Syýasat we ykdysadyýet

Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi
18.07.2025 07:18
11k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi

17-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjana saparynyň medeni maksatnamasynyň çäklerinde Fizuli we Şuşa şäherlerine baryp gördi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy uçarda Fizuli şäherine ugrady
Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Özbegistanyň ilçisi bilen duşuşdy
18.07.2025 06:12
3.6k+

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Özbegistanyň ilçisi bilen duşuşdy

17-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Özbegistanyň ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
Raşid Meredow Botswananyň halkara gatnaşyklar ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
17.07.2025 18:20
2.7k+

Raşid Meredow Botswananyň halkara gatnaşyklar ministri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

16-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Botswana Respublikasynyň halkara gatnaşyklar ministri Penýo Butale bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
Täze Zelandiýada taryhda ilkinji gezek Türkmenistanyň ilçisi işläp başlady
17.07.2025 16:53
16k+

Täze Zelandiýada taryhda ilkinji gezek Türkmenistanyň ilçisi işläp başlady

16-njy iýulda Wellingtondaky Hökümet binasynda Täze Zelandiýanyň general-gubernatory Sindi Kironyň adyna ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäginde Türkmenistanyň Täze Zelandiýadaky taryhda ilkinji Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Atadurdy Baýramow resmi taýdan akkreditasiýa edildi
Raşid Meredow Horwatiýanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
17.07.2025 16:42
2k+

Raşid Meredow Horwatiýanyň DIM-niň ýolbaşçysy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi

16-njy iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Horwatiýanyň daşary we Ýewropa işler ministri Gordan Grliç-Radman bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär
Kaliforniýada ilkinji gezek elektrik energiýasynyň üçden iki bölegi arassa çeşmeleriň paýyna düşdi
17.07.2025 14:27
2.5k+

Kaliforniýada ilkinji gezek elektrik energiýasynyň üçden iki bölegi arassa çeşmeleriň paýyna düşdi

2023-nji ýylda Kaliforniýanyň elektrik energiýasyna zerurlyklarynyň 67%-i arassa energiýanyň hasabyna üpjün edildi. Bu öňdebaryjy dünýä ykdysadyýetleriniň arasynda rekord görkezijidir. Ştatyň gubernatory Gewin Nýusom Kaliforniýanyň federal häkimiýetleriň hereketlerine garamazdan ýaşyl energetikany ösdürmegi dowam etdirjekdigini aýtdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanda “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna baryp gördi
17.07.2025 13:22
12k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanda “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna baryp gördi

16-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjana saparynyň çäklerinde “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna baryp gördi. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew we “Sea Breeze” toplumynyň esaslandyryjysy Emin Agalarow garşyladylar
Gurbanguly Berdimuhamedow Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy
17.07.2025 13:09
10k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy bilen duşuşdy

16-njy iýulda Azerbaýjanda saparda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow günüň ikinji ýarymynda Kawkaz musulmanlarynyň müdiriýetiniň başlygy Şeýh-ul-islam Allahşukur Paşazade bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy
17.07.2025 12:35
7.1k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

16-njy iýulda Baku şäherinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşygy boldy. Sahiba Gafarowa türkmen halkynyň Milli Liderini Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň sessiýalarynyň geçýän ýeri bolan uly mejlisler zaly bilen tanyşdyrdy we degişli maglumatlary berdi
Gurbanguly Berdimuhamedow Geýdar Aliýewi we Azerbaýjanyň milli gahrymanlaryny hatyralady
17.07.2025 12:27
7.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Geýdar Aliýewi we Azerbaýjanyň milli gahrymanlaryny hatyralady

16-njy iýulda Azerbaýjana saparynyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň baky aram tapan ýeri bolan Hormat meýdançasyna baryp, Geýdar Aliýewiň guburyna gül desselerini goýdy
Baku şäherinde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň haýyr-sahawat gaznalarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi
17.07.2025 12:05
16k+

Baku şäherinde Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň haýyr-sahawat gaznalarynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi

16-njy iýulda Baku şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň arasynda duşuşyk geçirildi
Baku şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ilham Aliýew bilen duşuşygy boldy
17.07.2025 11:58
4.7k+

Baku şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ilham Aliýew bilen duşuşygy boldy

16-njy iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen gepleşikleri geçirdi. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň “Zagulba” köşgünde geçirilen duşuşygyň barşynda Ilham Aliýew türkmen halkynyň Milli Liderine Azerbaýjana sapar bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi
Aziýanyň infrastruktura maýa goýum banky Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek meýlini beýan etdi
16.07.2025 07:00
6.7k+

Aziýanyň infrastruktura maýa goýum banky Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmek meýlini beýan etdi

15-nji iýulda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilçisi P.Durdyýew Aziýanyň infrastruktura maýa goýum bankynyň (AIIB) prezidenti, direktorlar geňeşiniň başlygy Szin Liçun bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär
Türkmenistanyň DIM-nde BAE-niň ilçisi bilen Awazadaky halkara maslahata taýýarlyk maslahatlaşyldy
16.07.2025 06:54
4.5k+

