Medeniýet we jemgyýet

Ay Yola, Simge, Edis we beýleki dünýä belli aýdymçylar Arkadag şäherinde konsertde çykyş etdiler
30.06.2025 18:26
14k+

Ay Yola, Simge, Edis we beýleki dünýä belli aýdymçylar Arkadag şäherinde konsertde çykyş etdiler

29-njy iýunda agşam “Arkadag Binasynyň” öňündäki baýramçylyk meýdançasynda Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygyna bagyşlanyp ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan we Başgyrdystan Respublikalaryndan, Türkiýeden, Özbegistandan gelen ussatlaryň ýerine ýetiren aýdymlarydyr tanslary tomaşaçylar üçin baýramçylyk sowgady boldy
Plantyň soňky wesýeti: ABŞ-nyň bir şäherinde dikuçardan 50 müň dollar seçildi
30.06.2025 17:17
12k+

Plantyň soňky wesýeti: ABŞ-nyň bir şäherinde dikuçardan 50 müň dollar seçildi

27-nji iýunda ABŞ-nyň Miçigan ştatynyň Detroýt şäheriniň merkezinde dikuçardan dollar seçildi. «Fox 2 Detroit» teleýaýlymynyň habaryna görä, waka günortan şäheriň iň gatnawly çatryklarynyň birinde bolup geçipdir
“28 ýyl soň” zombi franşizasynyň iň girdejili filmi boldy
30.06.2025 17:06
3.9k+

“28 ýyl soň” zombi franşizasynyň iň girdejili filmi boldy

“28 ýyl soň” (28 лет спустя) filminiň dünýädäki kassa ýygymy 100 mln dollardan geçdi. Režissýor Denni Boýluň kartinasy bu görkezijä 20-nji iýunda bolan premýerasyndan soň dokuz günüň içinde ýetmegi başardy. Film franşizada eýýäm iň köp girdeji gazanan boldy
50 Cent «Street Fighter» filminde surata düşer: ol türgenleşýär, repçi hokgalary özi ýerine ýetirer
30.06.2025 11:00
4.6k+

50 Cent «Street Fighter» filminde surata düşer: ol türgenleşýär, repçi hokgalary özi ýerine ýetirer

50 Cent ady bilen tanalýan meşhur repçi Kertis Jekson «Street Fighter» oýny esasynda düşürilýän täze filmiň aktýorlar düzümine goşuldy. Bu barada «The Hollywood Reporter» habar berýär. Sazanda filmde Balrogyň – baş gahrymanyň goragçysy bolan professional boksçynyň keşbini ýerine ýetirer
Xiaomi Sony-nyň kamerasy oturdylan 40 gramlyk AI Glasses akylly äýneklerini hödürledi. Bahasy 278 dollar
30.06.2025 10:53
4.4k+

Xiaomi Sony-nyň kamerasy oturdylan 40 gramlyk AI Glasses akylly äýneklerini hödürledi. Bahasy 278 dollar

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda geçirilen uly tanyşdyryş dabarasynda AI Glasses atly akylly äýneklerini hödürledi. Enjamda wizual interfeýs ýok, diňe ses arkaly dolandyrylýar. Sensor panel sag tutaryň üstünde ýerleşýär
«Galaxy Buds Core» Samsung-yň işjeň goh-galmagaly basyp ýatyrýan iň arzan nauşnigi boldy
30.06.2025 10:46
2.5k+

«Galaxy Buds Core» Samsung-yň işjeň goh-galmagaly basyp ýatyrýan iň arzan nauşnigi boldy

Samsung täze simsiz nauşnigini - Galaxy Buds Core-y hödürledi. Bu model kompaniýanyň işjeň goh-galmagaly basyp ýatyrýan (ANC) iň arzan nauşnigi bolup durýar. Täze nauşnik Galaxy Buds FE-den has arzan bolsa-da, onuň esasy aýratynlyklaryny saklaýar, şeýle-de ýokary hilli audiokodekleri goldaýar
Bezos Wenesiýada «asyryň toýuny» tutdy: dabaralar üçin €50 mln, 200 ýyldyz we şäher üçin $1,12 mlrd
29.06.2025 19:46
32k+

