Lew Tolstoýyň «Iwan Iliçiň ölümi» powesti «Atletiko Mineýro-nyň» futbolçysy Gustawo Skarpanyň maslahat bermeginden soň, Braziliýada iň köp satylan kitaplaryň birine öwrüldi. Sentýabryň ortalarynda kitap ýerli Amazon bestsellerleriniň sanawynda birinji orny eýeledi, häzir bolsa ikinji orna geçdi.
Skarpanyň 1886-njy ýylda ilkinji gezek neşir edilen powest baradaky syny sentýabryň başynda sosial ulgamlarda peýda bolup, tiz wagtda uly ünsi çekdi. Diňe YouTube platformasynda oňa 700 müňe golaý gezek tomaşa edildi.
Futbolçynyň aýtmagyna görä, ol 2018-nji ýyla çenli diňe Injili gaýtalap okapdyr. Soňra topardaşlarynyň biriniň täsiri bilen kitaphonlyga ýüz urýar. Şondan bäri Skarpa Fýodor Dostoýewskiniň, Frans Kafkanyň we Wiktor Gýugonyň eserlerini okapdyr. Onuň bellemegine görä, Şekspir bilen arasy känbir şowly bolmandyr.
Häzir diňe bir Braziliýada däl, eýsem Ýewropanyň (Angliýanyň «Nottingem Forest» we Gresiýanyň «Olimpiakos») klublarynda çykyş eden Skarpa kitaplar baradaky synlaryny yzygiderli paýlaşýar.
Şeýle-de bolsa, onuň soňky maslahat beren kitaplarynyň hiç biri häzirlikçe «Iwan Iliçiň ölümi» eseriniň gazanan üstünligini gaýtalap bilmedi.