi boldy
Jeýms Kemeronyň «Awatar: Ot we kül» filminiň global premýerasy boldy. Film 18-nji dekabrda Ýewropanyň we GDA-nyň köp ýurtlarynda, şeýle-de Hytaý, Beýik Britaniýa, Ýaponiýa, Ispaniýa, Hindistan, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa we Koreýa ýaly esasy bazarlarda prokata çykdy
20.12.2025 19:43
2.8k+
Hogwarts Legacy oýnunyň 40 million nusgasy satyldy
"Garri Potter" älemine esaslanýan "Hogwarts Legacy" oýnunyň işläp düzüjileri onuň satuwynyň 40 million nusga ýetendigini yglan etdiler. Taslama bu sepgide 2023-nji ýylyň fewralynda satuwa çykarylandan soň, tas üç ýyla golaý wagtyň içinde ýetdi
20.12.2025 19:38
14k+
Pekiniň muzeýinde çaga tötänden 320 müň dollarlyk eksponaty döwdi
Pekindäki "X Muzeýinde" bir çaga tötänden bahasy 320 000 dollardan gowrak bolan altyn täje zeper ýetirdi. "Need to Know" neşiriniň habar bermegine görä, waka oglan aýna witrina degenden soň ol gaçyp, içindäki täç döwlüpdir
20.12.2025 19:19
2.5k+
Samsung Oura bilen patent dawasy sebäpli Galaxy Ring 2 akylly ýüzügini çykarmagy yza süýşürdi
Samsung kompaniýasy Galaxy Ring 2 akylly ýüzüginiň önümçiligini yza süýşürmek kararyna geldi. "Dealsite" neşiriniň habaryna görä, akylly ýüzük bazarynda liderleriň biri bolan "Oura" kompaniýasy bilen dowam edýän patent dawasy Samsung-da ikirjiňlenmeleriň döremegine sebäp boldy
20.12.2025 17:27
2.5k+
Prime Video Gaý Riçiniň «Ýaş Şerlok» serialynyň tizer-treýlerini görkezdi
Prime Video režissýor Gaý Riçiniň «Ýaş Şerlok» serialynyň ilkinji tizer-treýlerini hödürledi. Şeýle-de, striming taslamanyň sekiz bölüminiň ählisiniň 4-nji martda elýeterli boljakdygyny habar berdi. Sýužet 1870-nji ýyllarda Oksfordda ýaýbaňlanýar we Şerlok Holmsyň durmuşynyň irki ýyllaryna bagyşlanýar
20.12.2025 16:49
2.7k+
Tom Kruz «Diri galan» filminiň režissýorynyň täze taslamasyna gatnaşdy
Warner Bros. we Legendary Entertainment studiýalary baş keşbi Tom Kruzyň ýerine ýetirmeginde «Digger» («Gazyjy») filminiň ilkinji tizerini we posterini hödürledi. Filmiň režissýory bolup Alehandro Gonsales Inýarritu çykyş etdi diýip, Variety habar berýär
19.12.2025 15:51
2.1k+
ChatGPT-niň içinde programmalar dükany peýda boldy
OpenAI kompaniýasy gönüden-göni ChatGPT çat-botunyň interfeýsine girizilen programmalaryň katalogyny hödürledi. Täze çözgüt ulanyjylara çatdan çykmazdan üçünji tarap hyzmatlaryny birikdirmäge, aýdym-sazy dolandyrmaga ýa-da resminamalar bilen işlemäge mümkinçilik berýär diýip, The Verge ýazýar
19.12.2025 15:41
15k+
Leonardo Di Kaprio «Titanik» filmine hiç haçan tomaşa etmändigini aýtdy
Leonardo Di Kaprio baş keşbinde oýnan «Titanik» filmine hiç haçan tomaşa etmändigini boýun aldy. Bu barada aktýor Variety neşiri üçin söhbetdeşlikde aktrisa Jennifer Lourense aýtdy. Lourens aktýoryň tas otuz ýyl mundan ozal çykan filme gaýtadan tomaşa edýändigi ýa-da ýokdugy bilen gyzyklandy
19.12.2025 15:39
2.2k+
«Biz ýene bärde»: Amazon ABŞ-nyň Birinji hanymy barada dokumental filmiň treýlerini görkezdi
Amazon MGM Studios kinostudiýasy ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň aýaly Melaniýa Trampyň durmuşyna bagyşlanan «Melaniýa» dokumental filminiň ilkinji treýlerini hödürledi. Film onuň adamsynyň resmi Prezident wezipesine girişmek dabarasyndan öň ýigrimi günlük döwri öz içine alýar
19.12.2025 15:28
4.4k+
2029-njy ýyldan başlap «Oskar» baýragynyň gowşurylyş dabarasy YouTube-da ýaýlyma berler
YouTube 2029-njy ýyldan 2033-nji ýyl aralygynda «Oskar» baýraklarynyň gowşurylyş dabarasyny ýaýlyma bermek üçin aýratyn hukuk aldy. Amerikan kinematografiýa sungaty we ylymlar akademiýasy wideohosting bilen şertnama baglaşylandygy barada habar berdi
«
1
…
43
44
45
…
276
»
«
1
…
40
41
42
43
44
45
46
47
48
…
276
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.