Bitkoin täze rekord goýdy: 122 müň dollar!

14.07.2025, 11:454,150

Bitkoiniň hümmeti 122 müň dollardan geçip, ýene-de taryhy iň ýokary derejäni täzeledi. Binance biržasynyň maglumatlaryna görä, Aşgabat wagty bilen 12:29-a çenli ýagdaýa görä, kriptowalýuta 3,94% gymmatlap, 122,5 müň dollar derejesinde satylýar.

Analitikler bitkoiniň ösüşini, beýlekiler bilen bir hatarda, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň kripto bazaryny ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlary bilen baglanyşdyrýar.
Şol bir wagtyň özünde, ýylyň başyndan bäri beýleki kriptowalýutalaryň aglabasynyň hümmeti maýadarlaryň bitkoine bolan gyzyklanmalarynyň artmagy sebäpli 30-50% peseldi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.