Şou-biznes we sport ýyldyzlary ýylyň esasy futbol duşuşygyna işjeň ýagdaýda pul goýýar. Kanadaly repçi Dreýk we UFC-niň irlandiýaly söweşijisi Konor Makgregor 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň Argentina bilen Ispaniýa ýygyndylarynyň arasyndaky final duşuşygynyň öňüsyrasynda uly möçberde pul goýdy. Ýyldyz janköýerleriň ikisi hem duşuşygyň esasy wagtynda latyn amerikan toparynyň ýeňiş gazanmagyna bil baglaýar.
Dreýk 1,5 million dollar bilen töwekgelçilik edýär
Kanadaly repçi özüniň sosial ulgamlarynda 1,5 million dollar möçberindäki goýan pulunyň subutnamasyny paýlaşdy. Eger bu çaklama şowly bolaýsa, onuň utuşy 5 million dollardan geçip biler.
Ýöne repçi betting dünýäsinde şübheli abraýy bilen bellidir — onuň sport çaklamalary seýrek halatda dogry bolýar. Bu ýagdaý hatda dünýäde «Dreýkiň belasy» diýen memi we yrymy-da döretdi. Oňa görä, Dreýkiň aç-açan goldan, bile surata düşen ýa-da pul goýan türgenleri ýa-da toparlary tiz wagtdan uly ýeňlişe sezewar bolýar.
Meselem, maý aýynyň ahyrynda ol UEFA Çempionlar ligasynyň finalynda «Arsenalyň» ýeňşine 1 million dollar goýup, utulypdy. Şonda londonlylar penalti boýunça «PSŽ» toparyndan utuldy (1:1, 3:4 pen.). Bu «näletden» Taýson Fýuri, Serena Wilýams we... şol bir Makgregor hem ejir çekipdi.
Sazandanyň argentinalylara pul goýmak tejribesi hem birinji gezek däl: DÇ-2022-niň finalyndan öň hem ol toparyň esasy wagtda utjakdygyna 1 million dollar goýupdy, ýöne şonda oýun owertaýma geçdi we Argentinanyň çempion bolandygyna garamazdan, Dreýkiň goýan puly köýüpdi.
Ýöne bu gezekki dünýä çempionatynda onuň «belasy» iki gezek amala aşmady. Günorta Afrika garşy geçirilen pleý-off oýnunda Dreýk uly töwekgelçilik edip, öz watany Kanadanyň indiki tapgyra geçmegine 770 müň dollar goýdy. Kanadalylar 1:0 hasabynda minimal ýeňiş gazandy, repçi bolsa 1 million dollar ($231 müň arassa peýda) aldy.
Marokko garşy indiki tapgyrda Dreýk «ters bela strategiýasyny» ulanmak kararyna geldi. Öz ýygyndysynyň öňe geçmegine kömek etmek üçin, ol bilgeşleýin Marokkonyň ýeňşine bary-ýogy 1 dollar goýdy we öz şowsuzlygynyň garşydaş topara täsir etjekdigine umyt bildirdi. Bu shema örän takyk işledi — Dreýk goýan puluny ýene utup (Marokko Kanadany 3:0 hasabynda utdy), bary-ýogy 41 sent peýda gazandy, ýöne onuň öz watanynyň ýygyndysy ýaryşdan gaýtdy.
Makgregor internetde bäş ýyl ozal aýdylan çaklama ynandy
UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor bolsa çaklama has üýtgeşik çemeleşdi. Ol 100 müň dollary diňe bir Argentinanyň ýeňşine däl, eýsem duşuşygyň takyk 3:2 hasabynda tamamlanmagyna goýdy.

Irlandiýaly boksçy sosial ulgamlardaky wideoýüzlenmesinde öz saýlawyny şeýle düşündirdi:
«Meniň goýan pulum — Argentina esasy wagtda Ispaniýany 3:2 hasabynda utar. Näme üçin men şeýle pul goýýaryn? Bäş ýyl ozal internetde bir ýigit DÇ-2026-nyň finalynda Argentina bilen Ispaniýanyň oýnajakdygyny we hasabyň 3:2 boljakdygyny öňünden aýdypdy. Ol oglan finalda kimleriň oýnajakdygyny nireden bildikä? Şonuň üçin men şeýle pul goýýaryn. Internetdäki oglan, maňa pul getir, balam!»
Dünýä çempionatynyň altyn medaly ugrundaky aýgytly duşuşyk 20-nji iýula geçilýän gije ABŞ-nyň Ist-Raterford şäherindäki «MetLaýf» stadionynda bolar. Duşuşygyň başlangyç jürlewügi Aşgabat wagty boýunça dogry ýary gijede, sagat 00:00-da ýaňlanar.