Syýasat we ykdysadyýet

Türkmenistanyň gurluşyk ministri Pekinde “Hytaý-Merkezi Aziýa” formatyndaky maslahata gatnaşdy
11.11.2025 14:01
4.4k+

Türkmenistanyň gurluşyk ministri Pekinde “Hytaý-Merkezi Aziýa” formatyndaky maslahata gatnaşdy

6-8-nji noýabr aralygynda Pekinde “Hytaý-Merkezi Aziýa” formatynda gurluşyk ministrleriniň maslahaty geçirildi. Bu duşuşyk ýokary hilli şäher gurluşygyna we “Bir guşak – bir ýol” başlangyjynyň çäginde hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gönükdirildi
Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen ASEAN guramasynyň arasynda ulgamlaýyn dialog pikirini goldady
11.11.2025 13:54
1.9k+

Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen ASEAN guramasynyň arasynda ulgamlaýyn dialog pikirini goldady

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Pälwanow Brýusselde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Mongoliýanyň we Günorta-Gündogar döwletleriniň assosiasiýasynyň (ASEAN) ilçileriniň duşuşygyna gatnaşdy. Diplomatlar depginli ösýän iki sebitiň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Polşany Milli garaşsyzlyk güni bilen gutlady
11.11.2025 11:31
1.6k+

Türkmenistanyň Prezidenti Polşany Milli garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Polşa Respublikasynyň Prezidenti Karol Nawroskä Polşa Respublikasynyň Milli garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden
Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
11.11.2025 10:13
7.7k+

Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

11-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýat häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň sebitlerinde we oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy
Türkmenistanyň birža söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 5 million 506 müň dollardan gowrak boldy
11.11.2025 01:06
2.3k+

Türkmenistanyň birža söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy 5 million 506 müň dollardan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 506 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 11-si hasaba alyndy.  Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Owganystanyň
Tramp ABŞ-nyň raýatlaryna paç girdejilerinden 2 müň dollar tölemäge wada berdi
10.11.2025 18:17
14k+

Tramp ABŞ-nyň raýatlaryna paç girdejilerinden 2 müň dollar tölemäge wada berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp hökümetiň gümrük paçlaryndan alnan girdejilerden ähli raýatlara 2 müň dollardan tölejekdigini aýtdy. Bu barada ol özüniň Truth Social sosial ulgamynda ýazdy. “Her bir adama azyndan 2000 dollar möçberde töleg tölener (ýokary girdejili adamlary hasaba almazdan
Türkmenistanda güýzki bag ekmek möwsüminiň çäklerinde on müňlerçe bag nahallary oturdyldy
10.11.2025 14:32
4.5k+

Türkmenistanda güýzki bag ekmek möwsüminiň çäklerinde on müňlerçe bag nahallary oturdyldy

8-nji noýabrda Türkmenistanda güýzki ählihalk bag ekmek dabarasy giňden ýaýbaňlandyryldy. Onuň çäklerinde tutuş ýurdumyz boýunça bag nahallary ekildi. "Türkmenistan" gazeti welaýatlar boýunça bag ekmek çäresiniň geçirilişi barada san maglumatlaryny paýlaşdy
Türkmenistanyň ilçisi Indoneziýanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy
10.11.2025 12:57
8k+

Türkmenistanyň ilçisi Indoneziýanyň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

7-nji noýabrda Türkmenistanyň Indoneziýadaky ilçisi M.Maşalow ýurduň Prezidenti Prabowo Subianto ynanç hatlaryny gowşurdy. Dabara Jakarta şäherinde Prezident köşgünde (Merdeka Palace) geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
Türkmenistan häzirki döwrüň howplaryna garşy göreşmekde BMG bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär
10.11.2025 12:50
3.4k+

Türkmenistan häzirki döwrüň howplaryna garşy göreşmekde BMG bilen hyzmatdaşlygyny berkidýär

7-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen BMG-niň Neşe serişdeleri we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň (UNODC) Merkezi Aziýa, Owganystan, Eýran we Pakistan boýunça sebitleýin wekili Oliwer Ştolpeniň arasynda duşuşyk geçirildi
Raşid Meredow Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy
10.11.2025 12:29
2.4k+

Raşid Meredow Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Hamid Ganbariniň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşyk iki ýurduň daşary syaýasat edaralarynyň arasyndaky işjeň dialogyň dowamy boldy
Aşgabatda «Türkmenistan - ÝB» Bilelikdäki Komitetiniň 24-nji mejlisi geçirildi
10.11.2025 12:27
1.5k+

