Saýlanan şäher
26 iýul 2026
Türkmen
Ulgama girmek
Awtoulaglar
Spestehnika
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Ulgama girmek
Baş sahypa
Awtoulaglar
Awtoşaýlar
Beýleki Bildirişler
Biznes Hasaplar
Habarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim
Medeniýet we jemgyýet
Baş sahypa
/
Habarlar
/
Medeniýet we jemgyýet
30.09.2025 10:22
4.3k+
Kofein çylşyrymly meseleleri çözmekde adamlaryň tutanýerliligini ýokarlandyrýar
Täze barlag kofeniň çylşyrymly ýa-da bölekleýin çözmek mümkin bolmadyk meseleleri çözmekde tutanýerliligi ýokarlandyryp biljekdigini görkezdi. Munuň täsiri dartgynly ýagdaýdaky adamlarda has hem göze ilýärdi. Synaglara ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň Amhýorst kollejiniň 329 talyby gatnaşdy
30.09.2025 09:32
2k+
Hytaýda sosial ulgamlarda pessimistik postlary paýlaşmak gadagan edildi
Hytaýyň internet düzgünleşdirijisi sosial ulgamlarda post ýerleşdirmegiň düzgünlerini berkitdi. Indi ulanyjylara nägilelik we iňirdemek ýaly pessimistik kontentleri paýlaşmak gadagan edilýär diýip, Reuters agentligi habar berýär
29.09.2025 19:11
3.2k+
San-Sebastýandaky kinofestiwalyň ýeňijileri yglan edildi
Ispaniýanyň San-Sebastýan şäherinde 73-nji halkara kinofestiwaly tamamlandy. Baş baýragy – “Altyn balykgulagy” ispaniýaly režissýor Alauda Ruis de Asuanyň “Ýekşenbe günleri” (Los domingos) dramasy aldy. Bu barada Deadline neşiri habar berýär
29.09.2025 15:50
14k+
Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty (29.10 - 05.10)
Türkmenistanda şu hepdede howanyň temperaturasynyň kem-kemden peselmegine garaşylýar, käbir ýerlerde bolsa ýagyş ýagmagy mümkin. Gije-gündiziň dowamyndaky howanyň ortaça temperaturasy +35 gradusa çenli aralykda üýtgär
29.09.2025 14:43
8.7k+
«Ofis» teleserialynyň ýyldyzlary «Kim millioner bolmak isleýär?» gepleşiginde 1 mln dollar utdular
Meşhur «Ofis» sitkomynyň aktýorlary Keýt Flenneri we Oskar Nunýes «Kim millioner bolmak isleýär?» amerikan telegepleşiginde baş baýragy, ýagny 1 million dollar gazandylar. Olar bu puly haýyr-sahawat gaznalaryna ugratmagy meýilleşdirýärler
29.09.2025 14:39
3.7k+
Amazon müşderileri aldawa salandygy üçin 2,5 milliard dollar jerime tölemäge borçly edildi
Amerikanyň Federal Söwda Komissiýasy (FTC) Amazon kompaniýasyny müşderileri aldaw bilen Prime abunasyna goşandygy üçin jogapkärçilige çekdi. Netijede kompaniýa 2,5 milliard dollar möçberinde jerime tölär. Şol puluň 1 milliardy ABŞ hökümetine jerime hökmünde, 1,5 milliardy bolsa zyýan çeken müşderilere öwez tölegi hökmünde berler
29.09.2025 13:32
1.6k+
Rosomaha, Bond we sport ulaglarynda wirtual ýaryş: Tokyo Game Show-daky esasy täzelikler
25-nji sentýabrda Ýaponiýada her ýyl geçirilýän "Tokyo Game Show" oýun sergisi badalga aldy. Bu iri çäräniň çäginde Sony we Microsoft öz tanyşdyrylyşlaryny geçirip, entek çykmadyk oýunlaryň treýlerlerini görkezdiler
29.09.2025 12:30
3.9k+
Ýaponiýada mör-möjekleri çekmek üçin "garynja aldawyny" ulanýan ösümlik tapyldy
