Ýewrokomissiýa TikTok-y çagalary goraýyş düzgünlerini bozmakda aýyplady

Şu gün, 09:21503

Ýewropa komissiýasy TikTok sosial ulgamynyň Sanly hyzmatlar baradaky kanunyň (DSA) talaplaryny bozýandygy barada deslapky netijä geldi. Netijä görä, kämillik ýaşyna ýetmedikleriň akkauntlarynyň howpsuzlyk sazlamalary olaryň şahsy maglumatlaryny we paýlaşýan mazmunyny (kontentini) ýeterlik derejede goramaýar.

Ýewrokomissiýanyň başlygynyň ýerine ýetiriji orunbasary Henna Wirkkuneniň belleýşi ýaly, çagalaryň goragy platformalaryň öz meýletin islegine bagly bolman, sanly hyzmatlara ilkibaşda awtomat usulda girizilen bolmalydyr.

Ýewrokomissiýa TikTok-yň kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylarynyň öz akkauntlaryna «hemme kişi üçin açyk» (köpçülikleýin) statusyny goýup bilýändigini nygtaýar. Şeýle ýagdaýda olaryň paýlaşýan materiallaryny islendik ulanyjy, hatda ulgamda hasapda ýok adamlar hem görüp bilýär. Şonuň ýaly-da, 16–17 ýaşly ulanyjylaryň paýlaşan zatlary «Siziň üçin» diýen sahypa arkaly maslahat berilýänleriň arasyna düşüp, köpçülige-de görkezilip bilinýär.

«Şeýle açyklyk hyýanatçy adamlar tarapyndan islenilmeýän aragatnaşyklara we paýlaşylan materiallaryň kiberbulling (internetde kemsitmek/üstünden gülmek) üçin ulanylmak töwekgelçiligine getirip biler. Bu funksiýa näbelli adamlara çaganyň durmuşyna goşulmaga mümkinçilik berýär» diýip, Ýewrokomissiýada düşündirilýär.

Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň paýlaşýan zatlary internetde hemişelik galyp, olaryň uly adam bolan döwründe hem tapylyp biljekdigi sebäpli, bu funksiýa özünde «ömürlik ýaramaz täsir etmek töwekgelçiligini» hem göterýär.

Şunlukda Brýussel kämillik ýaşyna ýetmedikleriň paýlaşýan materiallarynyň diňe olaryň öz tassyklan (rugsat beren) TikTok ulanyjylaryna görkezilmeli diýlen talaby öňe sürýär.

Kompaniýa derňewiň maglumatlary bilen tanyşmaga we öz ýazmaça garşylyklaryny bildirmäge mümkinçilik aldy. Eger deslapky netijeler tassyklansa, Ýewrokomissiýa bu platformany DSA talaplaryny bozan diýip yglan edip biler we jerime bellenilmegi mümkin. Jerimäniň möçberi düzgün bozmanyň häsiýetine, agyrlygyna, gaýtalanmagyna we dowamlylygyna bagly bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.