21 noýabr 2026
Ulgama girmek
TMCars News
  • Awtoulaglar
  • Spestehnika
  • Awtoşaýlar
  • Beýleki Bildirişler
  • Biznes Hasaplar
  • Habarlar
TMCars News
TMCars NewsUlgama girmek
Baş sahypaAwtoulaglarAwtoşaýlarBeýleki BildirişlerBiznes HasaplarHabarlar
Garaňky tema
Dil
Meniň profilim

Sport

  1. Baş sahypa
  2. /Habarlar
  3. /Sport
Filtr

Kategoriýa

  • Ählisi
  • Peýdaly maglumat
  • Syýasat we ykdysadyýet
  • Medeniýet we jemgyýet
  • Ylym we tehnika
  • Bilim
  • Syýahatçylyk
  • Moda we stil
  • Sport
  • Hi-tech
  • Awto
  • Biznes
  • Hadysalar
  • Saglyk
  • Nebit we gaz

Teg

TürkmenistanSerdar Berdimuhamedowawtoulag dizaýnyfilmler we multfilmlerHytaýfutbolTürkiýeABŞsaglyktaryh
Donnarumma “PSŽ-den” “Mançester Sitä”, Ederson “Fenerbahçä” gidýär
02.09.2025 14:54
6775

Donnarumma “PSŽ-den” “Mançester Sitä”, Ederson “Fenerbahçä” gidýär

Italiýaly derwezeban Janluiji Donnarumma karýerasyny “Mançester Sitide” dowam etdirer. Iňlis kluby fransuz “Pari Sen-Žermeni” bilen futbolçynyň transferi barada ylalaşyk gazandy. Transfer mukdary 39 mln ýewro bolar diýip, žurnalist Fabrisio Romano X sosial ulgamynda habar berdi
“Liwerpul” Isak bilen şertnama baglaşdy: bu futbol taryhynda iň gymmat üçünji transfer
02.09.2025 13:07
7080

“Liwerpul” Isak bilen şertnama baglaşdy: bu futbol taryhynda iň gymmat üçünji transfer

Şwesiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Aleksandr Isak “Liwerpul” bilen alty ýyllyk şertnama baglaşdy. Ol toparda 9-njy belgini aldy diýip, klubuň metbugat gullugy habar berdi. The Athletic-iň we žurnalist Fabrisio Romanonyň maglumatlaryna görä, klub 25 ýaşly hüjümçiniň geçmegi üçin “Nýukasla” 125 mln funt (144 mln ýewro) töledi
“Men Garri Potter däl”: Erik ten Hag üç oýundan soň “Baýeriň” tälimçisi wezipesinden boşadyldy
01.09.2025 19:09
10774

“Men Garri Potter däl”: Erik ten Hag üç oýundan soň “Baýeriň” tälimçisi wezipesinden boşadyldy

Niderlandly Erik ten Hag Lewerkuzeniň “Baýeriniň” baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. Klubuň baş müdiri Fernando Karro şeýle çözgüdiň agyr bolsa-da, zerur ädimdigini belledi diýip, klubuň metbugat gullugy habar berýär
Messi 2021-nji ýyldan bäri ilkinji gezek finalda utuldy: “Inter Maýami” Ligalaryň kubogyny elden gidirdi
01.09.2025 17:08
11033

Messi 2021-nji ýyldan bäri ilkinji gezek finalda utuldy: “Inter Maýami” Ligalaryň kubogyny elden gidirdi

“Inter Maýaminiň” argentinaly hüjümçisi Lionel Messi soňky dört ýylda ilkinji gezek final oýnunda utuldy. Onuň kluby 1-nji sentýabrda Sietlde geçen Ligalaryň kubogynyň aýgytly oýnunda “Sietl Saundersden” 0:3 hasabynda utuldy
Guramaçylar 2029-njy ýylyň gyşky Aziýa oýunlaryny Günorta Koreýa göçürmegi göz öňünde tutýarlar
01.09.2025 14:26
2835

