Türkmenistanyň halk artisti, halk bagşysy we beýleki hormatly atlar dakyldy

Düýn, 11:0512,309

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurdy ösdürmekde, milli we döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmakda, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda hem-de döwletiň dünýädäki abraýyny belende götermekde önjeýli goşant goşan raýatlary Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakynda Karara gol çekdi.

Resminamada bellenilişi ýaly, bu meselede ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny, ylym, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet hem-de sungat ulgamlaryny ösdürmekde, täze tehnikalary, tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmakda, ilata ýokary hilli hyzmat etmekde, azyk bolçulygyny üpjün etmekde, çeperçiligi ýokary sungat eserlerini döretmekde, ýaşlary Watana söýgi, mertlik hem-de halallyk ruhunda terbiýelemekde raýatlaryň köp ýylyň dowamynda alyp baran halal we göreldeli zähmeti nazara alyndy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen şu aşakdaky şahsyýetlere Türkmenistanyň hormatly atlary dakyldy:

«Türkmenistanyň halk artisti»:

  • Çinar Şaýmerdanowna Jumaýewa — Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň «Estrada artistleri» toparynyň ýokary derejeli artisti-wokalisti;
  • Maýagül Amannurowna Annaýewa — Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň sahna ussady;
  • Sapardurdy Çaryýewiç Mommodow — Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň ýokary derejeli artisti;
  • Berdimyrat Berdiýew — Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy, aýdymçy.

«Türkmenistanyň halk suratkeşi»:

  • Döwletgeldi Jumagylyjowiç Akyýew — «Güneş» žurnalynyň jogapkär kätibi.

«Türkmenistanyň halk bagşysy»:

  • Meretgeldi Perdeliýewiç Tüňňiýew — Mary welaýat Medeniýet müdirliginiň Tagtabazar etrabynyň Gulja geňeşligindäki Gulja oba medeniýet öýüniň müdiri.

Mundan başga-da, ýurduň dürli pudaklarynda zähmet çekip, ýokary netijeleri görkezen hünärmenlere at gazanan artist, bagşy, sungatda at gazanan işgär, at gazanan žurnalist, at gazanan senagat işgäri, gurluşykçy, ulag işgäri, aragatnaşyk işgäri, oba hojalyk işgäri, saglygy goraýyş işgäri, medeniýet işgäri, durmuş hyzmaty çygrynyň at gazanan işgäri hem-de at gazanan uçarman diýen hormatly atlar dakyldy.

Şeýle hem baýramçylyk mynasybetli raýatlaryň birnäçesi Türkmenistanyň «Gaýrat» we «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary bilen sylaglandy.