Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Aşgabatda «Grassroots» çagalar futbol festiwalyny geçirdi
07.01.2026 13:31
8.7k+

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy Aşgabatda «Grassroots» çagalar futbol festiwalyny geçirdi

7-nji ýanwarda «Aşgabat» köpugurly stadionynda 2014 – 2015-nji ýyllarda doglan çagalaryň gatnaşmagynda «Grassroots» çagalar futbol festiwaly geçirildi. Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň hem-de Geljekki olimpiýaçylaryň ýöriteleşdirilen çagalar-ýetginjekler sport mekdebiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu festiwala 150-ä golaý ýaş futbolçy gatnaşdy diýip, federasiýada habar berdiler
Röwşen Muhadow «Arkadag» toparynyň baş tälimçisi wezipesinden gitdi
07.01.2026 13:24
21k+

Röwşen Muhadow «Arkadag» toparynyň baş tälimçisi wezipesinden gitdi

«Arkadag» futbol kluby Röwşen Muhadow bilen hyzmatdaşlygyň tamamlanandygyny habar berdi. Tälimçi bilen baglaşylan şertnamanyň möhleti tamamlanyp, taraplar ony uzaltmazlyk barada özara ylalaşyk esasynda karara geldiler diýip, Turkmenportal neşiri habar berýär
FIDE dünýäniň küşt täji üçin dalaşgärleriň sanawyny hödürledi
07.01.2026 10:58
6.1k+

FIDE dünýäniň küşt täji üçin dalaşgärleriň sanawyny hödürledi

Halkara küşt federasiýasy (FIDE) öz resmi saýtynda dalaşgärleriň we zenan dalaşgärleriň ýaryşlaryna gatnaşyjylaryň sanawyny hödürledi. Bu ýaryşlaryň ýeňijileri dünýäniň küşt täji üçin bäsleşmäge hukuk gazanar. Ýaryşlar 29-njy martdan 15-nji aprel aralygynda Kipriň günorta-günbataryndaky Pafos şäheriniň golaýyndaky otelde geçiriler
«Strasburgdan» Liam Rosenýor «Çelsiniň» täze baş tälimçisi bolar
06.01.2026 14:19
4k+

«Strasburgdan» Liam Rosenýor «Çelsiniň» täze baş tälimçisi bolar

Londoniň «Çelsi» toparynyň täze baş tälimçisi häzirki wagtda Fransiýanyň «Strasburg» klubuna ýolbaşçylyk edýän Liam Rosenýor bolar. Hünärmeniň özi bu maglumaty insaýder-žurnalist Fabrisio Romano bilen bolan söhbetdeşliginde tassyklady
«Mançester Ýunaýted» Ruben Amorimi işden çykardy
05.01.2026 16:35
8.9k+

«Mançester Ýunaýted» Ruben Amorimi işden çykardy

«Mançester Ýunaýted» topary baş tälimçi Ruben Amorimiň wezipesinden gidýändigini resmi taýdan yglan etdi. Portugaliýaly hünärmen 14 aýlyk işinden soňra wezipesinden çykaryldy. Ol topary Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) 20 tapgyryndan soňra ýaryş jedwelinde altynjy orunda galdyrdy
Türkmen agyr atletikaçylary Dohada geçirilen ýaryşda 21 medal gazandylar
05.01.2026 12:06
7.3k+

Türkmen agyr atletikaçylary Dohada geçirilen ýaryşda 21 medal gazandylar

Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça halkara ýaryşda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary şowly çykyş edip, 7 altyn, 7 kümüş, 7 bürünç medal gazandy. Halkara ýaryş 2025-nji ýylyň agyr atletika boýunça 10-njy Katar halkara kubogyny, ýetginjekleriň, ýaşlaryň we ulularyň arasynda geçirilýän Arap çempionatyny, şeýle-de Günbatar Aziýa çempionatyny özünde jemledi
"Barselonanyň" öňki goragçysy Dani Alwes portugal futbol klubynyň şärikdeş eýesi boldy
05.01.2026 08:46
8.6k+

"Barselonanyň" öňki goragçysy Dani Alwes portugal futbol klubynyň şärikdeş eýesi boldy

"Barselonanyň" we Braziliýanyň milli ýygyndysynyň öňki ýyldyzy Dani Alwes Portugaliýanyň derejesi boýunça üçünji diwiziony bolan "Liga 3-de" çykyş edýän "San-Žuan-de-Wer" klubunyň şärikdeş eýesi boldy. "Klubumyzyň taryhynda täze bir sahypa açylýar
FIFA we IFAB 20-nji ýanwarda "Arsen Wengeriň ofsaýdyny" girizmek meselesine gararlar
05.01.2026 08:39
8.6k+