Bezos Wenesiýada «asyryň toýuny» tutdy: dabaralar üçin €50 mln, 200 ýyldyz we şäher üçin $1,12 mlrd

Italiýanyň Wenesiýa şäherinde amerikaly milliarder Jeff Bezos bilen teleýaýlym alyp baryjysy Loren Sançesiň toýy tutuldy. «Reuters» agentliginiň maglumatlaryna görä, «Amazon» kompaniýasynyň 61 ýaşly esaslandyryjysy bu dabara üçin, takmynan, 50 million ýewro harçlapdyr
Xiaomi täze eplenýän Mix Flip 2 smartfonyny tanyşdyrdy
29.06.2025 15:45
4.8k+

Xiaomi täze eplenýän Mix Flip 2 smartfonyny tanyşdyrdy

Xiaomi ikinji nesil eplenýän smartfony Mix Flip 2-ni resmi taýdan tanyşdyrdy. Enjam täzelenen dizaýn, Dragon Bone atly şarnir we 5165 mA·sag sygymly batareýa bilen üpjün edilen. Kompaniýanyň bellemegine görä, bu şeýle batareýa ornaşdyrylan ilkinji eplenýän smartfondyr
Häzire çenli iň güýçli Redmi smartfon – K80 Ultra hödürlendi: bahasy $360-dan başlaýar
29.06.2025 15:16
5.4k+

Häzire çenli iň güýçli Redmi smartfon – K80 Ultra hödürlendi: bahasy $360-dan başlaýar

Xiaomi täze flagman smartfony bolan Redmi K80 Ultra-ny hödürledi. Bu enjam ýokary öndürijiligi, öňdebaryjy displeýi we kämilleşdirilen audioulgamy bilen tapawutlanýar. Smartfon 6,83 dýuýmlyk AMOLED ekran bilen üpjün edilen, durulygy 2772×1280 piksel, täzeleniş ýygylygy bolsa 144 Gs
«Stiw Jobs» filminiň ssenaristi Mark Sukerberg baradaky filmiň dowamyny düşürer
29.06.2025 13:35
3k+

«Stiw Jobs» filminiň ssenaristi Mark Sukerberg baradaky filmiň dowamyny düşürer

«Ähli zady üýtgeden adam» («Человек, который изменил все») we «Stiw Jobs» «(Стив Джобс») filmleriniň ssenaristi Aaron Sorkin «Sosial ulgam» («Социальная сеть») filminiň dowamyny döretmek bilen meşgullanýar. Deadline neşiriniň maglumatyna görä, ol täze filmiň diňe bir ssenarisiniň ýazary bolman, eýsem režissýory hem bolar
Režissýor Dag Laýman Stiwen Kingiň meşhur «Garşy durmak» romanyny ekranlaşdyrar
29.06.2025 13:20
1.8k+

Režissýor Dag Laýman Stiwen Kingiň meşhur «Garşy durmak» romanyny ekranlaşdyrar

Amerikaly režissýor Dag Laýman meşhur ýazyjy Stiwen Kingiň “Garşy durmak” (The Stand) atly apokaliptik romany esasynda doly metražly film döretmäge girişdi. Bu barada The Hollywood Reporter habar berýär. Täze ekranizasiýa Paramount Pictures we Cross Creek Pictures studiýalarynyň gatnaşmagynda taýýarlanýar
Garabogazköl howdanynda Türkmenistanda ilkinji gezek garagulagyň çagasy surata düşürildi
28.06.2025 17:30
25k+

Garabogazköl howdanynda Türkmenistanda ilkinji gezek garagulagyň çagasy surata düşürildi

Türkmenistanyň çäginde ilkinji gezek garagulagyň çagasy surata düşürildi. Ýabany tebigatda möhüm açyş hökmünde hasaba alnan bu taryhy pursat Garabogazköl howdanynda oturdylansurata alyjy duzaklara düşdi. Surata
Türkmenistan UK Export Finance kompaniýasy bilen infrastruktura we eksport taslamalaryny maslahatlaşdy
28.06.2025 17:08
3.1k+

Türkmenistan UK Export Finance kompaniýasy bilen infrastruktura we eksport taslamalaryny maslahatlaşdy