Aşgabatda «Türkmenistan - ÝB» Bilelikdäki Komitetiniň 24-nji mejlisi geçirildi

7-nji noýabrda Aşgabatda «Türkmenistan-Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki Komitetiniň 24-nji mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýetine maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakow ýolbaşçylyk etdi.
Dünýäde adam başyna tüwi iň köp sarp edilýän ýurtlaryň ady belli boldy
10.11.2025 11:09
9.9k+

Dünýäde adam başyna tüwi iň köp sarp edilýän ýurtlaryň ady belli boldy

Tüwi köp ýurtlaryň milli naharlarynda esasy orun eýeleýär. WorldStats-yň maglumatlaryna görä, adam başyna tüwi sarp edilişinde Mýanma ilkinji ýerde durýar — bir adam ortaça ýylda 278,97 kilogram tüwi iýýär. Mýanmanyň yzyndan Komor adalary (274,51 kg), Gambiýa (256,4 kg), Kamboja (247,54 kg) we Bangladeş (246,85 kg) gelýär
Türkmenistanyň Prezidenti Hasyl toýy mynasybetli «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi
10.11.2025 06:54
7.5k+

Türkmenistanyň Prezidenti Hasyl toýy mynasybetli «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary Türkmenistanyň
Starlink Hindistanyň çet sebitlerini internete birikdirmäge kömek eder
10.11.2025 06:44
3.4k+

Starlink Hindistanyň çet sebitlerini internete birikdirmäge kömek eder

Hindistanyň Maharaştra ştatynyň häkimiýeti çet we doly üpjün edilmedik sebitlerde hemra internetini işe girizmek üçin Starlink bilen hyzmatdaşlyk etmek islegi barada şertnama baglaşdy. Bu taslama ştat boýunça giň zolakly elýeterliligi giňeltmäge gönükdirilen “Sanly Maharaştra” maksatnamasynyň bir bölegi bolar
ABŞ-da şatdaun sebäpli 2 günde 15 müň awiagatnaw ýatyryldy we gijikdirildi
10.11.2025 06:38
6k+

ABŞ-da şatdaun sebäpli 2 günde 15 müň awiagatnaw ýatyryldy we gijikdirildi

Býujet barada ylalaşygyň gazanylmandygy sebäpli hökümet işiniň togtadylmagy netijesinde ABŞ-nyň uly howa menzillerinde gatnaw bökdençlikleri dowam edýär. Reuters agentliginiň maglumatlaryna görä, diňe 8-nji noýabrda 1,5 müň töweregi gatnaw ýatyryldy we ýene 6 müňüsi gijikdirildi
Awstraliýada raýatlara her gün üç sagat mugt Gün energiýasy berler
09.11.2025 22:50
5.3k+

Awstraliýada raýatlara her gün üç sagat mugt Gün energiýasy berler

Awstraliýanyň hökümeti Solar Sharer Offer (SSO) atly maksatnamany işe girizmäge taýýarlanýar. Maksatnama gatnaşýan raýatlar her gün üç sagatlap Gün energiýasyndan mugt peýdalanyp bilerler. Bu mümkinçilik, hatda öýünde Gün paneli bolmadyk adamlar üçin hem elýeterli bolar
Daniýada 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan edýän kanun taýýarlanýar
09.11.2025 21:11
3.6k+

Daniýada 15 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan edýän kanun taýýarlanýar

Daniýanyň hökümeti 15 ýaşa ýetmedik çagalaryň sosial torlara girmegini gadagan edýän kanuny taýýarlap başlady. Reuters agentliginiň maglumatyna görä, täze düzgün güýje girse, ene-atalaryň özleri käbir platformalara rugsat berip bilerler
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň gatnaşmagynda bag ekmek möwsümine badalga berildi
09.11.2025 19:41
8k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň gatnaşmagynda bag ekmek möwsümine badalga berildi

8-nji noýabrda Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň günortasynda 12 ýyllyk türkmen arçasyny oturdyp, güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi
Türkmenistanyň DIM-nde CARIСC bilen hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy
08.11.2025 18:17
2.5k+

Türkmenistanyň DIM-nde CARIСC bilen hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy

6-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalarynyň we olaryň prekursorlarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreşmek boýunça Merkezi Aziýanyň sebitleýin maglumat beriş utgaşdyryş merkeziniň (CARIСС) direktory Mahmut Hamidowyň arasynda duşuşyk geçirildi
«Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki komitetiniň nobatdaky mejlisini geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy
08.11.2025 18:15
1.8k+

