Roberto Mançini Kataryň «Al-Sadd» klubuna baş tälimçi boldy

16.11.2025, 12:484,504

Italiýaly hünärmen Roberto Mançini Kataryň «Al-Sadd» klubunyň baş tälimçisi wezipesine bellendi. Bu barada toparyň metbugat gullugy X (ozalky Twitter) sosial ulgamynda habar berdi.

"Roberto Mançini «Al-Sadd» klubunyň tälimçisi wezipesi üçin 2,5 möwsümlik şertnama baglaşdy" – diýip, klubuň beýanatynda aýdylýar.

Häzirki wagtda Katar çempionatynyň dokuz tapgyryndan soň «Al-Sadd» 14 utuk bilen ýaryş jedwelinde altynjy orny eýeleýär. 22 utuk toplan «Al-Garafa» öňdäki orny saklaýar.
Mançini 60 ýaşynda. Ol öz tälimçilik karýerasynda Italiýanyň (Ýewro-2020 ýeňijisi) we Saud Arabystanynyň milli ýygyndylaryna, şeýle hem Italiýanyň «Inter», «Fiorentina», «Lazio» klublaryna, Sankt-Peterburgyň «Zenit», Türkiýäniň «Galatasaraý», Angliýanyň «Mançester Siti» we beýleki toparlara tälim berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.