27-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa UK Export Finance (UKEF) kompaniýasynyň wekiliýeti bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, wekiliýete kompaniýanyň Türkiýe, Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin ýolbaşçysy Şebnem Alp ýolbaşçylyk etdi
Medeniýet hepdeligi — 2025 baýramçylyk konserti bilen jemlendi
28.06.2025 14:43
7.5k+

Medeniýet hepdeligi — 2025 baýramçylyk konserti bilen jemlendi

27-nji iýunda Türkmenistanda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden baýram edildi. Bu baýrama gabatlanyp geçirilen Medeniýet hepdeligi Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” «Türkmeniň ak öýi» binasynda sungat ussatlarynyň uly baýramçylyk konserti bilen tamamlandy
Niderlandlar Nigeriýa XV-XIX asyrlara degişli 119 sany gymmatly artefakty yzyna gaýtaryp berdi
28.06.2025 13:44
5.1k+

Niderlandlar Nigeriýa XV-XIX asyrlara degişli 119 sany gymmatly artefakty yzyna gaýtaryp berdi

Nigeriýa Niderlandlardan XV-XIX asyrlarda Benin Patyşalygy döwründe döredilen, medeni mirasa degişli 119 sany esbap aldy. Bu XIX asyryň ahyryndan bäri Nigeriýa yzyna geçirilen iň köp möçberdäki medeni emläk boldy diýip, Arise News neşiri  habar berdi
Repçi Stormzi talyplary goldandygy üçin Kembrijiň hormatly doktorlyk derejesini aldy
28.06.2025 12:49
3.9k+

Repçi Stormzi talyplary goldandygy üçin Kembrijiň hormatly doktorlyk derejesini aldy

Kembrij uniwersiteti britaniýaly repçi Stormzä (Stormzy) hukuk boýunça hormatly doktorlyk derejesini berdi. Uniwersitet onuň ýokary okuw mekdebine girmekçi bolýan talyplara goldaw bermekde goşan goşandyny ykrar etdi diýip, The Guardian habar berýär
Guşlaryň 500-den gowrak görnüşine ýakyn 100 ýylda ýok bolmak howpy abanýar
28.06.2025 11:09
6.8k+

Guşlaryň 500-den gowrak görnüşine ýakyn 100 ýylda ýok bolmak howpy abanýar

Geljek ýüz ýylda dünýäde guşlaryň 500-den gowrak görnüşi ýitip biler. Beýik Britaniýanyň Reding uniwersitetiniň alymlary şeýle netijä geldiler diýip, Nature Ecology and Evolution žurnalynda çap edilen makala salgylanýan The Guardian habar berýär
And daglarynda ýitirilen Tiuanako siwilizasiýasynyň ybadathanasy tapyldy
28.06.2025 11:03
5.3k+

And daglarynda ýitirilen Tiuanako siwilizasiýasynyň ybadathanasy tapyldy

Arheologlar adybir meşhur arheologik toplumdan, takmynan, 215 km günorta-gündogarda Boliwiýanyň günortasyndaky gadymy Tiuanako siwilizasiýasynyň ybadathanasyny tapdylar. Bu açyş hakynda Antiquity žurnalynda habar berildi
2026-njy Türkmenistanda Medeniýet hepdeliginiň geçiriljek ýeri kesgitlenildi
28.06.2025 00:01
5.5k+

2026-njy Türkmenistanda Medeniýet hepdeliginiň geçiriljek ýeri kesgitlenildi

27-nji iýunda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Seýidowa Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmek hakynda Kararyň taslamasyny hödürledi.  Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi
Emeli aň WhatsApp-da okalmadyk hatlaryň gysgaça mazmunyny jemläp aýdyp berer
27.06.2025 20:05
2.5k+

Emeli aň WhatsApp-da okalmadyk hatlaryň gysgaça mazmunyny jemläp aýdyp berer

WhatsApp messenjeri täze «Message Summaries» atly funksiýasynyň işe girizilendigini mälim etdi. Bu funksiýa arkaly ulanyjylar okalmadyk hatlaryň emeli aň tarapyndan taýýarlanan gysgaça mazmunyny görüp bilerler
Ýabany tebigatyň BigPicture-2025 foto bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
27.06.2025 18:01
6.4k+

Ýabany tebigatyň BigPicture-2025 foto bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

