TikTok ýetginjekleriň akkauntlaryna ene-ata gözegçiligini güýçlendirdi

02.08.2025, 12:515,280

TikTok ene-ata gözegçiligini güýçlendirýän täze funksiýalary işjeňleşdirdi. Bu barada TechCrunch portaly habar berdi.

Täzelikleriň arasynda ene-atalaryň akkauntyny 16-17 ýaşyndaky ýetginjegiň akkaunty bilen baglanyşdyrmaga mümkinçilik berýän Pairing funksiýasy bar. Onuň kömegi bilen ulular howpsuzlyk parametrlerini sazlap, ýetginjegiň görýän ýakymsyz akkauntlaryny bloklap biler. Mundan başga-da, ene-atalar kämillik ýaşyna ýetmedik çaga wideo, storis ýa-da surat bilen paýlaşsa, habarnama alar. TikTok munuň ululara çaganyň platformadaky işjeňliginden habarly bolmaga kömek etjekdigini belleýär.
Şeýle-de, ene-atalar ýetginjegiň haýsy gizlinlik sazlamalaryny saýlandygyny, hususan-da, onuň kontentini ýükläp bolýandygyny we onuň agza bolan adamlarynyň sanawynyň beýlekilere görünýändigini ýa-da ýokdugyny yzarlap biler.
Ozal TikTok 18 ýaşdan kiçi ulanyjylar üçin çäklendirme girizdi. Ýetginjeklere daşky keşbiňi üýtgedýän býuti-filtrleri ulanmak gadagan edildi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, şeýle filtrler ýaşlaryň, aýratynam, gyzlaryň öz keşbine tankydy garamagyna getirýär.
Mundan başga-da, TikTok platformada 13 ýaşdan kiçi çagalaryň hasaba alynmagyny gadagan etmekçidigini aýtdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.