Awstraliýa 40 ýylyň içinde iň köp gar ýagdy

04.08.2025, 14:329,515
1 / 2

Awstraliýa soňky kyrk ýylyň içinde iň güýçli gar ýagdy. Täze Günorta Uels ştatynyň demirgazyk etraplaryna 40 santimetre çenli gar düşdi, bu 1980-nji ýyllaryň ortalaryndan bäri iň köp ygal boldy.

Gar Armideýl we Gaýra şäherlerine ýagdy. Sky News-yň berýän habaryna görä, goňşy Kwinslend ştatynda bu soňky on ýylyň içinde ilkinji hadysa boldy.
Täze Günorta Uelsiň halas ediş gullugynyň habaryna görä, rekord derejede ýagan gar 1455 hadysanyň döremegine sebäp boldy. Tupan sebäpli ýüzden gowrak ulag ýollarda batyp, on müňlerçe öý toksuz galdy. Sebitde sary howa duýduryşy dowam edýär.
Awstraliýanyň Howa býurosynyň meteorology Miriam Bredberi howanyň üýtgemegi sebäpli soňky ýyllarda ýurduň howa şertlerini öňünden çaklamagynyň kynlaşyp barýandygyny, garyň bu derejede ýagmagynyň bolsa asla garaşylmadyk ýagdaý bolandygyny aýtdy.
Adaty bolmadyk tebigy hadysa ýaşaýjylaryň arasynda uly seslenme döretdi. Olaryň käbiri ömründe ilkinji gezek gar gördi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.