Guramaçylar 2029-njy ýylyň gyşky Aziýa oýunlaryny Günorta Koreýa göçürmegi göz öňünde tutýarlar

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi 2029-njy ýylda geçiriljek gyşky Aziýa oýunlaryny kabul etmek baradaky teklip bilen Günorta Koreýanyň Olimpiýa komitetine ýüz tutdy. Guramaçylar Saud Arabystanynyň ýaryşlaryň geçirmek meýilleşdirilen ýeri bolan Troýena (Trojena) lyža kurortyny wagtynda gurup ýetişdirip biljegine şübhelenýärler
“Barselonanyň” akademiýasyna ilkinji gezek azerbaýjanly futbolçy goşuldy
01.09.2025 14:09
7746

“Barselonanyň” akademiýasyna ilkinji gezek azerbaýjanly futbolçy goşuldy

“Barselonanyň” akademiýasy 17 ýaşly azerbaýjanly ýarymgoragçy Ibragim Babaýew bilen şertnama baglaşdy. Ol La Masiýada Azerbaýjanyň ilkinji wekili boldy. Katalon klubuna geçmezden ozal Babaýew Şweýsariýanyň “Serwett” klubunyň ýaşlar toparynda çykyş etdi
7 ýaşly Kerim Babaýew Abu-Dabide geçen küşt ýaryşynyň kümüş medalyny aldy
01.09.2025 14:04
6124

7 ýaşly Kerim Babaýew Abu-Dabide geçen küşt ýaryşynyň kümüş medalyny aldy

Aşgabat şäheriniň 86-njy orta mekdebiniň 2-nji synp okuwçysy Kerim Babaýew Abu-Dabide geçirilen 31-nji Halkara küşt festiwalynyň kümüş medalyna mynasyp boldy. Ýaryşlar Radisson Blu myhmanhanasynda geçirilip, ol 83 ýurtdan 3000-den gowrak gatnaşyjyny özünde jemledi diýip, Türkmenistanyň Küşt Federasiýasy habar berdi
Piastri Niderlandlaryň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Werstappen – ikinji
01.09.2025 12:19
3049

Piastri Niderlandlaryň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Werstappen – ikinji

“Maklaren” toparynyň sürüjisi Oskar Piastri 31-nji awgustda Zandwortda geçen Niderlandlaryň Gran-prisinde ýeňiji boldy. Ikinji bolup pellehana “Red Bulldan” häzirki dünýä çempiony Maks Werstappen geldi. Üçünji orny “Reýsing Bulls” toparynyň wekili Isak Hajar eýeledi – onuň üçin bu karýerasynda münbere ilkinji gezek çykmagy boldy
Türkmenistanyň milli ýygyndysy CAFA Milletler kubogynda Gyrgyzystan bilen 1:1 oýnady
31.08.2025 09:17
11386

Türkmenistanyň milli ýygyndysy CAFA Milletler kubogynda Gyrgyzystan bilen 1:1 oýnady

30-njy awgustda CAFA Milletler kubogynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy ilkinji duşuşygynda Gyrgyzystanyň garşysyna meýdança çykdy. Oýnuň ilkinji minutlarynda Gyrgyzystanyň milli ýygyndysy topa has köp erk etmegi başardy
Esasy transferler: Simons “Tottenhemiň” oýunçysy boldy, Garnaço “Çelsä” geçýär
30.08.2025 18:01
5953

Esasy transferler: Simons “Tottenhemiň” oýunçysy boldy, Garnaço “Çelsä” geçýär

“Tottenhem” resmi taýdan 22 ýaşly hüjümçi Hawi Simons bilen şertnama baglaşandygyny habar berdi. Klub “RB Leýpsige” 52 mln funt (60 mln ýewrodan gowrak) tölär. Futbolçy ýene iki möwsüm uzaltmak mümkinçiligi bilen bäşýyllyk şertnama baglaşdy
Ýewropa ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň esasy tapgyrynyň bijeleri çekildi
30.08.2025 17:55
5032

