Meksikanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň gazanan üstünligi mynasybetli guralan köpçülikleýin dabaralar Mehiko şäheriniň köçelerinde pida elten dyknyşyklar bilen tamamlandy.
Milli ýygyndynyň futbolçylary öz öýlerinde geçirilýän dünýä çempionatynyň 1/16 final duşuşygynda Ekwadoryň ýygyndysyny 2:0 hasabynda ýeňmegi başardylar. UnoTV teleýaýlymynyň habar bermegine görä, bu ýeňşi baýram etmek üçin Mehikonyň köçelerine 1 milliondan gowrak adam çykdy. Netijede dörän güýçli dyknyşyklar sebäpli üç adam aradan çykdy.
Reuters agentliginiň maglumatyna görä, bu waka paýtagtdaky «Garaşsyzlyk perişdesi» (Ángel de la Independencia) ýadygärliginiň öňündäki meýdançada bolup geçdi. Şäheriň saglygy goraýyş departamentiniň wekilleri lukmançylyk toparlarynyň 19 ýaşly gyzy we 44 ýaşly erkek adamy wakanyň bolan ýerinde derman-däri arkaly özüne getirmäge synanyşandyklaryny, ýöne olaryň howa ýetmezçiligi zerarly eýýäm ýogalandyklaryny habar bermeli boldular. Pajyganyň üçünji pidasy bolsa 48 ýaşly zenan bolup çykdy. Zenan hassahana ýerleşdirilse-de, eýýäm iş-işden geçendigi üçin, lukmanlara onuň janyny halas etmek başartmady.
Mehikonyň häkimi Klara Brugada X sosial ulgamynda wepat bolanlaryň maşgalalaryna gynanç bildirdi. Şäheriň ýolbaşçysy ýerli ýaşaýjylara ýüzlenip, «jogapkärçilikli, rehimdar we biri-biriňe ünsli bolmak bilen baýram etmäge» çagyrdy.
Meksikaly futbolçylar 1986-njy ýyldan bäri ilkinji gezek dünýä çempionatynyň pleý-off tapgyrynda ýeňiş gazanmagy başardylar. Olaryň 1/8 finaldaky indiki garşydaşy Kongo DR — Angliýa jübütiniň ýeňijisi bolar.