Hytaýyň Xteink elektron kitap okalgyjy bazarda garaşylmadyk ýagdaýda geçginli enjama öwrüldi. Bu kredit kartyndan sähelçe uly ykjam enjamyň bahasy 70 dollardan başlaýar. Xteink eýýäm Amazonda e-kitap okalgyçlarynyň sanawynda birinji orny eýeläp, Kindle modelleriniň birnäçesinden öňe geçdi.
Xteink X3-iň esasy modeliniň agramy bary-ýogy 58 gram, galyňlygy 5,1 mm bolup, onuň 16 GB-lyk içki ýadyny 256 GB-a çenli giňeldip bolýar. Enjam txt, epub, mobi, pdf, jpg we png ýaly esasy formatlary okaýar. Şonuň bilen birlikde onda sensor ekrany, reňkli displeý ýa-da yşyklandyryjy ýok.

Kompaniýa, şeýle-de sensor ekranly we yşyklandyryjyly iki sany funksional modeli: 79 dollardan Xteink X4 Classic-i we 99 ýewrodan Xteink X4 Pro-ny hem çykardy (olaryňam agramy, degişlilikde, 68 we 72 gram).
Enjamyň programma üpjünçiligi entek onuň ejiz ýeri bolmagynda galýar: Xteink kitabyň daşky sahabyny görkezip bilmeýär, käte bolsa teksti nädogry formata salýar. Höwesjeňler eýýäm okalgyjyň mümkinçiliklerini giňeldýän Crosspoint programma üpjünçiligini hem döretdiler.

The Atlantic gazetiniň synçysy Saahil Desai öň iki aýda bir kitaby okaýan bolsa, indi Xteink bilen aýda üç kitap okap başlandygyny hem-de iPhone-ynyň gündelik ortaça ulanylyş wagtynyň 25 minut azalandygyny belleýär.
"Men işe gidip-gelýän wagtym ýolda, muzeýe nobata duramda we hatda Netflix reklamalaryny görkezýän wagty hem okap başladym" diýip, žurnalist ýazýar.
Desainiň aýtmagyna görä, onuň okamak endiginiň üýtgemegine hut Xteink-iň kiçi ölçegdeligi täsir eden bolmaly. Çünki enjamyň her sahypasyna diňe bir-iki abzas sygýar, bu bolsa soňuna çenli okamaga höwes döredýär.

Şeýle täsiri başdan geçiren blogerler muny «okyjylygyň tiktoklaşmasy», ýagny gysga wideolary yzyny üzmän geçirip oturmagyň ýerini tutup bilýän endik diýip atlandyrdylar.