Kaliforniýanyň Ylymlar akademiýasy her ýyl geçirilýän BigPicture-2025 foto bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. Ol ýabany tebigatyň gözelligine we ony goramagyň meselelerine bagyşlanýar. Absolýut ýeňiji: özüne
Kazyýet Meta kompaniýasyna emeli aňy türgenleşdirmek üçin awtorlyk tekstleri ulanmaga rugsat berdi
27.06.2025 17:11
2.7k+

Kazyýet Meta kompaniýasyna emeli aňy türgenleşdirmek üçin awtorlyk tekstleri ulanmaga rugsat berdi

Kaliforniýanyň (ABŞ) Demirgazyk okrugynyň federal kazyýeti 25-nji iýunda awtorlyk hukugy bilen goralýan tekstleri emeli aňy türgenleşdirmek üçin peýdalanmak bilen baglanyşykly kazyýet işinde Meta Platforms kompaniýasynyň peýdasyna çözgüt kabul etdi
Microsoft «ölüm ekranynyň» dizaýnyny resmi taýdan gara reňke üýtgetdi: ol 40 ýyllar mawy reňkdedi
27.06.2025 11:05
3.1k+

Microsoft «ölüm ekranynyň» dizaýnyny resmi taýdan gara reňke üýtgetdi: ol 40 ýyllar mawy reňkdedi

Microsoft Windows operasiýa ulgamynda peýda bolýan meşhur "ölüm ekranynyň" (BSoD – Blue Screen of Death) reňkini üýtgeder. Bu barada The Verge neşiri habar berýär. Gök ekran indi gara reňkde çykar. Bu üýtgeşikme baradaky ilkinji maglumatlar mart aýynda peýda bolupdy, şol wagt ekranyň ýaşyl reňkde boljagy aýdylýardy
Xiaomi 339 dollardan Snapdragon 8s Gen 4 çipli Poco F7 smartfonyny çykardy
26.06.2025 18:51
6k+

Xiaomi 339 dollardan Snapdragon 8s Gen 4 çipli Poco F7 smartfonyny çykardy

Xiaomi täze smartfony — Poco F7-ni hödürledi. Täze enjam mart aýynda çykarylan F7 Ultra we F7 Pro modelleriniň üstüni ýetirdi. Smartfon 4 nm tehnologiýasynda öndürilen sekiz ýadroly Snapdragon 8s Gen 4 prosessorynda işleýär we AnTuTu testinde 2 milliondan gowrak bal toplapdyr
Marvel täze «Fantastiki dörtlügiň» jemleýji treýlerini görkezdi
26.06.2025 18:09
4.8k+

Marvel täze «Fantastiki dörtlügiň» jemleýji treýlerini görkezdi

Marvel “Fantastik dörtlük: Ilkinji ädimler” (“Fantastic Four: First Steps”) filminiň soňky treýlerini köpçülige hödürledi. Film dünýä boýunça prokata 25-nji iýulda çykyp, Marvel-iň kinematografik äleminiň altynjy tapgyrynyň başlangyjy bolar
Samsung Unpacked tanyşdyrylyşyny senesini resmi taýdan tassyklady: 9-njy iýulda nämeler garaşýar
26.06.2025 17:29
2.6k+

Samsung Unpacked tanyşdyrylyşyny senesini resmi taýdan tassyklady: 9-njy iýulda nämeler garaşýar

Samsung 9-njy iýulda Galaxy Unpacked tanyşdyryş çäresiniň geçiriljekdigini resmi taýdan tassyklady. Täze enjamlar Nýu-Ýorkda, ýerli sagat bilen sagat 10:00-da (Aşgabat wagty bilen 19:00-da) görkeziler diýip, The Verge habar berýär
Apple tankytlary nazara alyp, iOS 26-nyň ikinji beta wersiýasynda Liquid Glass-yň interfeýsiniň üstünde işledi
26.06.2025 16:42
4.1k+

Apple tankytlary nazara alyp, iOS 26-nyň ikinji beta wersiýasynda Liquid Glass-yň interfeýsiniň üstünde işledi