Ýaponiýada duş gelýän Vincetoxicum nakaianum atly ösümlik tozanlanmak üçin adatdan daşary strategiýany ulanýar. Ol ýarym iýlen ýa-da ýaralanan garynjalaryň çykarýan ysyny gaýtalap, tohumly mör-möjekleri özüne çekýär
29.09.2025 10:06
8.5k+
Arkadag şäherinde bejergi alýan we Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara süýjülik nygmatlary gowşuryldy
Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan hem-de Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara süýjülik nygmatlary gowşuryldy. Süýjülikler Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli türkmen halkynyň Milli Lideriniň we Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan berildi diýip, “Türkmenistan” gazetinde habar berilýär
29.09.2025 09:38
10k+
Aşgabatda baýramçylyk at çapyşygynyň jemleýji ýaryşynyň ýeňijisine 300 müň manat berildi
28-nji sentýabrda döwrebaplaşdyrylan Aşgabat atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşyklary guraldy. Dürli aralyga çapyşyklaryň ýedisi geçirildi. Alty çapyşygyň ýeňijileri 100 müň manat, jemleýji, ýedinji çapyşygyň ýeňijisi bolsa 300 müň manat möçberinde baýrak aldy diýip, "Neýtralnyý Türkmenistan" gazetinde habar berilýär
29.09.2025 00:00
4.9k+
Jeýms Kemeronyň “Awatar: Ot we kül” filminiň täze treýleri çykdy
Resmi Avatar YouTube kanalynda Jeýms Kemeronyň “Awatar: Ot we kül” filminiň ikinji treýleri peýda boldy. Franşizanyň üçünji bölüminiň premýerasy 19-njy dekabra meýilleşdirilýär. Täze bölümde tomaşaçylar ilkinji gezek Kül obasyny – Mangkwan urugynyň öýüni görer
28.09.2025 23:56
4k+
Apple-iň iPhone üçin ChatGPT-ä meňzeýän Veritas atly gizlin programmasy bar
Apple Siri ses kömekçisiniň täzelenen görnüşini barlamak üçin täze Veritas programmasyny işläp düzýär. Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurmanyň habar bermegine görä, bu programma häzirlikçe gizlin saklanýar we diňe kompaniýanyň öz içinde ulanylýar
28.09.2025 23:49
3.3k+
“Doga 4” 2025-nji ýylyň iň köp girdeji gazanan horror filmi boldy
“Doga 4: Soňky dessurlar” (Заклятие 4: Последний обряд) filmi 2025-nji ýylyň iň girdejili horrory boldy. MovieWeb portalynyň maglumatlaryna görä, ol üç uikendiň dowamynda prokatda 400 mln dollar ýygnady we öz kassa ýygymyny artdyrmagy dowam edýär
28.09.2025 21:02
3.3k+
Mikroskopik dünýäniň hereketi: Nikon Small World in Motion 2025 bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Nikon-nyň «Kiçi dünýä hereketde» (Small World in Motion) halkara ylmy wideo bäsleşiginiň eminler topary ýeňijileri yglan etdi. Şu ýyl bäsleşik 15-nji gezek geçirildi. Bu ýylky bäsleşige 34 ýurtdan 325 wideo iberildi
28.09.2025 20:47
6.9k+
Täze audio ulgam arkaly maşynda öň we yz hatar oturgyçlarda dürli aýdymlary diňläp bolar
Hytaýyň Huawei tehnoägirdi geljekki Maextro S800 flagman sedany üçin üýtgeşik akustika ulgamyny hödürledi. Ol öň we yzky hatarlardaky ýolagçylara bir wagtyň özünde biri-birine päsgel bermezden dürli aýdym diňlemäge mümkinçilik berýär
28.09.2025 20:17
2.8k+
Warner Bros. kinostudiýasy 2025-nji ýylda 4 milliard dollar girdeji gazandy
