Türkmenistanyň Prezidenti 11-12-13-nji dekabry iş güni däl diýip yglan etdi

06.12.2025, 00:0726,267

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 11 – 12 - 13-nji dekabryny iş güni däl diýlip yglan etdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, döwlet Baştutany bu karara Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ýurduň ilatynyň Halkara Bitaraplyk gününi dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek maksady bilen gol çekdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanynyň ýerine ýetirilmegi, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň üpjün etmelidigi bellenildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.