Jastin Biber dünýä çempionatynyň finalynda çykyş etjek artistleriň hataryna goşuldy

Düýn, 23:57754

Kanadaly aýdymçy Jastin Biber 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň final duşuşygynyň aýdym-sazly bölegine gatnaşar. Artist ýaryşyň aýgytlaýjy oýnunyň arakesmesinde çykyş eder diýip, Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) metbugat gullugy habar berdi.

Oýnuň dowamynda sahna çykjak ýerine ýetirijileriň hatarynda eýýäm dünýä belli ýyldyzlaryň birnäçesi, şol sanda amerikaly aýdymçy Madonna, kolumbiýaly artist Şakira we Günorta Koreýanyň BTS pop-topary bar. Çykyşlar jemi 11 minut dowam eder.

Bu çäre bütin dünýäde çagalar üçin bilimi we futbol maksatnamalaryny ösdürmäge serişde ýygnaýan FIFA Global Citizen Education Fund bilim gaznasyny goldamak maksady bilen geçiriler. FIFA-nyň maglumatlaryna görä, bu başlangyjyň maksady 100 million dollar möçberinde serişde çekmekden ybarat.

2026-njy ýylyň dünýä birinjiligini birbada üç döwlet — ABŞ, Kanada we Meksika kabul edýär. Ýaryşyň jemleýji duşuşygy 19-njy iýulda Nýu-Jersi ştatynyň Ist-Raterford şäherindäki «Metlaýf» stadionynda geçiriler. Hut şol ýerde-de futbol boýunça dünýä çempionatynyň ýeňijisi belli bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.