Ýewropa ligasynyň we Konferensiýa ligasynyň esasy tapgyrynyň bijeleri çekildi

UEFA Monakoda Ýewropa ligasynyň esasy tapgyrynyň bije çekişigini geçirdi. Ol ikinji möwsüm 36 toparyň gatnaşmagynda täzelenen görnüşde geçer. Şol gün Şweýsariýanyň Nýon şäherinde Ýewropada üçünji möhüm klub ýaryşy bolan Konferensiýa ligasynyň umumy tapgyrynyň hem bije çekişigi geçirildi
Zlatan Ibragimowiç we “Çelsi” UEFA-nyň prezidentiniň baýraklaryna mynasyp boldy
30.08.2025 12:24
9917

Zlatan Ibragimowiç we “Çelsi” UEFA-nyň prezidentiniň baýraklaryna mynasyp boldy

Şwesiýanyň milli ýygyndysynyň taryhynda iň gowy bombardir Zlatan Ibragimowiç UEFA-nyň prezidentiniň her ýyl berilýän baýragyna mynasyp boldy. Dabara penşenbe güni Monakoda geçen Çempionlar ligasynyň bije çekişigi wagtynda geçirildi
Resmi taýdan: Mahaçew bilen Maddalenanyň titul söweşi noýabrda UFC 322-de geçiriler
29.08.2025 19:51
13324

Resmi taýdan: Mahaçew bilen Maddalenanyň titul söweşi noýabrda UFC 322-de geçiriler

Ýarym orta agramda UFC-niň çempiony, awstraliýaly Jek Della Maddalena (18-2) bilen ýeňil agramda promouşeniň öňki çempiony, russiýaly Islam Mahaçewiň (27-1) arasyndaky titul söweşi UFC 322 ýaryşynyň esasy wakasy bolar
“Fenerbahçe” Mourinýuny baş tälimçi wezipesinden aýyrdy, “Beşiktaş” Sulşer bilen hoşlaşdy
29.08.2025 19:36
9445

“Fenerbahçe” Mourinýuny baş tälimçi wezipesinden aýyrdy, “Beşiktaş” Sulşer bilen hoşlaşdy

Stambulyň “Fenerbahçe” futbol kluby portugaliýaly Žoze Mourinýuny toparyň baş tälimçisi wezipesinden aýyrdy. Bu barada klub X sosial ulgamynda habar berdi. Çözgüt klubuň pleý-off tapgyrynda Portugaliýanyň “Benfikasyndan” utulyp, Çempionlar ligasynyň esasy tapgyryna çykyp bilmezligi bilen baglanyşykly boldy
Çempionlar ligasynyň bije çekişigi geçirildi. 36 klubuň ählisi öz garşydaşyny bildi
29.08.2025 13:31
12825

Çempionlar ligasynyň bije çekişigi geçirildi. 36 klubuň ählisi öz garşydaşyny bildi

28-nji awgustda 2025/26 möwsüminiň UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň bije çekişigi geçirildi. Ýewropanyň esasy ýaryşyna 36 gatnaşyjynyň ählisi umumy tapgyr boýunça öz garşydaşlaryny bildi. Her topar sekiz garşydaş: reýting boýunça düzülen 4 sebediň hersinden iki topar bilen duşuşar
«Altyn asyr» toparynyň AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky garşydaşlary belli boldy
29.08.2025 07:25
11632

«Altyn asyr» toparynyň AFK-nyň Çagyryş ligasyndaky garşydaşlary belli boldy

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasy tarapyndan geçirilýän AFK-nyň Çagyryş ligasynda çykyş edýän Türkmenistandan «Altyn asyr» toparynyň toparçadaky garşydaşlary belli boldy. Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäherinde geçirilen bije çekişligiň netijesinde, «A» toparça düşen paýtagtymyzyň toparynyň garşydaşlary Butanyň «Paro», Omanyň «Al-Şabab» hem-de Gyrgyz Respublikasynyň «Abdyş-Ata» toparlary boldular
Erling Holand Norwegiýanyň milli ýygyndysynda täze familiýa bilen çykyş eder
29.08.2025 00:59
12386