«Türkmenistan – Ýewropa Bileleşigi» Bilelikdäki komitetiniň nobatdaky mejlisini geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy

6-njy noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň daşary gatnaşyklary gullugynyň Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça dolandyryjy direktorynyň orunbasary Audrone Perkauskeneniň arasynda duşuşyk geçirildi
Gülüstan welaýatynda bilelikdäki türkmen-eýran söwda zolagyny döretmek meselesi maslahatlaşyldy
08.11.2025 17:48
3.8k+

Gülüstan welaýatynda bilelikdäki türkmen-eýran söwda zolagyny döretmek meselesi maslahatlaşyldy

Eýranyň Gülüstan welaýatynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) çäklerinde Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda bilelikdäki söwda zolagyny döretmek boýunça Ikinji iş duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär
Waşingtonda «C5+1» formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli işewürlik maslahaty geçirildi
08.11.2025 13:06
5.3k+

Waşingtonda «C5+1» formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli işewürlik maslahaty geçirildi

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Waşington şäherinde ýerleşýän Jon Kennedi adyndaky Ýerine ýetirijilik sungaty merkezinde «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» hyzmatdaşlyk formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli işewürlik maslahaty geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň ABŞ iş sapary tamamlandy
08.11.2025 09:57
10k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň ABŞ iş sapary tamamlandy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Waşington şäheriniň Andrews Halkara howa menziline bardy. TDH-nyň habar berşi ýaly, bu ýerde Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A
Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Hasyl toýy bilen gutlady
08.11.2025 09:52
5.8k+

Serdar Berdimuhamedow türkmen halkyny Hasyl toýy bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerini, hasyl ussatlaryny we ähli halkyny Hasyl toýy mynasybetli gutlady. Döwlet Baştutany Hasyl toýuny daýhanlary täze zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýan ajaýyp baýram, türkmen daýhanlarynyň ýylboýy çekýän halal zähmetine döwlet derejesinde bildirilýän hormatyň nyşany diýip atlandyrdy
Serdar Berdimuhamedow «Nicklaus» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen Türkmenistanda golfy ösdürmek meselelerini maslahatlaşdy
08.11.2025 09:15
8k+

Serdar Berdimuhamedow «Nicklaus» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen Türkmenistanda golfy ösdürmek meselelerini maslahatlaşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň Baş direktory Jon Riz bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan sporty we syýahatçylygy ösdürmäge durnukly ösüşiň möhüm ugurlary hökmünde garaýar
Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri bilen duşuşdy
08.11.2025 09:08
9.4k+

Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri bilen duşuşdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Prezident Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň Kongresiniň Wekiller palatasynyň Daşary işler boýunça komitetiniň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kiçi komitetiniň başlygy Bill Hýuzenga hem-de onuň orunbasary Sidni Kaý Kamlager-Daw bilen duşuşdy
Serdar Berdimuhamedow Waşingtonda «Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşdy
08.11.2025 09:01
11k+

Serdar Berdimuhamedow Waşingtonda «Merkezi Aziýa — ABŞ» formatyndaky sammite gatnaşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde «Merkezi Aziýa — Amerikanyň Birleşen Ştatlary» formatyndaky sammite gatnaşdy. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň başlyklyk etmeginde
Serdar Berdimuhamedow Ak tamda Donald Tramp bilen duşuşdy
08.11.2025 08:43
22k+

Serdar Berdimuhamedow Ak tamda Donald Tramp bilen duşuşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde Ak tamda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär. Türkmenistanyň Prezidenti Ak tamyň Ruzwelt otagynda Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy
Dünýäniň iň uly import edijileri belli edildi
08.11.2025 07:34
7.7k+

Dünýäniň iň uly import edijileri belli edildi

Bütindünýä Söwda Guramasynyň maglumatlaryna görä, ABŞ 2024-nji ýylda hem dünýäniň iň uly import ediji ýurdy bolmagynda galdy. Ýurduň haryt satyn alşy umumy dünýä importynyň 13%-den gowragyny emele getirdi. ABŞ-nyň import mukdary 3,4 trillion dollara deň boldy
Türkmenistan Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna ynsanperwerlik kömegini ugratdy
07.11.2025 15:32
18k+

Türkmenistan Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna ynsanperwerlik kömegini ugratdy

