TikTok-daky wideolaryň teswirinde 4 sany täze funksiýa peýda boldy

06.09.2026, 18:325,339
1 / 3

TikTok teswirler bölümine dört sany täze mümkinçiligiň goşulýandygyny mälim etdi. Kompaniýanyň maglumatyna görä, platformada her gün 1,7 milliarddan gowrak teswir ýazylýar.

Birinji täze funksiýa — sesli teswirler. Ulanyjy teswirler bölümindäki mikrofon nyşanyna basyp saklap, 60 sekunda çenli ses ýazyp biler. Teswir ýerleşdirilenden soň, beýleki ulanyjylar ony diňläp biler. Bu aýratynlyk indiki aýyň dowamynda işe giriziler we diňe 18 ýaşdan uly ulanyjylara elýeterli ediler.

Ikinji mümkinçilik — sorag-jogap geçirmek. Teswir ýazan adam jogabyň iň köpi 5 görnüşini tirkäp, ses bermegiň möhletini kesgitläp biler. Ses berilişigiň netijeleri teswirlerde şol wagt görkeziler.

TikTok indi bir teswirde goşmaça birnäçe surat ýerleşdirmek mümkinçiligini hem berýär. Öň diňe bir surat goşmak mümkin bolan bolsa, täze funksiýa arkaly dokuz surata çenli paýlaşyp bolar. Bu aýratynlyk hem indiki aýyň dowamynda işläp başlar.

Dördünji täzelik — «Live-foto» suratlary. Bu funksiýa eýýäm dünýäniň ähli ýerindäki ulanyjylar üçin elýeterli. Şeýle suraty smartfonyň galereýasyndan ýükläniňde, adaty surat bilen birlikde onuň gysga wideo görnüşi hem görkezilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.