Erling Holand Norwegiýanyň milli ýygyndysynda täze familiýa bilen çykyş eder

“Mançester Sitiniň” hüjümçisi Erling Holand Norwegiýanyň milli ýygyndysynda geýjek köýnekçesiniň arkasyndaky familiýasyny üýtgeder. Bu barada milli ýygyndynyň sosial ulgamlardaky resmi sahypasynda habar berilýär
UEFA Çempionlar ligasynyň finalynyň başlanýan wagtyny öňe süýşürdi
29.08.2025 00:20
11310

UEFA Çempionlar ligasynyň finalynyň başlanýan wagtyny öňe süýşürdi

UEFA Çempionlar ligasynyň final oýnunyň başlanýan wagtynyň üýtgedilendigini habar berdi. 2025/26 möwsüminden başlap, ýaryşyň aýgytly oýny Merkezi Ýewropa wagty boýunça 21:00-da däl-de, 18:00-da (Aşgabat wagty bilen 22:00) başlar
“Mançester Ýunaýted” ilkinji gezek Liganyň kubogyndan 4-nji diwizionyň klubundan utulyp çykdy
28.08.2025 13:20
7772

“Mançester Ýunaýted” ilkinji gezek Liganyň kubogyndan 4-nji diwizionyň klubundan utulyp çykdy

“Mançester Ýunaýted” ikinji tapgyrda “Grimsbi Taundan” utulandan soň (2:2, penalti boýunça 11:12) Angliýanyň ligasynyň kubogyndan çykdy. Squawka portalynyň habar bermegine görä, bu taryhda klubuň ýaryşda dördünji diwiziondaky garşydaşdan ilkinji gezek utulmagy boldy
Messi “Inter Maýamini” MLS + MX ligalarynyň kubogynyň finalyna çykardy
28.08.2025 12:35
7112

Messi “Inter Maýamini” MLS + MX ligalarynyň kubogynyň finalyna çykardy

MLS (ABŞ we Kanada) we MX ligasynyň (Meksika) klublarynyň arasyndaky futbol boýunça demirgazyk amerikan ýaryşynyň – Ligalaryň kubogynyň ýarym final oýunlary geçirildi. Aýgytly oýunda kubok ugrunda göreşmek hukugyny “Inter Maýami” we “Sietl Saunders” gazandy
Jordanyň we Braýantyň gollary bolan kartoçka auksionda rekord 12,9 mln dollara satyldy
28.08.2025 12:23
4595

Jordanyň we Braýantyň gollary bolan kartoçka auksionda rekord 12,9 mln dollara satyldy

Meşhur basketbolçylar Maýkl Jordan we Kobi Braýant tarapyndan gol goýlan kartoçka ABŞ-da Heritage Auctions auksionynda 12,9 mln dollara satyldy. Bu mukdar sport kartoçkalary üçin rekord boldy diýip, Bi-bi-si habar berýär
Çempionlar ligasynyň esasyna tapgyryna gatnaşyjylaryň ählisi kesgitlendi
28.08.2025 11:47
6404

Çempionlar ligasynyň esasyna tapgyryna gatnaşyjylaryň ählisi kesgitlendi

28-nji awgusta geçilen gije Çempionlar ligasynyň pleý-off tapgyrynyň soňky oýunlary tamamlandy. Netijede, Ýewropanyň esasy ýaryşynyň umumy tapgyryna gatnaşjak klublaryň ählisi belli boldy. Ýaryş üçin ýollamany iň soňky bolup “Kaýrat” (Gazagystan), “Budýo-Glimt” (Norwegiýa), “Pafos” (Kipr), “Karabah” (Azerbaýjan), “Brýugge” (Belgiýa), “Benfika” (Portugaliýa) we “Kopengagen” (Daniýa) aldy
Çempionlar ligasynyň täze toplary gijeki asmandan, kosmosdan we demirgazyk şapagyndan ylham alyp döredildi
27.08.2025 16:39
9525

