21 noýabr 2026
Ulgama girmek
TMCars News
  • Awtoulaglar
  • Spestehnika
  • Awtoşaýlar
  • Beýleki Bildirişler
  • Biznes Hasaplar
  • Habarlar
TMCars News
TMCars NewsUlgama girmek
Baş sahypaAwtoulaglarAwtoşaýlarBeýleki BildirişlerBiznes HasaplarHabarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim

Sport

  1. Baş sahypa
  2. /Habarlar
  3. /Sport
Filtr

Kategoriýa

  • Ählisi
  • Peýdaly maglumat
  • Syýasat we ykdysadyýet
  • Medeniýet we jemgyýet
  • Ylym we tehnika
  • Bilim
  • Syýahatçylyk
  • Moda we stil
  • Sport
  • Hi-tech
  • Awto
  • Biznes
  • Hadysalar
  • Saglyk
  • Nebit we gaz

Teg

TürkmenistanSerdar Berdimuhamedowawtoulag dizaýnyfilmler we multfilmlerHytaýfutbolTürkiýeABŞsaglyktaryh
Werstappen Las-Wegasyň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Norris we Piastri diskwalifikasiýa edildi
23.11.2025 23:48
2137

Werstappen Las-Wegasyň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Norris we Piastri diskwalifikasiýa edildi

Dünýäniň dört gezek çempiony, “Red Bull” toparynyň sürüjisi Maks Werstappen “Formula-1” çempionatynyň Las-Wegasyň Gran-prisi tapgyrynyň ýeňijisi boldy. Bu ýeňiş onuň üçin karýerasynda 69-njy we häzirki möwsümde altynjy boldy
Sarukýan Den Hukeri möhletinden ir ýeňip, Topuriýany söweşe çagyrdy
23.11.2025 12:22
14059

Sarukýan Den Hukeri möhletinden ir ýeňip, Topuriýany söweşe çagyrdy

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň ermeni-rus söweşijisi Arman Sarukýan Dohada (Katar) geçirilen UFC Fight Night 265 ýaryşynyň esasy söweşinde Täze Zelandiýanyň wekili Den Hukerden üstün çykdy. Bäş raund dowam etmeli söweş möhletinden ir tamamlandy
“Çelsiniň” futbolçysy Koul Palmer öýünde aýagynyň barmagyny döwdürdi. Ol "Barselona" we"Arsenal" bilen oýunlary sypdyrar
22.11.2025 23:07
10482

“Çelsiniň” futbolçysy Koul Palmer öýünde aýagynyň barmagyny döwdürdi. Ol "Barselona" we"Arsenal" bilen oýunlary sypdyrar

“Çelsiniň” we Angliýanyň milli ýygyndysynyň futbolçysy Koul Palmer ýene hatardan çykdy – ol öýünde gije çep aýagyny gapa urup, külbikesini döwdürdi diýip, Bi-bi-si habar berýär. Ýarymgoragçy ýaňy-ýakynda gasyk nogsanlygy sebäpli iki aýdan soň diýen ýaly dikelip, türgenleşiklere gaýdyp gelipdi
Türkmenistanyň ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 5 basgançak ýokary galdy
22.11.2025 13:37
11184

Türkmenistanyň ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 5 basgançak ýokary galdy

  Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Futbol federasiýalarynyň halkara assosiasiýasynyň (FIFA) reýtinginde soňky iki ýylda iň ýokary görkezijisine ýetdi. Milli ýygyndymyz guramanyň ýakynda täzelenen reýtinginde 137-nji basgançaga galdy
Aşraf Hakimi Afrikada ýylyň futbolçysy diýlip ykrar edildi
21.11.2025 12:47
8982

Aşraf Hakimi Afrikada ýylyň futbolçysy diýlip ykrar edildi

“Pari Sen-Žermeniň” marokkoly goragçysy Aşraf Hakimi Afrikada 2025-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. Baýragyň gowşurylyş dabarasy Marokkonyň Rabat şäherinde geçirildi. Baýraga “Liwerpulyň” hüjümçisi Mohamed Salah we “Galatasaraýyň” oýunçysy Wiktor Osimhen hem dalaş edipdi
Tanymal tennisçi Rojer Federer Halkara tennis şöhrat zalyna giriziler
21.11.2025 12:38
2465