6-njy noýabrda Türkmenistan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Owganystanyň ýertitreme zerarly ejir çeken ilatyna ynsanperwerlik kömegini ugratdy
Raşid Meredow «C5+1» köptaraplaýyn formatyň esaslandyrylmagy mynasybetli ýubileý kabul edişlige gatnaşdy
07.11.2025 10:45
10k+

Raşid Meredow «C5+1» köptaraplaýyn formatyň esaslandyrylmagy mynasybetli ýubileý kabul edişlige gatnaşdy

5-nji noýabrda Waşington şäherinde, ABŞ-niň Döwlet departamentiniň binasynda «C5+1» köptaraplaýyn formatyň esaslandyrylmagynyň ýubileý duşuşyklaryna bagyşlanan dabaraly kabul edişlik geçirildi. Türkmenistanyň DIM
Gurbanguly Berdimuhamedow dekabrda boljak çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi
07.11.2025 10:42
13k+

Gurbanguly Berdimuhamedow dekabrda boljak çäreleri geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisini geçirdi

6-njy noýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitaplary Türkiýäniň Prezidentiniň Milli kitaphanasyna sowgat berildi
07.11.2025 10:22
6.1k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň hem-de Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitaplary Türkiýäniň Prezidentiniň Milli kitaphanasyna sowgat berildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Halk Maslahatynyň Başlygynyň kitaplary Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň köşkler toplumyndaky Prezidentiň Milli kitaphanasyna sowgat berildi. Dabaraly çäre 5-nji noýabrda Ankarada geçirildi
Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Döwlet ministri bilen duşuşdy
07.11.2025 10:18
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Gruziýanyň Döwlet ministri bilen duşuşdy

5-nji noýabrda Türkmenistanyň ilçisi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň Ylalaşyk we raýat deňhukuklylygy meseleleri boýunça Döwlet ministri T.Ahwlediani bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryň ählisinde, şol sanda ykdysadyýet, ulag, medeniýet we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyň işjeň häsiýete eýedigini bellediler
Türkmenistanyň DIM-nde Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
07.11.2025 10:14
2.4k+

Türkmenistanyň DIM-nde Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

5-nji noýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Eýran Yslam Respublikasynyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň häkimi Bahman Nuri bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar
Türkmenistanyň Indoneziýadaky ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy
07.11.2025 10:06
3.8k+

Türkmenistanyň Indoneziýadaky ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

4-nji noýabrda Türkmenistanyň Indoneziýadaky ilçisi M.Maşalow bu ýurduň DIM-niň Protokol we konsullyk departamentiniň başlygy Endi Rahmianto ynanç hatlaryň nusgalary gowşurdy. Ilçi diplomatik işini Kuala-Lumpur şäherinde oturýan ýerinden alyp barar
Dünýäniň haýsy ýurtlarynda bugdaý has köp öndürilýär: infografika
07.11.2025 06:32
13k+

Dünýäniň haýsy ýurtlarynda bugdaý has köp öndürilýär: infografika

Bugdaý adamzat üçin möhüm ekin bolmagynda galýar – ol sarp edilýän ähli kaloriýalaryň, takmynan, bäşden birini üpjün edýär. Ýöne 2025-nji ýyla çenli onuň ähmiýeti adaty bir azyk önüminiň çäginden çykdy – indi ol global azyk howpsuzlygy, klimat durnuklylygy we global söwda durnuklylygy baradaky gepleşikleriň merkezinde durýar
15-nji noýabrda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi bolar
06.11.2025 19:17
5.7k+

15-nji noýabrda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi bolar

15-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Jemgyýetçilik kabul edişligine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasy gatnaşar
ÝUNESKO-nyň ýolbaşçysy wezipesine belli müsürşynas Haled al-Anani saýlandy
06.11.2025 19:08
1.7k+

ÝUNESKO-nyň ýolbaşçysy wezipesine belli müsürşynas Haled al-Anani saýlandy

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) penşenbe güni Haled al-Ananini guramanyň täze baş direktory hökmünde tassyklady. ÝUNESKO-nyň habarynda aýdylmagyna görä, guramanyň Samarkantda geçirilen 43-nji Baş Konferensiýasynda al-Ananiniň dalaşgärligini 172 ýurt goldady, 2 ýurt garşy ses berdi, 1 ýurt bolsa saklandy
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy owgan çagalaryna ynsanperwerlik kömegini ugradar
06.11.2025 12:38
6.6k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy owgan çagalaryna ynsanperwerlik kömegini ugradar

5-nji noýabrda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisinde Owganystana ynsanperwerlik kömegini ugratmak barada bellenip geçildi