Türkmenistanyň DIM-nde BAE-niň ilçisi bilen Awazadaky halkara maslahata taýýarlyk maslahatlaşyldy

15-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Haý Hamad Hamis Al-Hameli bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär
Türkmenistan Ruanda Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy
16.07.2025 06:49
4.8k+

Türkmenistan Ruanda Respublikasy bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

14-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň edarasynda Türkmenistan bilen Ruanda Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýanata gol çekildi
Türkmenistanyň we Kipr Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi boldy
15.07.2025 14:43
4.8k+

Türkmenistanyň we Kipr Respublikasynyň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi boldy

14-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Kipr Respublikasynyň Daşary işler ministri Konstantinos Kombosyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda habar berdiler
Hazarýaka döwletleriniň bilermenleri durnukly ösüş we dolandyryş boýunça okuw geçýärler
15.07.2025 14:40
3.8k+

Hazarýaka döwletleriniň bilermenleri durnukly ösüş we dolandyryş boýunça okuw geçýärler

14-nji iýulda Aşgabat şäherinde iki hepdelik «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw sapaklary başlandy. Okuwlar Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň, nebit-gaz toplumynyň, Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň Halkara ummanlar instituty bilen hyzmatdaşlykda guramagynda geçirilýär diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
DIM-nde Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşyk geçirildi
15.07.2025 14:24
5.3k+

DIM-nde Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşyk geçirildi

14-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Çžun Huan bilen duşuşdy. Türkmenistanyň
Dünýäniň iň garry döwlet Baştutany täze möhlete prezidentlige dalaş etjekdigini yglan etdi
15.07.2025 12:15
9.7k+

Dünýäniň iň garry döwlet Baştutany täze möhlete prezidentlige dalaş etjekdigini yglan etdi

Kamerunyň 92 ýaşly Prezidenti Pol Biýýa 2025-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda geçiriljek saýlawlar üçin öz dalaşgärligini hödürleýändigini yglan etdi. “Meniň size hyzmat etmek hyjuwymyň öňümizde duran kynçylyklara laýyk gelýändigine doly ynanyp bilersiňiz
Minsk şäherinde Türkmenistandan okuwçylaryň gatnaşmagynda GDA-nyň medeni-bilim forumy geçirildi
15.07.2025 11:48
6.2k+

Minsk şäherinde Türkmenistandan okuwçylaryň gatnaşmagynda GDA-nyň medeni-bilim forumy geçirildi

13-nji iýulda Minsk şäherinde (Belarus) Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagynda «Zubrýonok» atly Milli çagalar bilim we sagaldyş merkezinde «Arkalaşygyň çagalary» atly X Halkara medeni-bilim forumy geçirildi
Bitkoin täze rekord goýdy: 122 müň dollar!
14.07.2025 16:45
4.2k+

Bitkoin täze rekord goýdy: 122 müň dollar!

Bitkoiniň hümmeti 122 müň dollardan geçip, ýene-de taryhy iň ýokary derejäni täzeledi. Binance biržasynyň maglumatlaryna görä, Aşgabat wagty bilen 12:29-a çenli ýagdaýa görä, kriptowalýuta 3,94% gymmatlap, 122,5 müň dollar derejesinde satylýar
Awazada geçiriljek halkara çärelere gatnaşjak meýletinçileriň lybaslary we ýolagçy awtobuslaryň ýazgylary gözden geçirildi
14.07.2025 13:34
15k+

Awazada geçiriljek halkara çärelere gatnaşjak meýletinçileriň lybaslary we ýolagçy awtobuslaryň ýazgylary gözden geçirildi

13-nji iýulda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna görülýän taýýarlyk, guramaçylyk işlerine bagyşlanan maslahat tamamlanandan soňra, Gurbanguly Berdimuhamedow halkara çärelere gatnaşjak meýletinçiler üçin niýetlenen lybaslary synlady
Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada BMG-niň maslahatyna taýýarlyk boýunça maslahat geçirdi
14.07.2025 12:37
9.5k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Awazada BMG-niň maslahatyna taýýarlyk boýunça maslahat geçirdi

13-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi
Serdar Berdimuhamedow Emmanuel Makrony Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli gutlady
14.07.2025 11:15
6.7k+

Serdar Berdimuhamedow Emmanuel Makrony Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti Emmanuel Makrona Fransiýanyň milli baýramy — Bastiliýanyň eýelenen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Soňky wagtda Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine täze itergi berildi
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň başlygyny çalyşdy
14.07.2025 08:01
12k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň başlygyny çalyşdy

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 12-nji iýulda gol çeken kararyna laýyklykda, Serdar Agamyradowiç Baýramow Türkmenistanyň Döwlet ösüş bankynyň başlygy wezipesinden boşadyldy. Bu wezipä Döwletmämmet Ýazmämmedowiç
Fransiýada Täze Kaledoniýa döwletini döretmek barada şertnama baglaşyldy
14.07.2025 07:53
6.2k+