Warner Bros. şu ýyl dünýädäki kassa ýygymynda girdejisi 4 milliard dollardan geçen ilkinji Golliwud studiýasy boldy diýip, Deadline neşiri habar berýär. Bu kompaniýanyň 2019-njy ýyldan bäri ilkinji şeýle netijesidir
28.09.2025 10:51
2.9k+
PlayStation 5 Sony-nyň taryhynda iň köp girdeji getiren pristawka boldy
Sony kompaniýasy PlayStation 5-iň kompaniýanyň taryhynda maliýe taýdan iň üstünlikli oýun pristawkasy bolandygyny habar berdi. Umumy satuw möçberi 136 mlrd ABŞ dollaryna barabar bolup, bu PS4 ýaly öňki modelleriň görkezijilerinden ep-esli ýokarydyr
28.09.2025 10:49
9k+
Ysraýylda Wizantiýa döwrüniň 97 altyn teňňesinden we şaý-seplerden ybarat hazyna tapyldy
Ysraýylyň demirgazygynda, Kineret kölüniň golaýyndaky Susita milli seýilgähinde arheologlar Wizantiýa döwrüniň 97 altyn teňňesinden we onlarça şaý-sep böleklerinden ybarat hazynany tapdy. Bu barada Ynet portaly habar berýär
28.09.2025 10:45
2.5k+
Deni Wilnýow 2026-njy ýylda täze “Jeýms Bondy” gözläp başlar
Kanadaly režissýor Deni Wilnýow indiki ýyl çykjak “Dýunanyň” üçünji bölüminiň üstündäki işleri tamamlandan soň, Jeýms Bonduň keşbi üçin täze aktýor gözläp başlar. Deadline-yň maglumatlaryna görä, döredijiler täze hekaýatda içalynyň keşbi üçin “täze ýüz” gözleýär
27.09.2025 20:39
8.6k+
Türkmenistanly hünärmenler Italiýada energiýa seýilgähleriniň dörediliş tejribesini öwrendiler
22–24-nji sentýabr aralygynda türkmenistanly hünärmenler Italiýada bolup, tehnologik energiýa seýilgähleriniň dörediliş tejribesini öwrendiler. Sapar ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guraldy. Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyň wekilleri Ýewropa Komissiýasynyň Bilelikdäki gözleg merkeziniň hem-de Milan Politehniki uniwersitetiniň alymlary bilen duşuşyklary geçirdiler
27.09.2025 19:28
10k+
Argentinada öň belli bolmadyk ýyrtyjy megaraptoryň we onuň pidasynyň galyndylary tapyldy
Argentinanyň günortasynda paleontologlar güýçli öňki elleri we uzyn dyrnaklary bolan öň näbelli ýyrtyjy dinozawryň galyndylaryny ýüze çykardylar. Bu tapyndy megaraptor nesliniň Günorta Amerikada uzak wagtlap ýaşandygyny tassyklaýar diýip, Nature Communications žurnalynda bellenýär
27.09.2025 11:23
10k+
Mejlisler merkezinde Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçirildi
26-njy sentýabrda Aşgabatdaky Mejlisler merkezinde Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda medeniýet we sungat ussatlarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan konserti geçirildi. Dabara
26.09.2025 21:21
5.5k+
WhatsApp-da mugt habarnama terjimeçisi peýda boldy
WhatsApp messenjeri habarnama terjime etmek üçin täze funksiýanyň işe girizilendigini mälim etdi. Indi ulanyjylar teksti saýlanan dile gönüden-göni programmada terjime edip bilerler, bu bolsa doly mugt bolar. Funksiýa iPhone we Android ulanyjylaryna elýeterli ediler
26.09.2025 21:15
6.2k+
Magnum täze görnüşli doňdurmany emeli aňyň kömegi bilen döreder
Unilever kompaniýasynyň toparyna girýän we noýabrda birža çykmagy meýilleşdirýän Magnum doňdurma öndürijisi Çiliniň NotCo atly startapynyň emeli aňyny ulanmak meýilnamasyny yglan etdi. Täze tehnologiýa reseptleri üýtgetmäge we täze önümleri döretmäge kömek eder