Tanymal tennisçi Rojer Federer Halkara tennis şöhrat zalyna giriziler

Şweýsariýaly Rojer Federer 2026-njy ýylda Halkara tennis şöhrat zalyna giriziler. Dabara 27-29-njy awgustda Nýuport amerikan şäherinde geçiriler diýip, guramanyň metbugat gullugy habar berdi. “Meniň üçin Halkara tennis şöhrat zalyna girmek we sportuň bu görnüşiniň köp sanly beýik çempionlarynyň ýanynda durmak uly hormat
Globe Soccer Awards 2025-nji ýylda dünýäniň iň gowy futbolçysy üçin baýraga dalaşgärleri aýtdy
21.11.2025 12:37
7630

Globe Soccer Awards 2025-nji ýylda dünýäniň iň gowy futbolçysy üçin baýraga dalaşgärleri aýtdy

2025-nji ýylyň Globe Soccer Awards futbol baýragynyň esasy kategoriýalarynda dalaşgärler belli boldy. Guramaçylar dürli kategoriýalarda baýrak üçin dalaş etjek futbolçylaryň, tälimçileriň we klublaryň sanawyny yglan etdi
DÇ-2026 üçin yklymara pleý-off oýunlarynyň garşydaş toparlary kesgitlendi
21.11.2025 11:31
7640

DÇ-2026 üçin yklymara pleý-off oýunlarynyň garşydaş toparlary kesgitlendi

Sýurihde 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin yklymara pleý-off oýunlarynyň bije çekilişi geçirildi. Bu oýunlaryň netijesinde ýaryşyň ýene iki gatnaşyjysy belli bolar. Bije çekilişigiň netijesi: Ýol 1 ·Ýarym final:
Italiýa, Ukraina we Polşa DÇ-2026-a çykmak üçin pleý-off oýunlarynda garşydaşlaryny bildi
21.11.2025 11:28
8209

Italiýa, Ukraina we Polşa DÇ-2026-a çykmak üçin pleý-off oýunlarynda garşydaşlaryny bildi

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň Ýewropadaky saýlama ýaryşynyň pleý-off oýunlarynyň bije çekilişiginiň netijesi belli boldy. Bije çekilişik Sýurihde Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) ştab-kwartirasynda geçirildi
Mahaçew agram derejesine garamazdan UFC-niň iň gowy söweşijileriniň reýtinginde öňe geçdi
20.11.2025 13:08
10956

Mahaçew agram derejesine garamazdan UFC-niň iň gowy söweşijileriniň reýtinginde öňe geçdi

UFC promouşeniň agram derejesine garamazdan iň gowy söweşijileriniň (P4P) täzelenen reýtingini neşir etdi. Bu sanawyň birinji ornuna Islam Mahaçew çykdy. 16-njy noýabrda Mahaçew Nýu-Ýorkda geçirilen UFC 322 ýaryşynda ýarym-orta agramdaky (77 kg çenli) titul ugrundaky söweşde awstraliýaly Jek Della Maddalenany eminleriň biragyzdan karary bilen ýeňdi
ABŞ Dünýä çempionaty-2026-nyň janköýerleri üçin wiza almak işini ýeňilleşdirer
20.11.2025 10:19
10386

ABŞ Dünýä çempionaty-2026-nyň janköýerleri üçin wiza almak işini ýeňilleşdirer

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmagy meýilleşdirýän daşary ýurtly janköýerler üçin wiza almak işiniň ýeňilleşdirilýändigini aýtdy. Amerikan lideriniň sözlerine görä, syýahatçylyk wizasyny almagyň möhleti ep-esli azaldyldy
Lebron Jeýms möwsümleriň sany boýunça NBA-nyň rekordyny goýdy
20.11.2025 10:12
2029

Lebron Jeýms möwsümleriň sany boýunça NBA-nyň rekordyny goýdy

“Los-Anjeles Leýkersiň” oýunçysy Lebron Jeýms NBA-nyň (National Basketball Association) häzirki yzygiderli çempionatynda ilkinji oýnuny geçirdi. Ol “Ýuta Jaza” garşy öý oýnunda meýdança çykdy. Şeýlelik bilen, basketbolçy ligadaky möwsümleriň sany boýunça rekord goýdy – 23
Kýurasaonyň milli ýygyndysy DÇ-2026-a çykdy: bu ýaryşda iň kiçi we az ilatly ýurt
19.11.2025 23:25
7516

