LEGO "Pokemonlar" älemine esaslanýan toplumlary çykarar

16.01.2026, 08:061,215
1 / 4

LEGO we Pokémon Company meşhur “Pokemonlar” (Pokémon) franşizasynyň esasynda döredilen ilkinji konstruktorlar toplumyny yglan etdiler. Täze kolleksiýa seriýanyň 30 ýyllygy mynasybetli çykarylýar. Satuwlara 27-nji fewralda başlanar.

Täze hatara üç sany toplum girýär:

  • “Pikaçu we pokebol” toplumy 2 050 bölekden ybarat;
  • "Iwi" (Eevee) toplumy 567 bölekden ybarat;
  • Iň uly toplum bolsa Wenuzawra, Çarizarda we Blastoýzuwa bagyşlanan bolup, ol 6 838 bölekden ybaratdyr.

Toplumlaryň bahasy 60 dollardan 650 dollara çenli üýtgeýär.
LEGO tematik konstruktorlarynyň görnüşlerini giňeltmegini dowam etdirýär. 1-nji ýanwardan başlap, “Gaty geň işler” (Stranger Things) teleserialyndan ylham alnyp döredilen "Icons Stranger Things: The Creel House" toplumy hem satuwa çykaryldy. 2 593 bölekden ybarat bolan bu toplum serialyň esasy gahrymanlarynyň mini figuralaryny, şeýle hem Stiwiň awtoulagyny, WSQK radiostansiýasynyň furgonyny we Uilliň welosipedini öz içine alýar. Bu toplumyň bahasy 299 dollara deňdir.