Trend bolan «mogging» sözi Collins tarapyndan ýylyň sözi saýlandy: ol nämäni aňladýar?

Şu gün, 18:00952

«Collins» iňlis diliniň sözlügi bir adamyň ýa-da ýagdaýyň beýleki bir adamdan ýa-da ýagdaýdan artykmaçlygyny aňladýan «mogging» sleng sözüni 2026-njy ýylyň sözi diýip saýlady. Ilkibaşda bu adalga, esasan, daşky keşbe degişlidi, ýöne wagtyň geçmegi bilen onuň manysy giňeldi.

Adalganyň gelip çykyşy «Alpha Male of the Group» (toparyň alfa-erkegi) diýen manyny berýän AMOG gysgaltmasy bilen baglanyşdyrylýar. 2010-njy ýyllaryň ortalarynda ol, esasan, bodibildinge bagyşlanan forumlarda, şeýle hem «manosfera» diýlip atlandyrylýan jemgyýetlerde ulanylýardy.

Häzirki wagtda bu söz Z we Alfa nesilleriniň arasynda has-da meşhurdyr. Onuň bilen degişme görnüşinde kimdir biriniň daş-töweregindäkilerden üstündigini, has özüne çekiji görünýändigini ýa-da haýsydyr bir häsiýetleri boýunça bäsdeşinden öňe geçýändigini suratlandyrýarlar. Ýagdaýa baglylykda «mogging» (moglamak) öwgi ýa-da tersine, gülki ýaly eşidilip bilner.

«Collins» neşiriniň maglumatyna görä, bu sözüň ulanylyş ýygylygy geçen ýyl 210% artdy. Neşirýatyň dolandyryjy direktory Aleks Bikroft sözüň saýlanylmagynyň ýaş nesilleriň diliň ösüşine edýän täsirini görkezýändigini belledi:

«Bu Z we Alfa nesilleriniň sözi özleşdirip, ony degişme slengine öwrendikleriniň, dili özüniňkä öwrüp, beýleki ähli adamlara "mogging" edendikleriniň ajaýyp mysalydyr!»

Rus dilinde iňlis slenginden alnan «могнуть» sözi hem giňden ýaýrady. Geçen tomus TikTok-da «Su ýe fa» (Цу е фа) toparynyň «Я тебя могну» aýdymy meşhurlyk gazandy.