Kýurasaonyň milli ýygyndysy DÇ-2026-a çykdy: bu ýaryşda iň kiçi we az ilatly ýurt

Kýurasaonyň milli ýygyndysy öz taryhynda ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy. Saýlama tapgyrynyň aýgytly oýnunda Dik Adwokatyň ýolbaşçylygyndaky topar Ýamaýka bilen deňme-deň oýnady – 0:0. Bu hem ada döwletine dünýä çempionatyna göni ýollama almaga mümkinçilik berdi
2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyna 48 gatnaşyjydan 42-si belli boldy
19.11.2025 23:20
9757

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatyna 48 gatnaşyjydan 42-si belli boldy

2026-njy ýylyň tomsunda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatyna gatnaşjak 48 milli toparyň 42-si belli boldy. Zolaklar boýunça gatnaşyjylar: ·UEFA (Ýewropa): Germaniýa, Şweýsariýa, Şotlandiýa, Fransiýa, Ispaniýa, Portugaliýa, Niderlandlar, Awstriýa, Norwegiýa, Belgiýa, Angliýa, Horwatiýa
Neýmaryň kakasy Pele brendi üçin hukuk satyn aldy
19.11.2025 10:12
7783

Neýmaryň kakasy Pele brendi üçin hukuk satyn aldy

Braziliýaly futbolçy Neýmaryň kakasy Neýmar da Silwa Santosa degişli bolan NR Sports kompaniýasy Pele brendi üçin hukuk satyn aldy. UOL portalynyň maglumatlaryna görä, şertnamanyň bahasy 18 mln dollar boldy. Satyn alyş barada resmi bildirişiň çarşenbede bolmagyna garaşylýar
“Barselona” “Kamp Nou” stadionyna gaýdyp geljek wagtyny aýtdy
19.11.2025 10:00
4235

“Barselona” “Kamp Nou” stadionyna gaýdyp geljek wagtyny aýtdy

22-nji noýabrda “Barselona” durkuny täzelemek işlerinden soň “Kamp Nou” stadionynda ilkinji öý oýnuny geçirer. Şol gün topar Ispaniýanyň çempionatynyň 13-nji tapgyrynda Bilbaonyň “Atletigine” garşy oýnar. “Kamp Nou” 2023-nji ýyldan bäri abatlaýyş üçin ýapykdy, topar oýunlaryny wagtlaýyn Luis Kompanis adyndaky Olimpiýa stadionynda (öň Montžuik Olimpiýa stadiony hökmünde belli) geçirdi
Aleksandr Usik WBO çempiony titulyndan ýüz öwürdi
19.11.2025 09:57
7438

Aleksandr Usik WBO çempiony titulyndan ýüz öwürdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik Bütindünýä boks guramasynyň (WBO) dünýä çempiony titulyndan ýüz öwürdi. Bu barada guramanyň metbugat gullugy X sosial ulgamyndaky sahypasynda habar berdi. “WBO agyr agramda guşagyň geljegi bilen baglylykda Aleksandr Usigiň toparyndan resmi habarnama kabul etdi
Türkmenistan Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynda Hytaý Taýpeýinden üstün çykdy
18.11.2025 23:55
11453

Türkmenistan Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynda Hytaý Taýpeýinden üstün çykdy

zzTürkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynyň bäşinji duşuşygynda Hytaý Taýpeýinden üstün çykdy. Duşuşyk 18-nji noýabrda Arkadag şäheriniň stadionynda geçip, 3:1 hasabynda tamamlandy
Grossmeýster Meýlis Annaberdiýew Türkiýede halkara küşt ýaryşynda ýeňiji boldy
18.11.2025 18:05
5628

Grossmeýster Meýlis Annaberdiýew Türkiýede halkara küşt ýaryşynda ýeňiji boldy

Türkmenistanyň halkara grossmeýsteri Meýlis Annaberdiýew Türkiýede geçirilen Mersin şäher häkimliginiň IX halkara küşt ýaryşynda ýeňiji boldy. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär. Ýaryş şweýsar ulgamynyň düzgünleri boýunça 9 tapgyrda geçirildi we oňa 19 ýurtdan gelen 360 küştçi gatnaşdy, olar dört dereje boýunça baýraklar ugrunda bäsleşdiler
Mbappe kazyýetiň üsti bilen “PSŽ-den” 263 mln ýewro, klub bolsa futbolçydan 440 mln ýewro talap edýär
18.11.2025 17:52
17890