26.09.2025 21:09
3.1k+
HBO Max «Ol: Derrä hoş geldiňiz» serialynyň elhenç treýlerini hödürledi
HBO Max-yň YouTube kanalynda Stiwen Kingiň romany esasynda surata düşürilen gorkuly franşizasynyň prikwel seriýasy — «Ol: Derrä hoş geldiňiz» atly serialyň treýleri çykdy. Onuň ilkinji görkezilişi platformada 26-njy oktýabrda bolar
26.09.2025 20:59
6.5k+
Teýlor Swiftiň täze albomy heniz çykmanka 15 mln dollar toplady
Teýlor Swiftiň "The Life of a Showgirl" täze albomy bilen bagly geçiriljek kinogörkeziş diňe deslapky sargytlaryň ilkinji gününde 15 mln dollar girdeji getirdi. Aýdymçynyň 20-nji studiýa albomynyň ilkinji görkezilişi 3-nji oktýabra meýilleşdirilýär we uly girdejili çärä öwrüler diýlip garaşylýar
26.09.2025 20:42
12k+
Ummanyň düýbünde: Ocean Photographer of the Year 2025 bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi
“2025-nji ýylyň umman suratçysy” (Ocean Photographer of the Year 2025) bäsleşiginiň emin agzalary ýeňijileri yglan etdiler we baş baýragy gowşurdylar. Indoneziýaly suratçy we guwwas Ýuriý Iwanow (merjeniň üstünde oturan iki sany amfipodyň ajaýyp keşbi üçin) absolýut ýeňiji boldy
26.09.2025 20:02
1.3k+
Google personal kompýuterler üçin Android wersiýasynyň üstünde işleýär
Google kompaniýasy Android-i şahsy kompýuterlere geçirmegiň üstünde işleýändigini tassyklady. Bu barada Snapdragon Summit-iň açylyşynda yglan edildi. Qualcomm-yň ýolbaşçysy Kriştianu Amon we Google-yň enjamlar we hyzmatlar boýunça uly wise-prezidenti Rik Osterlo bilelikdäki taslama barada gürrüň berdi
26.09.2025 19:52
2.4k+
“Zalym: Baky” fentezi-mýuzikliniň ahyrky treýleri çykdy
Universal studiýasy “Zalym: Baky” (Злая: Навсегда) mýuzikliniň ahyrky treýlerini görkezdi. Film geçen ýylky “Günbataryň jadygöýi barada ertekiniň” (Сказка о ведьме Запада) dowamy bolar we 21-nji noýabrda halkara prokata çykar
26.09.2025 19:46
7.9k+
Dubaýda bir çaşka kofe 680 dollara satylyp, Ginnesiň rekordy goýuldy
Dubaýda Ginnesiň täze rekordy goýuldy: Roasters Specialty Coffee House kofehanasy bir çaşka kofeni 2500 dirhama (takmynan, $680) satdy. Bu barada Rekordlar kitabynda habar berilýär. Rekord goýan kofe V60 süzgüjini ulanmak bilen purower usuly arkaly elde taýýarlandy
26.09.2025 19:44
1.4k+
Instagram aýda 3 mlrd ulanyja baryp, Facebook bilen WhatsApp-yň yzyndan ýetdi
Meta-nyň baş direktory Mark Sukerberg Instagram sosial ulgamynyň indi aýda üç milliarddan gowrak işjeň ulanyjysynyň bardygyny habar berdi. Şeýlelikde, platforma şu ýyl üç milliard aýlyk ulanyjy görkezijisinden geçen Facebook bilen WhatsApp sosial ulgamlarynyň yzyndan ýetdi
26.09.2025 18:18
3.7k+
Xiaomi 17 – Snapdragon 8 Elite Gen 5 prosessorly ilkinji smartfon hödürlendi
Xiaomi flagman smartfonlarynyň täze neslini – Xiaomi 17 hataryny hödürledi. Esasy model Snapdragon 8 Elite Gen 5 platformasyna eýe bolan dünýäde ilkinji smartfon boldy. Täze prosessordan başga-da, smartfon öňki wersiýalar bilen deňeşdirilende birnäçe kämilleşmelere eýe boldy
26.09.2025 18:11
8.8k+
Goşmaça ekranly Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max hödürlendi
