LEGO Harri Pottere bagyşlanan, kiçijik Hogwartsly täze toplumyny çykarar

04.08.2026, 16:401,115
1 / 5

LEGO "Harri Potter" älemine degişli täze toplumyny hödürledi. Oňa kiçijik Hogwarts, Harri Potteriň özi we onuň baýguşy Bukliniň şekilleri girdi.

Konstruktor 700 bölekden ybarat. Ýygnalan modeliň beýikligi 14 santimetre ýetýär. Topluma Hogwartsyň esasy diňi, kiçijik Syrlar otagy we jadyly Gelsi aýnasy ýerleşýän otag girýär.

Toplumyň satuwy 29-njy awgustda başlanar. Onuň maslahat berilýän bahasy 40 dollar bolar.

Şu ýyl LEGO mundan başga-da ýaş jadygöý baradaky filmleriň 25 ýyllygyna bagyşlanan sekiz sany toplumdan ybarat ýene bir kolleksiýany çykarypdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.