Lego Nýu-Ýorkda 8 metrlik Dünýä kubogyny gurnady

Düýn, 09:553,476
1 / 4

Lego kompaniýasy Nýu-Ýorkdaky Rokfeller Plazada futbol boýunça Dünýä kubogynyň nusgasyny gurnady. Oýunjak kubogyň beýikligi 8,4 metre barabar.

Bu kubok 1,36 million Lego kerpiçjiginden düzüldi. 59 sany hünärmenden ybarat topara Dünýä kubogynyň nusgasyny ýygnamak we gurnamak üçin sekiz aýdan gowrak wagt gerek boldy. Kubogyň töwereginde dünýä çempionatyna gatnaşyjylar bolan Lionel Messiniň, Kilian Mbappeniň, Kriştianu Ronaldunyň we Winisius Žunioryň «Lego» şekiljikleri bar.

Bu ägirt uly kubok nusgasynyň döredilmegi Nýu-Ýorkda Lego fan-zonasynyň açylmagyna gabat getirildi. Ol 19-njy iýulda geçiriljek dünýä çempionatynyň finalyna çenli elýeterli bolar. Kubogyň nusgasynyň tanyşdyrylyş dabarasyna Braziliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Kafu hem gatnaşdy. Ol 1994-nji we 2002-nji ýyllarda iki gezek dünýä çempiony bolupdy.

Ýaryş başlamazyndan öň Lego birnäçe ýörite toplumlary hem satuwa çykardy. Kolleksiýa 2842 bölekden ybarat bolan oýunjak Dünýä kubogyny öz içine aldy. Bu konstruktoryň beýikligi hakyky kubogyňky bilen birmeňzeş bolup, 36,8 santimetre barabardyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.