Mbappe kazyýetiň üsti bilen “PSŽ-den” 263 mln ýewro, klub bolsa futbolçydan 440 mln ýewro talap edýär

Kilian Mbappe we “Pari Sen-Žermen” kazyýetde biri-birine uly mukdarda maliýe talaplaryny bildirdi. Iş 17-nji noýabrda Parižiň zähmet dawalary boýunça kazyýetinde başlandy. Le Monde-niň habar bermegine görä, hüjümçi şertnamany uzaltmakdan ýüz öwrenden soň ýaramaz gatnaşygy üçin klubdan 263 mln ýewro möçberde öwez tölegini talap edýär
18-nji noýabrda Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda Türkmenistan Hytaý Taýpeýini kabul eder
17.11.2025 14:56
9634

18-nji noýabrda Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda Türkmenistan Hytaý Taýpeýini kabul eder

18-nji noýabrda Aziýa Kubogy-2027-niň saýlama tapgyrynyň bäşinji tapgyrynyň çäginde Türkmenistanyň milli ýygyndysy Hytaý Taýpeýiniň ýygyndysy bilen duşuşar. Duşuşyk Arkadag şäheriniň stadionynda geçer. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 18:45-de başlanar
Norwegiýa Italiýany utup, soňky 28 ýylda ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy
17.11.2025 14:17
10270

Norwegiýa Italiýany utup, soňky 28 ýylda ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy

Norwegiýanyň milli futbol ýygyndysy soňky 28 ýylda ilkinji gezek dünýä çempionatyna çykdy. 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty üçin saýlama ýaryşynyň soňky oýnunda Stole Solbakkeniň ýolbaşçylygyndaky topar myhmançylykda Italiýanyň milli ýygyndysyny 4:1 hasabynda utdy
Arina Sobolenko bir möwsüm zenan tennis ýaryşy üçin rekord 15 million dollar gazandy
16.11.2025 23:06
4172

Arina Sobolenko bir möwsüm zenan tennis ýaryşy üçin rekord 15 million dollar gazandy

Dünýäniň birinji raketkasy Arina Sobolenko Zenanlaryň tennis birleşiginiň (WTA) bir möwsümde gazanan baýrak pullary boýunça rekordyny goýdy. 2025-nji ýylda belarusly tennisçi kortda 15 million dollardan gowrak girdeji gazandy diýip, Tennis
Entoni Joşua dekabrda YouTube blogeri Jeýk Pol bilen söweşer
16.11.2025 21:44
8365

Entoni Joşua dekabrda YouTube blogeri Jeýk Pol bilen söweşer

Agyr agramda öňki dünýä çempiony Entoni Joşua we amerikaly bloger hem boksçy Jeýk Pol 2025-nji ýylyň 19-njy dekabrynda resmi taýdan söweşer. Ilkibaşda Pol ýeňil agramda WBA-nyň çempiony Jerwonta Dewis bilen duşuşmalydy
Los-Anjelesde Olimpiada-2028-iň guramaçylyk komiteti Oýunlaryň tertibini hödürledi
16.11.2025 21:15
1712

Los-Anjelesde Olimpiada-2028-iň guramaçylyk komiteti Oýunlaryň tertibini hödürledi

2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiadanyň guramaçylyk komiteti Oýunlaryň doly tertibini hödürledi. Onda sportuň medal ugrunda has köp göreşilýän iki görnüşi bilen baglanyşykly birnäçe aýratynlyklar bar
22 ýyl mundan öň şu gün Messi ilkinji gezek "Barselonanyň" eşiginde meýdança çykdy
16.11.2025 19:37
9917

22 ýyl mundan öň şu gün Messi ilkinji gezek "Barselonanyň" eşiginde meýdança çykdy

