Ronaldu we Jorjina Rodriges öňümizdäki dynç günleri toý tutar – Daily Mail

03.08.2026, 18:2718,712
1 / 7

Portugaliýanyň ýygyndysynyň we Saud Arabystanynyň «Al-Nasr» klubunyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu söýgüli ýary Jorjina Rodrigese öýlenýär. Toý dabarasy 8-nji awgustda 41 ýaşly futbolçynyň watanynda — Madeýra adasyndaky Funşal şäherinde bolar. Bu barada Daily Mail neşiri habar berýär.

Olar Funşal ybadathanasynda nikalaşar, şondan soň bu şatlykly wakany bäş ýyldyzly «Savoy Palace» myhmanhanasynda bellär. Myhmanhanada galýan adamlara eýýäm anna we şenbe günleri (7 we 8-nji awgustda) iki gatyň, şeýle hem birnäçe bar zolaklarynyň ýapyk boljakdygy duýduryldy.

Ýeriň saýlanmagy simwolik häsiýete eýedir: Funşal — Ronalduwyň dogduk şäheri. Şäher ybadathanasy bäş gezek «Altyn topy» gazanan futbolçynyň dünýä inen hassahanasynyň hem-de onuň karýerasyndaky ilkinji klublaryň biri bolan «Nasionalyň» binasynyň golaýynda ýerleşýär.

Funşal ybadathanasy (1514-nji ýylda gurlan)

Ozal sosial torlarda Portugaliýanyň Sintra şäherindäki «Kinta-da-Regaleýra» mülkünde 1-nji awgustda geçirilmeli diýlip bellenen dabara hamala resmi çakylyk barada myş-myşlar ýaýrapdy. Hatda myhmanlaryň sanawy (şol sanda Habib Nurmagomedow, Konor Makgregor, Win Dizel we IShowSpeed bar) hem-de «total black» dress-kody hem çap edilipdi, ýöne bu maglumatlary olaryň özleri ret etdi.

Savoy Palace oteli

Ronaldu bilen Jorjina 2016-njy ýyldan bäri gatnaşykda — olar Madriddäki «Gucci» dükanynda tanyşdy, şol ýerde Jorjina satyjy bolup işleýärdi. Gyz 2025-nji ýylyň awgust aýynda futbolçy bilen adaglanandygyny mälim etdi. Şondan soň Kriştianu köpçüligiň öňünde söýgülisine bolan duýgularyny bildirdi:

«Jorjina — meniň tutuş ömrümiň zenany. Oňa durmuş gurmagy teklip etmek örän tebigy zatdy. Ol maňa, maşgalamyza alada bilen garaýar. Ol maňa düşünýän üýtgeşik zenan. Ol meniň gözlänim».

Her niçiksi bolsa-da, toýuň hut 8-njy awgustda geçiriljegi baradaky maglumatlary heniz futbolçynyň özi-de, Jorjina-da resmi ýagdaýda tassyklamady. 

Häzirki wagtda olaryň iki sany bilelikdäki gyzy bar — Alana Martina we Bella Esmeralda, umumylykda bolsa olar bäş çagany terbiýeläp ýetişdirýär. Ýene üç çaga — Kriştianu-kiçi hem-de ekizler Mateo we Ýewa — surrogat eneleriň kömegi bilen dünýä indi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.