Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli sergi geçiriler

10.12.2025, 09:442,543

Aşgabatda 11-12-nji dekabrda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergi  geçiriler diýip, "Türkmenistan" gazeti habar berýär.

Sergi ykdysadyýetiň milli pudaklarynyň mümkinçiliklerini açyp görkezmäge, telekeçiligi ösdürmäge we halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Şanly senäniň hormatyna guralýan çäre Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçiriler.
Guramaçy topar Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdumyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.
Sergi 11-nji dekabrda sagat 11:00-dan 18:00-a çenli; 12-nji dekabrda sagat 10:00-dan 17:00-a çenli dowam eder.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.