2003-nji ýylyň 16-njy noýabry  «Barselonanyň» taryhynda möhüm senä öwrüldi. Şol gün Lionel Messi bary-ýogy 16 ýaşynda katalon klubunyň esasy düzüminde ilkinji gezek oýnady. Ol täze "Dragau" stadionynyň açylyşynyň hormatyna «Portu» bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda meýdança çykdy
Roberto Mançini Kataryň «Al-Sadd» klubuna baş tälimçi boldy
16.11.2025 17:48
4790

Roberto Mançini Kataryň «Al-Sadd» klubuna baş tälimçi boldy

Italiýaly hünärmen Roberto Mançini Kataryň «Al-Sadd» klubunyň baş tälimçisi wezipesine bellendi. Bu barada toparyň metbugat gullugy X (ozalky Twitter) sosial ulgamynda habar berdi. "Roberto Mançini «Al-Sadd» klubunyň tälimçisi wezipesi üçin 2,5 möwsümlik şertnama baglaşdy" – diýip, klubuň beýanatynda aýdylýar
"Barselonanyň" prezidenti Laporta "Real" bilen dartgynly gatnaşyklar barada gürrüň berdi
16.11.2025 17:43
8014

"Barselonanyň" prezidenti Laporta "Real" bilen dartgynly gatnaşyklar barada gürrüň berdi

"Barselonanyň" prezidenti Joan Laporta katalon klubunyň Madridiň "Realy" bilen arasyndaky gatnaşyklarda dartgynlylygyň bardygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, "Realyň" Negreýra bilen bagly dawaly işe goşulmagy sebäpli ýagdaý ýitileşdi
Islam Mahaçew Della Madalenany ýeňip, iki agram derejesinde UFC-niň çempiony boldy
16.11.2025 11:41
16456

Islam Mahaçew Della Madalenany ýeňip, iki agram derejesinde UFC-niň çempiony boldy

Russiýaly Islam Mahaçew Nýu-Ýorkda geçirilen UFC 322 ýaryşynyň esasy duşuşygynda awstraliýaly Jek Della Maddalenany eminleriň biragyzdan karary bilen ýeňdi. Tutluşyk hersi bäş minutlyk bäş raundlap dowam etdi. Tutluşygyň tutuş dowamynda diýen ýaly russiýaly pälwan garşydaşyny ýerde (parterde) arkasyna ýatyryp saklady
Ýewro-2028-iň finaly Londonyň "Uembli" stadionynda geçiriler
15.11.2025 00:42
6715

Ýewro-2028-iň finaly Londonyň "Uembli" stadionynda geçiriler

2028-nji ýyldaky futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň final duşuşygy Londonyň "Uembli" stadionynda geçiriler. Bu barada Ýewropa Futbol Assosiasiýalarynyň Bileleşiginiň (UEFA) metbugat gullugy habar berdi. Final oýun 9-njy iýulda bolar
Kriştianu Ronaldu 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň özi üçin iň soňky ýaryşy boljakdygyny tassyklady
15.11.2025 00:27
14480

Kriştianu Ronaldu 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň özi üçin iň soňky ýaryşy boljakdygyny tassyklady

Kriştianu Ronaldu 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynyň Portugaliýanyň milli ýygyndysy üçin çykyş etjek iň soňky uly ýaryşy boljakdygyny mälim etdi. Bu barada futbolçy Saud Arabystanynda geçirilen Tourise atly syýahatçylyk forumynda habar berdi diýip, "Mundo Deportivo" neşiri ýazýar
Nýu-Ýorkda UFC 322: Maddalena – Mahaçew, esasy söweşler, haçan we nirede görmeli
14.11.2025 20:30
20069

Nýu-Ýorkda UFC 322: Maddalena – Mahaçew, esasy söweşler, haçan we nirede görmeli

16-njy noýabrda Nýu-Ýorkdaky Madison Square Garden arenasynda UFC 322 ýaryşy geçiriler. Söweş agşamy Aşgabat wagty bilen ir sagat 4:00-da başlar, esasy kard bolsa 8:00-da başlar. Esasy waka ýarym orta agramda titul söweşi bolar: çempion Jek Della Maddalena Islam Mahaçewe garşy ilkinji goragyny geçirer
Adidas 2026-njy ýyldaky futbol boýunça Dünýä çempionatynda milli ýygyndylaryň geýjek sport eşiklerini görkezdi
14.11.2025 11:39
7131

Adidas 2026-njy ýyldaky futbol boýunça Dünýä çempionatynda milli ýygyndylaryň geýjek sport eşiklerini görkezdi