FIFA we IFAB 20-nji ýanwarda "Arsen Wengeriň ofsaýdyny" girizmek meselesine gararlar

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) we Halkara Futbol Assosiasiýalarynyň Geňeşi (IFAB) eýýäm indiki möwsümden başlap, “Arsen Wengeriň ofsaýdyny” girizip bilerler. Bu barada "RMC Sport" neşiri habar berýär. Gürrüň Londonyň "Arsenal" toparynyň öňki tälimçisi Arsen Wengeriň tekliplerine laýyklykda ofsaýd (oýundan daşardaky ýagdaý) düzgünine düýpli üýtgetmeler girizmek barada gidýär
«Arkadag» futbol klubunyň «Al‑Nasr» bilen geçirjek duşuşyklarynyň seneleri belli boldy
03.01.2026 22:48
23k+

«Arkadag» futbol klubunyň «Al‑Nasr» bilen geçirjek duşuşyklarynyň seneleri belli boldy

Aziýanyň futbol konfederasiýasy (AFK) AFK‑2 Çempionlar ligasynyň 1/8 final tapgyrynyň duşuşyklarynyň senelerini we başlanjak wagtlaryny tassyklady. Kuala‑Lumpurda geçirilen bije çekişligiň netijesine görä, «Arkadagyň» garşydaşy portugaliýaly futbol ýyldyzy Kriştianu Ronaldunyň çykyş edýän Saud Arabystanynyň «Al‑Nasr» topary bolar
Neýmar «Santos» bilen şertnamany 2026-njy ýyla çenli uzaltdy
03.01.2026 11:02
751

Neýmar «Santos» bilen şertnamany 2026-njy ýyla çenli uzaltdy

Braziliýaly hüjümçi Neýmar «Santos» bilen şertnamany 2026-njy ýylyň ahyryna çenli uzaltmak barada ylalaşdy. Bu barada insaýder Fabrisio Romano habar berýär. 33 ýaşly Neýmaryň klub bilen öňki şertnamasynyň möhleti 2025-nji ýylyň dekabrynda tamamlandy
FIFA ýylyň iň gowy futbolçylary üçin täze baýrak döretdi
03.01.2026 09:52
7.3k+

FIFA ýylyň iň gowy futbolçylary üçin täze baýrak döretdi

Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) iň gowy futbolçylar üçin täze baýragyň döredilendigini yglan etdi. Guramanyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, bu baýrak ýylyň ahyrynda Dubaýyň sport geňeşi bilen bilelikde gowşurylar
Kriştianu Ronaldu soňky 16 ýylda ilkinji gezek bir senenama ýylynda het-trik edip bilmedi
02.01.2026 15:41
14k+

Kriştianu Ronaldu soňky 16 ýylda ilkinji gezek bir senenama ýylynda het-trik edip bilmedi

«Al-Nasr» saud klubunyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu bir senenama ýylynyň dowamynda ýekeje-de het-trik etmedi. Tamamlanan 2025-nji ýylda portugaliýaly futbolçy resmi oýunlaryň hiç birinde üç we ondan köp gol geçirmedi diýip, Spor portaly ýazýar
Enso Mareska «Çelsiniň» baş tälimçisi wezipesinden gitdi
02.01.2026 15:37
5.5k+

Enso Mareska «Çelsiniň» baş tälimçisi wezipesinden gitdi

Italiýaly hünärmen Enso Mareska Angliýanyň «Çelsi» futbol klubunyň baş tälimçisi wezipesinden aýryldy. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berdi. «Enso klubda işlän döwründe topary Konferensiýa ligasynda we Klublaýyn dünýä çempionatynda üstünlige getirdi
IFFHS 2025-nji ýylyň iň gowy futbol tälimçilerini saýlady
31.12.2025 08:30
6.7k+

IFFHS 2025-nji ýylyň iň gowy futbol tälimçilerini saýlady

Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) ýylyň iň gowy tälimçileriniň reýtingini hödürledi. Klub derejesinde birinji orny 222 utuk bilen «Pari Sen-Žermeniň» halypasy Luis Enrike eýeledi. Ikinji orunda Enso Mareska («Çelsi», 60), üçünji orunda Hans-Diter Flik («Barselona», 57) ýerleşdi
«Arkadag» AFK Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynda Kriştianu Ronaldunyň «Al-Nasryna» garşy oýnar
30.12.2025 14:55
19k+

«Arkadag» AFK Çempionlar ligasy 2-niň 1/8 finalynda Kriştianu Ronaldunyň «Al-Nasryna» garşy oýnar

