Adidas 2026-njy ýyldaky futbol boýunça Dünýä çempionatynda milli ýygyndylaryň geýjek sport eşiklerini görkezdi

14.11.2025, 06:396,675
1 / 4

Adidas brendi 2026-njy ýylda geçiriljek futbol boýunça Dünýä çempionatynda bäsleşýän 22 milli ýygyndy üçin täze egin-eşik toplumyny hödürledi. Olaryň arasynda bu brendiň öňden bäri hyzmatdaşlyk edýän Argentinanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Ispaniýanyň we Uelsiň toparlary bar diýip, Hypebeast portaly ýazýar.

Dizaýnerler janköýerleriň nesilleriniň arasyndaky agzybirlik we dowamatlylyk ruhuny görkezmegi maksat edinip, her eşikde däp bolan milli reňkleri, medeni äheňleri we häzirki zaman wizual elementleri birleşdirdi.
Täze eşik hatary ýaryşyň howa şertlerine uýgunlaşdyrylan tehnologiýalary ulanmak arkaly döredildi. Climacool + matasy çyglylygy kabul etmeýär. Üç sany deşikli zolak goşmaça howa geçirmekligi üpjün edýär. Toparlaryň linza görnüşli nyşany termoaplikasiýanyň kömegi bilen berlen.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.