Amanmyrat Modyýew Türki dünýäsiniň suratkeşler akademiýasynyň medaly bilen sylaglandy

19.03.2026, 06:593,573
1 / 4

Türkmen suratkeşi Amanmyrat Modyýew Türki dünýäsiniň suratkeşler akademiýasynyň medaly bilen sylaglandy. Dabara Baku şäherinde, TÜRKSOÝ tarapyndan guralan çeperçilik sergisiniň çäginde geçirildi.

Çärä Azerbaýjanyň medeniýet ministriniň orunbasary Murat Guseýnow, TÜRKSOÝ-yň baş sekretary Sultan Raýew we Akademiýanyň prezidenti Sakit Mamedow gatnaşdy. Bu sylag türki halklaryň medeni gymmatlyklaryny wagyz etmäge goşan goşandy üçin berildi.

Amanmyrat Modyýew 1983-nji ýylyň 11-nji noýabrynda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda dünýä indi. Ol häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda okadýar.

Suratkeş 2022-nji ýylda Merkezi Aziýanyň we Gazagystanyň wekilleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijisi, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragynyň eýesi bolupdy.

Sergi 13 — 17-nji mart aralygynda Bakuwdaky Türki dünýäsiniň çeperçilik galereýasynda geçirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.