Apple kompaniýasy iOS 26 operasion ulgamynyň ikinji beta-wersiýasyny çykardy. Bu täzelenme bilen kompaniýa täze interfeýs dizaýny bolan Liquid Glass-daky esasy meseleleriň birini düzetdi. Täze interfeýs ýokary aç-açanlykly aýnanyň optiki aýratynlyklaryndan ylham alyp işlenipdi
Windows 11-de dikeldiş nokatlary iki aýdan pozulyp başlar
26.06.2025 16:31
2k+

Windows 11-de dikeldiş nokatlary iki aýdan pozulyp başlar

Microsoft kompaniýasy Windows 11-de dikeldiş nokatlarynyň (Restore point) saklanyş möhletini üýtgetdi. 2025-nji ýylyň iýun aýyndan başlap, 24H2 wersiýasy üçin täze täzelenme girizilenden soň, bu nokatlar indi diňe 60 gün saklanar — öň bu möhlet 90 güne barabardy
Huawei eplenýän Pocket 2 Premium Edition-y çykarar: ol esasy wersiýadan arzan bolar
26.06.2025 16:21
3.2k+

Huawei eplenýän Pocket 2 Premium Edition-y çykarar: ol esasy wersiýadan arzan bolar

Huawei täze eplenýän Pocket 2 Premium Edition smartfonyny çykarmaga taýýarlanýar diýip, brendiň Weibo sosial ulgamyndaky resmi hasaby habar berýär. Täze model 26-njy iýunda satuwa çykarylar we öňki Pocket 2 modelindäki ýaly dört reňkde hödürlener: Tahitian Gray (çal), Rococo White (ak), Purple (gyrmyzy), Black (gara)
Gaý Riçiniň «Gangsterland» serialy ikinji möwsüme uzaldyldy
26.06.2025 16:12
3.1k+

Gaý Riçiniň «Gangsterland» serialy ikinji möwsüme uzaldyldy

Paramount kompaniýasy “Gangsterland” teleserialyny ikinji möwsüme uzaltdy diýip, Variety habar berýär. Serial mart aýynda başlapdy, ilkinji möwsüminiň soňky bölümi bolsa 1-nji iýunda görkezildi. Serial alty hepde yzygiderli Nielsen reýtinginde iň gowy on original taslamanyň hataryna girmegi başardy
Jeýms Bond hakyndaky indiki filmi "Alaňyň" režissýory Deni Wilnýow düşürer
26.06.2025 16:00
2.3k+

Jeýms Bond hakyndaky indiki filmi "Alaňyň" režissýory Deni Wilnýow düşürer

Jeýms Bond baradaky indiki filmi kanadaly režissýor Deni Wilnýow surata düşürer diýip, Variety habar berýär. Wilnýow “Gelip çykyş” («Прибытие»), “Duşman” («Враг»), “Päkiniň üstünden ylgap barýan 2049” («Бегущий по лезвию 2049») we “Alaň” («Дюна») filminiň iki bölümi bilen tanalýar
Türkmenistanyň Döwlet sirki şowhunly çykyşy bilen möwsümi tamamlaýar
26.06.2025 13:57
3.5k+

Türkmenistanyň Döwlet sirki şowhunly çykyşy bilen möwsümi tamamlaýar

Türkmenistanyň Döwlet sirki Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny şowhunly sirk tomaşalaryny görmäge çagyrýar. Bu çykyşlar şu möwsümde iň soňky bolar. Çykyşlar 29-nnjy iýunda sagat 18:00-da başlanýar. Çykyşlaryň
"Death Stranding 2" tankytçylary haýran galdyrdy. Oýna “sungat eseri” diýip baha berildi
25.06.2025 15:35
4.9k+

"Death Stranding 2" tankytçylary haýran galdyrdy. Oýna “sungat eseri” diýip baha berildi

26-njy iýunda çykarylmagy meýilleşdirilýän "Death Stranding 2: On the Beach" oýny tankytçylaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy. Metacritiс-de Hideo Kodzimanyň täze taslamasynyň 94 syn esasynda 90 baly bar - diňe üçüsi garyşyk, galanlary oňyn
SpaceX adaty ýükler bilen birlikde, kosmosa adamlaryň we haýwanlaryň galyndylaryny hem çykardy
25.06.2025 11:59
7.7k+