Çempionlar ligasynyň täze toplary gijeki asmandan, kosmosdan we demirgazyk şapagyndan ylham alyp döredildi

Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň birleşigi (UEFA) 2025/26 möwsüminiň erkekler we zenanlar Çempionlar ligasy üçin täze resmi toplaryny hödürledi. Täze modeller ýaryşyň umumy tapgyrynda ulanylar. Erkekler Çempionlar ligasy üçin top gök we altyn nagyşlar bilen bezeldi
Türkmenistan CAFA Milletler kubogynda Gyrgyzystan, Özbegistan we Oman bilen duşuşar
26.08.2025 14:29
11337

Türkmenistan CAFA Milletler kubogynda Gyrgyzystan, Özbegistan we Oman bilen duşuşar

Merkezi Aziýanyň Futbol Assosiasiýasynyň (CAFA) Milletler kubogynyň toparçalaýyn tapgyrynyň oýunlarynyň tertibi resmi taýdan mälim edildi. Bu barada CAFA-nyň metbugat gullugy habar berýär. CAFA-nyň Milletler kubogy taryhda ikinji gezek geçirilýär
Forbes 2025-nji ýylda dünýäniň iň baý tennisçilerini atlandyrdy
26.08.2025 11:00
5722

Forbes 2025-nji ýylda dünýäniň iň baý tennisçilerini atlandyrdy

Forbes žurnaly 2025-nji ýylda dünýäniň iň baý tennisçileriniň reýtingini hödürledi. Sanawda birinji orny ýylda 48,3 mln dollar girdeji bilen ispaniýaly Karlos Alkaras eýeledi. Ikinji orunda 47,3 mln dollar bilen italiýaly Ýannik Sinner ýerleşdi
13 ýaşly tennisçi Tailandda geçen halkara ýaryşda Türkmenistana iki sany altyn medal getirdi
25.08.2025 12:20
5813

13 ýaşly tennisçi Tailandda geçen halkara ýaryşda Türkmenistana iki sany altyn medal getirdi

Tailand Patyşalygynyň Uly Bangkok sebitine degişli bolan Nonthaburi welaýatynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) guramagynda halkara tennis ýaryşy geçirildi. Ýaryşda üstünlikli çykyş eden türkmen türgenleri üç görnüş boýunça altyn, bir görnüşde bolsa bürünç medal gazandylar
«Barselona» üçünji egin-eşik toplumyny hödürledi: Klub 11 ýyldan bäri ilkinji gezek mämişe reňke dolanar
24.08.2025 16:45
6749

«Barselona» üçünji egin-eşik toplumyny hödürledi: Klub 11 ýyldan bäri ilkinji gezek mämişe reňke dolanar

«Barselona» futbol kluby 2025/26 möwsüm üçin üçünji egin-eşik toplumyny görkezdi. Hansi Fligiň topary 2014/15 möwsüminden bäri ilkinji gezek mämişi köýnekçede meýdana çykar. Klub taryhynda bu reňk sekizinji gezek ulanylar
Ronaldu "Al-Nasr" bilen ýene bir kubogy elden gidirdi, ýöne futbolçy täze rekord goýdy
24.08.2025 15:09
17758

Ronaldu "Al-Nasr" bilen ýene bir kubogy elden gidirdi, ýöne futbolçy täze rekord goýdy

Kriştianu Ronaldunyň çykyş edýän "Al-Nasr" futbol kluby Saud Arabystanynyň Superkubogynyň final oýnunda "Al-Ahliden" utuldy. Duşuşyk "Gonkong - So-Kon-Po" stadionynda geçirildi. Oýnuň esasy wagty deňme-deň - 2:2 hasabynda tamamlandy
Tramp 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň bijeleriniň çekiljek senesini we ýerini aýtdy
23.08.2025 18:33
23008