Fransiýada Täze Kaledoniýa döwletini döretmek barada şertnama baglaşyldy

Täze Kaledoniýanyň syýasy güýçleri özbaşdaklyga eýe boljak täze döwleti döretmek barada ylalaşyk gazandy. Şol bir wagtyň özünde, ol Fransiýadan doly garaşsyz bolmaz we onuň düzüminde galar. Resminama 12-nji iýulda Parižiň etegindäki Bužiwalda gol çekildi diýip, Politico habar berýär
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Belarus Respublikasynyň ilçisi bilen duşuşdy
13.07.2025 20:14
32k+

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Belarus Respublikasynyň ilçisi bilen duşuşdy

12-nji iýulda Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşygy boldy
Kümüş gymmatlaýar. Onuň bahasy 2011-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine ýetdi
13.07.2025 19:35
9.7k+

Kümüş gymmatlaýar. Onuň bahasy 2011-nji ýyldan bäri iň ýokary derejesine ýetdi

Kümüşiň sentýabrdaky fýuçersleriniň bahasy Nýu-Ýorkuň Comex biržasynda bir unsiýasy üçin 39 dollardan geçdi. Mundan öň, bu gymmatly metal şu nyrhda 2011-nji ýylyň sentýabrynda bahalanýardy. Aşgabat wagty bilen 01:16-a çenli ýagdaýa görä, kümüşiň birža bahasy bir unsiýasy üçin 39,14 dollara ýetdi (+4,92%)
Gün ilkinji gezek Ýewropa Bileleşiginde elektrik energiýasynyň esasy çeşmesi boldy
12.07.2025 19:12
3.7k+

Gün ilkinji gezek Ýewropa Bileleşiginde elektrik energiýasynyň esasy çeşmesi boldy

2025-nji ýylyň iýun aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary ilkinji gezek Gün stansiýalarynyň kömegi bilen has köp elektrik energiýasyny öndürdi. Bu barada Ember analitiki kompaniýasyna salgylanyp, Reuters agentligi habar berýär
Türkmenistanda ulag we kommunikasiýa agentligi ýatyrylyp, ýerine 5 sany täze düzüm döredildi
12.07.2025 18:20
22k+

Türkmenistanda ulag we kommunikasiýa agentligi ýatyrylyp, ýerine 5 sany täze düzüm döredildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi ýatyryldy.  Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, ýatyrylan Türkmenistanyň
Türkmenistanyň Hökümet ýolbaşçylary 1-nji awgustdan dynç alşa çykar
12.07.2025 16:44
11k+

Türkmenistanyň Hökümet ýolbaşçylary 1-nji awgustdan dynç alşa çykar

Türkmenistanyň Prezidenti 1-nji awgustdan başlap, oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara dynç almaga rugsat berdi. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 11-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda aýtdy
Gallaçylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine haly sowgat berildi
12.07.2025 16:34
6.4k+

Gallaçylaryň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine haly sowgat berildi

11-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň edermen daýhanlarynyň galla tabşyrmak baradaky ýyllyk borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi, gallaçy kärendeçileriň gazanan ýeňişleri mynasybetli geçirilen dabara gatnaşdy
2025-nji ýylyň 6 aýynda Türkmenistanda 269,7 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi
12.07.2025 12:42
19k+

2025-nji ýylyň 6 aýynda Türkmenistanda 269,7 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi

11-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde eden çykyşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi
«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi
12.07.2025 12:34
7.4k+

«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly döredildi

Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Degişli resminama 11-nji iýulda giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda gol çekildi
19-njy iýulda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi bolar
12.07.2025 12:24
7.4k+

19-njy iýulda Aşgabatda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi bolar

19-njy iýulda Aşgabatda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda hukuk meseleleri boýunça raýatlaryň jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berýär. Jemgyýetçilik kabul edişligine Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň işgärleriniň we Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzasy gatnaşar
Serdar Berdimuhamedow Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerini çalyşdy
12.07.2025 10:18
23k+

Serdar Berdimuhamedow Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerini çalyşdy

11-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerini wezipesinden boşatdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, Maksat Kowusowiç Annanepesow Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatmaly
Türkmenistanda ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça wise-premýer wezipesi girizildi
12.07.2025 08:51
17k+

Türkmenistanda ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça wise-premýer wezipesi girizildi

11-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisiniň barşynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligini ýatyrmak hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasarynyň wezipesini girizmek barada karara gelendigini aýtdy
2025-nji ýylyň alty aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy
12.07.2025 08:27
7.7k+

2025-nji ýylyň alty aýynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 11-nji iýulynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde eden ÇYKYŞY: Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary! Hormatly adamlar! Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri kabul eden maksatnamalarymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýär
Türkmenistanda Döwlet gullugy akademiýasyna diňleýjileri we talyplary kabul etmegiň tertibi tassyklanyldy
12.07.2025 08:20
10k+

Türkmenistanda Döwlet gullugy akademiýasyna diňleýjileri we talyplary kabul etmegiň tertibi tassyklanyldy

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasyna diňleýjileri we talyplary okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny we giriş synaglaryny guramagyň tertibini tassyklady
Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin maksatnama rejelendi
12.07.2025 08:01
9.8k+

Türkmenistanda ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin maksatnama rejelendi

“Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasy” tassyklanyldy