Nike Braziliýadan sekiz ýaşly futbolçy bilen şertnama baglaşdy

22.08.2025, 14:0715,662

Nike Braziliýadan “Flamengo” klubunyň çagalar toparynda çykyş edýän sekiz ýaşly futbolçy Natansinýo bilen şertnama baglaşdy. Bu barada O Globo neşiri habar berýär.

Geçen möwsümde Natansinýo 8 ýaşa çenli oýunçylaryň arasynda Rio-de-Žaneýronyň çempionatynyň iň gowy bombardiri boldy. Ol 18 gol geçirdi. Ibercup ýaryşynda 11 gol bilen tapawutlanyp, iň gowy oýunçy üçin baýragy aldy.
Ýaş türgen “Flamengonyň” taryhynda Nike bilen şertnama baglaşan iň ýaş futbolçy boldy. Şertnamanyň şertleri we bahasy aýdylmaýar. A Bola portugal gazetinde geljekde bu ýaş zehiniň “özüni tanatjakdygy” bellenilýär.
Bu şular ýaly ilkinji waka däl: dört ýyl mundan ozal Nike başga bir sekiz ýaşly braziliýaly – Kauan Basile bilen şertnama baglaşdy. Häzir Basileniň Instagram-da 1,7 mln agzasy bar, mahabat kampaniýalaryna bolsa ol eýýäm Neýmar bilen gatnaşyp ýetişdi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.