Xiaomi korpusynyň yzky tarapynda goşmaça displeý bolan Xiaomi 17 Pro we Xiaomi 17 Pro Max flagman smartfonlaryny resmi taýdan hödürledi. Displeýi diňe bir esasy kamera bilen selfi düşürmek üçin däl, eýsem aýdym-saz pleýerini dolandyrmak, taýmer gurmak, gelen messenjerleri we jaňlary, habarnamalary görmek we hatda oýun üçin ulanyp bolýar
25.09.2025 21:02
4.3k+
Perdýu uniwersiteti öz uçurymlaryndan we işgärlerinden kosmosa ekipaž iberer
Perdýu uniwersiteti (Indiana ştaty, ABŞ) 2027-nji ýylda işgärler we uçurymlar toparynyň Virgin Galactic kompaniýasynyň kosmoplanynda suborbital uçuşa iberiljekdigini habar berdi. Bu taryhda sap uniwersitet ekipažynyň ilkinji uçuşy bolup, Perdýunyň resmi däl “kosmos uniwersiteti” adyny berkider diýip, Space
25.09.2025 21:00
17k+
Beýik Britaniýada 12 ýaşly oglan gadymy Rim döwrüniň altyn bilezigini tapdy
Peghem obasynda (Günbatar Sasseks, Beýik Britaniýa) 12 ýaşly Rouen Brennan biziň eramyzyň I asyry bilen senelenýän Rim döwrüniň seýrek altyn bilezigini tapdy. Ilkibaşda oglanyň ejesi artefaktyň gymmatyny bilmän, ony zyňmagy tabşyrdy, ýöne Rouen ony saklamak kararyna geldi diýip, Popular Mechanics habar berýär
25.09.2025 20:59
18k+
Hytaýly söweş sungatynyň ussady howply rekord goýdy: gylyjy ellerini ulanmazdan pyrlady
Hytaýly söweş sungatynyň ussady Hueý-I Saý ellerini ulanmazdan uly gylyjy aýlap, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Ol bir minutda gylyjy egniniň daşyndan 28 gezek aýlap, rekord goýdy. Şol wagt onuň elleri başga iki gylyç bilen meşguldy
25.09.2025 19:07
6.4k+
Çehiýada ýerde 30 müň ýyl ýatan awçy gurallarynyň toplumy tapyldy
Günorta Morawiýada, Pawlow daglarynyň eteginde arheologlar üýtgeşik artefakty – grawett döwrüniň awçysynyň daş gurallarynyň toplumyny gazyp aldy. Tapyndy ýerde, takmynan, 30 müň ýyl ýatan diýip, Anthropology neşiri ýazýar
25.09.2025 19:03
1.2k+
2025-nji ýylyň Buker baýragynyň gysga sanawy yglan edildi
Buker baýragynyň guramaçylary 2025-nji ýylyň gysga sanawyny hödürledi. Sanawa alty eser girdi: ·Flesh (“Syna”) – Dewid Salaý ·The Rest of Our Lives (“Galan ömrümiz”) – Benjamin Markowis ·The Loneliness of Sonya
25.09.2025 19:00
2.4k+
Xiaomi Pad mini, Redmi Pad 2 Pro planşetleri we global HyperOS 3 hödürlendi
Xiaomi kompaniýasy tanyşdyrylyş dabarasyny geçirip, Xiaomi 15T we 15T Pro smartfonlaryndan başga-da, täze planşetlerini – ykjam Xiaomi Pad mini-ni we Redmi Pad 2 Pro seriýasyny hödürledi. Xiaomi Pad mini täzelenme ýygylygy 165 Gs bolan 8,8 dýuýmlyk displeýe, MediaTek Dimensity 9400+ çibine, 12 GB operatiw ýada we 512 GB hemişelik ýada eýe boldy
25.09.2025 18:56
3.8k+
Xiaomi kompaniýasy Leica kameralary bilen 15T we 15T Pro smartfonlaryny hödürledi
Xiaomi täze 15T we 15T Pro smartfonlarynyň global tanyşdyrylyşyny geçirdi. Smartfonlaryň ikisi-de ýokary segmente degişli bolup, Leica kameralary, uly AMOLED ekranlary we IP68 ülňüsi boýunça suwdan we tozandan gorag bilen üpjün edildi
«
1
…
58
59
60
…
276
»
«
1
…
55
56
57
58
59
60
61
62
63
…
276
»
Copyright © 2026
TMCARS News
. All rights reserved.