Winisius baradaky «Tans et, Wini» filmi halkara «Emmi» baýragyna dalaş edýär

Düýn, 18:413,163
1 / 2

Madridiň «Realynyň» wingeri Winisius Žunior baradaky film halkara «Emmi» baýragyna dalaşgär boldy.

«Baila, Vini» («Tans et, Wini») atly dokumental film 2025-nji ýylda «Netflix» platformasynda çykdy. Onda «Realda» we Braziliýanyň milli ýygyndysynda çykyş edýän futbolçynyň durmuşy hem-de karýerasy, üstünlige tarap ýoly we sportda jynsparazlyga garşy göreşi görkezilýär.

Film halkara «Emmi» baýragyny (International Emmy Award) almak üçin «Sport dokumental filmi» kategoriýasynda dalaşgärleriň sanawyna girizildi. Bu baýrak ABŞ-dan daşary döredilen iň gowy telewideniýe programmalary we seriallary üçin berilýär. Ol Halkara telewideniýe sungatlary we ylymlary akademiýasy (IATAS) tarapyndan Nýu-Ýorkda her ýyl geçirilýän dabaraly agşamda gowşurylýar.

Şu ýyl baýragyň gowşurylyş dabarasy 23-nji noýabrda geçiriler.

Halkara «Emmi» baýragy ABŞ-da öndürilen kontent üçin berilýän adaty «Emmi» (Emmy Award) baýragyndan tapawutlanýar. Baş telewizion baýrak bolan «Emminiň» 78-nji gowşurylyş dabarasy 2026-njy ýylyň 14-nji sentýabrynda Los-Anjelesde geçirildi.