TikTok platformasy özüniň psihiki saglygyna zyýan ýetmeginde sosial tory günäkärlän 15 ýaşly ýetginjek bilen özara ylalaşyk gazandy. «NBC News» neşiriniň ýazmagyna görä, ylalaşygyň anyk şertleri häzirki wagtda entek doly ylalaşylmady.
Bu işe Kaliforniýa ştatynyň kazyýetinde seredilýär. RKC harplary bilen görkezilýän ýetginjek diňe bir TikTok däl, eýsem YouTube, Instagram we Snapchat ýaly platformalaryň üstünden hem kazyýete ýüz tutdy.
Şikaýatçynyň sözlerine görä, ol sosial torlardan sekiz ýaş töwereginde peýdalanyp başlapdyr. Ýetginjek bu platformalaryň özünde garaşlylyk döredendigini aýdýar. Şol sebäpli ol ukusyzlykdan, depressiýadan we howsalalykdan ejir çekipdir. Mundan üç ýyl ozal bolsa psihoterapewte gatnap başlapdyr.
Ýetginjegiň öňe süren talaplary aýan edilmeýär. Mundan ozal YouTube hem onuň bilen parahatçylykly ylalaşyk gazanypdy. Galan jogapkär taraplara garşy açylan şikaýatlara bolsa kazyýet oturdaşlarynyň gatnaşmagynda 27-nji iýulda Los-Anjelesiň Ýokary kazyýetinde seredilip başlanar.