Tramp 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň bijeleriniň çekiljek senesini we ýerini aýtdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň bije çekişiginiň 5-nji dekabrda Waşingtonyň Kennedi adyndaky Ýerine ýetiriş sungat merkezinde geçiriljekdigini habar berdi. Ol muny FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinonyň gatnaşmagynda Prezidentiň iş otagyndan ýörite ýüzlenme bilen aýtdy
Nike Braziliýadan sekiz ýaşly futbolçy bilen şertnama baglaşdy
22.08.2025 19:07
15991

Nike Braziliýadan sekiz ýaşly futbolçy bilen şertnama baglaşdy

Nike Braziliýadan “Flamengo” klubunyň çagalar toparynda çykyş edýän sekiz ýaşly futbolçy Natansinýo bilen şertnama baglaşdy. Bu barada O Globo neşiri habar berýär. Geçen möwsümde Natansinýo 8 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda Rio-de-Žaneýronyň çempionatynyň iň gowy bombardiri boldy
Türkmen karateçileri Daşkentde Merkezi Aziýanyň Kubogynda 24 medal gazandylar
21.08.2025 19:55
4835

Türkmen karateçileri Daşkentde Merkezi Aziýanyň Kubogynda 24 medal gazandylar

18-20-nji awgust aralygynda Daşkent şäherinde kýokuşunkaý karate boýunça Merkezi Aziýanyň Kubogy geçirildi. Türkmenistanyň ýygyndy topary ýaryşda ýokary netijeleri görkezip, 6 altyn, 4 kümüş we 14 bürünç medala mynasyp boldy
UFC-niň täze çempiony Hamzat Çimaýew dünýäniň iň gowy söweşijileriniň bäşligine girdi
21.08.2025 16:34
15957

UFC-niň täze çempiony Hamzat Çimaýew dünýäniň iň gowy söweşijileriniň bäşligine girdi

Orta agramda UFC-niň çempiony Hamzat Çimaýew täzelenen Pound4Pound (P4P) reýtinginde dördünji orny eýeledi. BAE-den ýeňilmedik söweşiji UFC 319 ýaryşynda geçirilen titul söweşinde GAR-yň wekili Drikus dýu Plessiden üstün çykandan soň birbada 10 orun ýokary galdy
44 ýaşly braziliýaly derwezeban futboldaky oýunlarynyň sany boýunça rekord goýdy
21.08.2025 16:32
9132

44 ýaşly braziliýaly derwezeban futboldaky oýunlarynyň sany boýunça rekord goýdy

“Fluminenseniň” braziliýaly derwezebany Fabio professional futbolda gatnaşan oýunlarynyň sany boýunça rekord eýesi boldy. Onuň hasabynda indi 1391 oýun bar. 44 ýaşly futbolçy çarşenbe güni Günorta Amerika kubogynyň 1/8 finalynyň Kolumbiýanyň “Amerika De Kali” toparyna garşy oýnuna başlangyç düzümde çykdy
Salah üçünji gezek PFA tarapyndan ýylyň iň gowy oýunçysy üçin baýragy aldy – bu rekord
21.08.2025 16:03
5838

Salah üçünji gezek PFA tarapyndan ýylyň iň gowy oýunçysy üçin baýragy aldy – bu rekord

“Liwerpulyň” wingeri Mohamed Salah Angliýanyň Professional futbolçylaryň assosiasiýasy (PFA) tarapyndan ýylyň iň gowy futbolçysy üçin baýraga mynasyp boldy. Müsürli oýunçy bu baýragy üçünji gezek alýar we bu rekorddyr
24 ýaşda 24-nji ýeňiş: Iga Swýontek Sinsinnatidäki WTA 1000 ýaryşynyň ýeňijisi boldy
20.08.2025 08:40
4478

24 ýaşda 24-nji ýeňiş: Iga Swýontek Sinsinnatidäki WTA 1000 ýaryşynyň ýeňijisi boldy