Adidas brendi 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynda bäsleşýän 22 milli ýygyndy üçin täze egin-eşik toplumyny hödürledi. Olaryň arasynda bu brendiň öňden bäri hyzmatdaşlyk edýän Argentinanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Ispaniýanyň we Uelsiň toparlary bar diýip, Hypebeast portaly ýazýar
Aýrton Sennanyň meşhur Formula-1 bolidi auksiona çykarylar
13.11.2025 09:35
3917

Aýrton Sennanyň meşhur Formula-1 bolidi auksiona çykarylar

RM Sotheby’s auksion öýi Formula-1 taryhynyň iň meşhur bolidleriniň biri bolan McLaren MP4/6 awtoulagyny auksiona çykarýar. Hut şu ulagda Aýrton Senna 1991-nji ýylyň Braziliýadaky Gran Prisinde, geçiriş gutusyndaky çynlakaý näsazlyklara garamazdan, ýeňiş gazanypdy
Türkiýede eminleriň yzýany müňden gowrak futbolçy bukmeker goýumlary sebäpli futboldan çetleşdirildi
12.11.2025 08:51
14916

Türkiýede eminleriň yzýany müňden gowrak futbolçy bukmeker goýumlary sebäpli futboldan çetleşdirildi

Türkiýäniň futbol federasiýasy (TFF) bikanun pul goýumlaryna gatnaşmakda güman edilmegi sebäpli 1024 oýunçynyň, şol sanda Superliganyň 27 futbolçysynyň wagtlaýyn futboldan çetleşdirilendigini habar berdi diýip, Anadolu agentligi belleýär
Madridiň “Atletikosy” täze maýadaryň gözegçiligine geçýär
12.11.2025 08:48
5714

Madridiň “Atletikosy” täze maýadaryň gözegçiligine geçýär

Madridiň “Atletiko” futbol kluby paýnamalaryň gözegçilik bukjasynyň Apollo Sports Capital (ASC) maýa goýum kompaniýasyna satylandygyny habar berdi. Şertnamanyň çäklerinde Migel Anhel Hil we Enrike Sereso baş direktor we prezident hökmünde öz orunlaryny, şeýle-de paýdar statusyny saklap galar
Karlos Alkaras ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy
11.11.2025 10:18
3477

Karlos Alkaras ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy

Ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras Professional tennisçileriň assosiasiýasynyň reýtinginde ýene birinji orny eýeledi. Reýtingiň täzelenen görnüşi guramanyň saýtynda ýerleşdirildi. Turinde ATP ýaryşy başlamazdan öň oýunçylardan geçen ýylky çykyşlary üçin utuklar aýryldy
20 ýyldan soň rewanş: Fýodor Ýemelýanenko Kro Kopa garşy ringe çykar
11.11.2025 00:55
24526

20 ýyldan soň rewanş: Fýodor Ýemelýanenko Kro Kopa garşy ringe çykar

MMA-nyň russiýaly söweşijisi Fýodor Ýemelýanenko 2026-njy ýylda Kro Kop lakamy bilen tanalýan horwatiýaly Mirko Filipowiç bilen söweşjekdigini habar berdi. Söweş boks düzgünleri boýunça geçiriler diýip, ol “Gazeta
Messi futbol taryhynda ilkinji bolup 400 assiste ýetdi
10.11.2025 18:28
7268

Messi futbol taryhynda ilkinji bolup 400 assiste ýetdi

Lionel Messi taryhda 400 assist eden ilkinji futbolçy boldy. “Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi bu görkezijä ABŞ-nyň Esasy futbol ligasynyň (MLS) pleý-offunyň 1/8 finalynyň “Neşwille” garşy üçünji oýnunda ýetdi
Lando Norris Braziliýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
10.11.2025 13:06
1972

Lando Norris Braziliýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

“Maklaren” toparyndan britaniýaly Lando Norris “Formula-1” çempionatynyň 21-nji tapgyry bolan Braziliýanyň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ýaryş San-Pauludaky “Interlagos” awtodromynda geçirildi.   Norris 1:32:01.596 netijäni görkezip, karýerasynda 11-nji we yzygider ikinji ýeňşini gazandy
«1…2729…168»
«1…2425262729303132…168»
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.