SpaceX adaty ýükler bilen birlikde, kosmosa adamlaryň we haýwanlaryň galyndylaryny hem çykardy

23-nji iýunda Kaliforniýanyň (ABŞ) Wandenberg kosmodromyndan SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketasy uçuryldy. Bu sapar raketa dürli sargytçylaryň 70 sany adaty ýükünden başga-da, adaty bolmadyk ýüki – adamlar bilen öý haýwanlarynyň külünden we DNK-syndan ybarat 150 kapsulany hem orbita çykardy
Jonni Depp Jek Worobeýiň keşbinde Madridiň hassahanasyndaky çagalary begendirdi
25.06.2025 11:31
13k+

Jonni Depp Jek Worobeýiň keşbinde Madridiň hassahanasyndaky çagalary begendirdi

Jonni Depp Madriddäki Niño Jesús hassahanasynda bejergi alýan çagalary begendirmek üçin ýene-de kapitan Jek Worobeýiň keşbinde peýda boldy diýip, People neşiri habar berýär. Aktýor meşhur garakçynyň keşbinde hassahananyň otaglaryna aýlanyp, kiçijik hassalar bilen salamlaşdy, olara “bäş berdi” we ruhlaryny göterdi
Günorta Koreýanyň kazyýeti sanly awatarlary hakyky adamlar ýaly gorap başlady
24.06.2025 19:05
6.8k+

Günorta Koreýanyň kazyýeti sanly awatarlary hakyky adamlar ýaly gorap başlady

Günorta Koreýanyň kazyýeti sanly awatarlara atylan töhmeti olaryň eýeleriniň mertebesine zyýan ýetirmek bilen deňeşdirdi. Bu barada South China Morning Post habar berýär. Kazyýet işi Plave wirtual K-pop toparynyň agzalary tarapyndan öňe sürüldi
Hideo Kodzima Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan dünýäniň iň meşhur geýmdizaýneri diýlip ykrar edildi
24.06.2025 18:51
6k+

Hideo Kodzima Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan dünýäniň iň meşhur geýmdizaýneri diýlip ykrar edildi

Ýaponiýaly geýmdizaýner we režissýor Hideo Kodzima iň meşhur oýun režissýory hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Bu barada ýapon teleýaýlymlarynyň birinde berlen tok-şouwyň göni ýaýlymynda habar berildi
Redmi smartfonlar we konsollar üçin oýun geýmpadyny hödürledi
24.06.2025 18:46
4k+

Redmi smartfonlar we konsollar üçin oýun geýmpadyny hödürledi

Redmi kompaniýasy mobil oýunlaryna gönükdirilen hususy oýun kontrollerini çykarmaga taýýarlanýar. Bu barada Xiaomi-niň önüm menejeri Bao So Li salgylanyp, Gizmochina habar berýär. Täze gurluş Bluetooth birikmesini goldaýar, bu hem ony diňe bir smartfonlar we planşetler däl, eýsem oýun konsollary bilen hem ulanmaga mümkinçilik berýär
Pixar-yň “Elio” atly täze multfilmi studiýanyň taryhynda iň ýaramaz kassa ýygymy bilen başlady
24.06.2025 10:32
3.3k+

Pixar-yň “Elio” atly täze multfilmi studiýanyň taryhynda iň ýaramaz kassa ýygymy bilen başlady

“Elio” multfilmi hepdäniň ahyrynda ABŞ-da bary-ýogy 21 million dollar girdeji gazandy. Variety neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, bu Pixar üçin häzirki taryhynda iň gowşak ilkinji çykyş boldy. Filmiň umumy girdejisi 25 million - 30 million dollar aralygynda bolar diýlip garaşylýardy
Stiwen Spilberg täze ylmy-hyýaly blokbasterini surata düşürip boldy
24.06.2025 10:29
3.8k+

Stiwen Spilberg täze ylmy-hyýaly blokbasterini surata düşürip boldy

Stiwen Spilbergiň täze ylmy-hyýaly filminiň surata düşürmek işleri tamamlandy diýip, filmiň edebi esasyny ýazan Dewid Kep (“Gizlin penjire” (“Тайное окно”)  World of Reel neşirine beren interwýusynda aýtdy. Filmiň ady entek aýan edilmedi