Polşaly tennisçi Iga Swýontek Sinsinnatidäki (ABŞ) WTA 1000 tennis ýaryşynyň finalynda ýeňiş gazandy. Finalda ol italiýaly Žasmin Paolinini 7:5, 6:4 hasabynda utdy. Oýun 1 sagat 49 minut dowam etdi. Oýnuň başynda Swýontek 0:3 hasabynda utulyp gelýärdi, ol garşydaşynyň oýnuň dowamynda dört breýk etmegine ýol berdi, ýöne soň oýny öz peýdasyna öwürmegi başardy
“Liwerpul” transferlerde £200 mln gazandy, ýöne £300 mln sarp etdi
20.08.2025 08:37
8191

“Liwerpul” transferlerde £200 mln gazandy, ýöne £300 mln sarp etdi

“Liwerpul” futbol kluby şu tomus öz taryhynda iň güýçli transfer kampaniýasyny geçirýär. Klub oýunçy satuwyndan 200 mln funt sterlingden gowrak gazandy, ýöne täze oýunçylar üçin çykdajylary 300 mln funt sterlingden geçdi diýip, ESPN ýazýar
Ronaldunyň kömegi bilen geçirilen gol “Al-Nasry” Saud Arabystanynyň Superkubogynyň finalyna çykardy
20.08.2025 08:24
13470

Ronaldunyň kömegi bilen geçirilen gol “Al-Nasry” Saud Arabystanynyň Superkubogynyň finalyna çykardy

“Al-Nasr” futbol boýunça Saud Arabystanynyň Superkubogynyň ýarym final oýnunda “Al-Ittihady” utdy. Oýun Gonkongda geçirilip, Kriştianu Ronaldunyň toparynyň peýdasyna 2:1 hasabynda tamamlandy. Oýunda hasaby 10-njy minutda “Al-Nasryň” hüjümçisi Sadio Mane açdy
FIFA Klublaýyn dünýä çempionatyny 48 kluby gatnaşdyryp, her iki ýyldan geçirmek mümkinçiligini öwrenýär
19.08.2025 18:40
10986

FIFA Klublaýyn dünýä çempionatyny 48 kluby gatnaşdyryp, her iki ýyldan geçirmek mümkinçiligini öwrenýär

FIFA 2029-njy ýyldan başlap Klublaýyn dünýä çempionatyny her iki ýyldan bir gezek geçirmegi ara alyp maslahatlaşýar diýip, The Guardian neşiri habar berýär. Bu teklip ilkibaşda “Real” kluby tarapyndan orta atyldy
Alp Arslan Begenjow dünýä çempiony titulyny gorap bilmedi
19.08.2025 15:53
30675

Alp Arslan Begenjow dünýä çempiony titulyny gorap bilmedi

Erkin göreş boýunça türkmen pälwany Alp Arslan Begenjow (79 kg çenli agram kategoriýasy) 20 ýaşa çenli türgenleriň arasynda göreş boýunça ýaşlar dünýä çempionatynyň dörtden bir finalyndan geçip bilmedi. Ýaryş 17 – 24-nji awgust aralygynda Bolgariýanyň Samokow şäherinde 650 türgeniň gatnaşmagynda geçirilýär
Ronaldunyň kluby “Al-Nasr” Günden we çölden ylham alyp döredilen täze eşigini görkezdi
19.08.2025 13:48
11311

Ronaldunyň kluby “Al-Nasr” Günden we çölden ylham alyp döredilen täze eşigini görkezdi

“Al-Nasr” saud futbol kluby 2025/2026 möwsümi üçin öý eşigini resmi taýdan hödürledi. Tanyşdyryşa toparyň öňdebaryjy oýunçylary, şol sanda Kriştianu Ronaldu, Sadio Mane we toparyň täze oýunçysy Žoau Feliks gatnaşdy diýip, Footy Headlines habar berýär
«1…3335…168»
«1…3031323335363738…168»
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.