«Arkadag» futbol kluby AFK-2 Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldunyň oýnaýan «Al-Nasr» saud kluby bilen duşuşar. Ýaryşyň bu tapgyrynyň oýunlary 2026-njy ýylyň 10-11-nji we 17-18-nji fewralyna meýilleşdirilýär
«Barselona» Lewandowskiden gol geçirmezligi haýyş edipdir: futbolçy sebäbini açyklady
29.12.2025 23:21
19k+

«Barselona» Lewandowskiden gol geçirmezligi haýyş edipdir: futbolçy sebäbini açyklady

«Barselonanyň» polşaly hüjümçisi Robert Lewandowski 2022/23 möwsüminiň ahyrynda klubuň özünden gol geçirmezligi haýyş edendigini aýtdy. Bu barada ol Sport ispan gazeti bilen söhbetdeşlikde gürrüň berdi. Ozal bu maglumaty polşaly žurnalist Sebastýan Staşewski futbolçy baradaky kitabynda neşir edipdi
Globe Soccer Awards-yň ýeňijileri yglan edildi: Ýamal — iň oňat hüjümçi, Dembele — ýylyň oýunçysy, Ronaldu — Ýakyn Gündogarda iň gowy
29.12.2025 13:42
17k+

Globe Soccer Awards-yň ýeňijileri yglan edildi: Ýamal — iň oňat hüjümçi, Dembele — ýylyň oýunçysy, Ronaldu — Ýakyn Gündogarda iň gowy

Abraýly Globe Soccer Awards baýragynyň eýeleri mälim edildi. Sylag gowşurylyş dabarasy Dubaýda (BAE) geçirildi. Bu ýyl baýraklaryň agramly bölegine «Pari Sen-Žermen» (PSŽ) toparynyň wekilleri mynasyp boldular. Fransuz kluby geçen möwsümde Çempionlar ligasyny, Fransiýanyň çempionatyny, Kubogyny we Superkubogyny gazandy, şeýle-de Klublaýyn dünýä çempionatynyň finalyna çenli ýetdi
Magnus Karlsen rapid boýunça alty gezek dünýä çempiony boldy
29.12.2025 13:31
3.6k+

Magnus Karlsen rapid boýunça alty gezek dünýä çempiony boldy

Norwegiýaly küştçi Magnus Karlsen Dohada geçirilen ýaryşda 10,5 utuk gazanyp, karýerasynda rapid boýunça altynjy dünýä çempiony titulyny gazandy. Ýaryşyň dowamynda Karlsen ýedinji raundda russiýaly grossmeýster Wladislaw Artemýewden utuldy
“Arkadag” futbol kluby bassyr üçünji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy
27.12.2025 20:56
13k+

“Arkadag” futbol kluby bassyr üçünji ýyl Türkmenistanyň Kubogyny gazandy

Şu gün, Arkadag şäheriniň adybir topary Türkmenistanyň Kubogynyň final oýnunda “Ahal” toparyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. “Arkadag” toparynyň futbolçylary möwsümiň dowamynda üçünji baýragyny gazandylar
Şu gün Türkmenistanyň Kubogynyň finalynda «Arkadag» bilen «Ahal» duşuşar
27.12.2025 10:49
7.6k+

Şu gün Türkmenistanyň Kubogynyň finalynda «Arkadag» bilen «Ahal» duşuşar

Şu gün Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň final duşuşygynda «Arkadag» we «Ahal» futbol klublary garşylaşar. Oýun Arkadag şäheriniň stadionynda sagat 15:00-da başlanar. Duşuşyga Berdimämmet Atdyýewiň ýolbaşçylygyndaky eminler topary hyzmat eder
Allanur Daýanjow ilkinji gezek tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogyny aldy
25.12.2025 13:33
6.8k+

Allanur Daýanjow ilkinji gezek tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogyny aldy

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň köpugurly sport toplumynda tennis boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrunda ýaryş geçirildi. Oňa  Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndan we Aşgabatdan 72 türgen (47 erkek we 25 zenan) gatnaşdy
Aziýanyň futbol konfederasiýasy Milletler ligasyny döretdi: milli ýygyndylar üçin täze ýaryş
25.12.2025 11:23
7.2k+

Aziýanyň futbol konfederasiýasy Milletler ligasyny döretdi: milli ýygyndylar üçin täze ýaryş

Aziýanyň futbol konfederasiýasy (AFC) Milletler ligasynyň – milli ýygyndylar üçin täze yzygiderli ýaryşyň döredilendigini yglan etdi. Bu barada 21-nji dekabrda Kuala-Lumpurda habar berildi. Ýaryş FIFA-nyň halkara penjiresinde geçiriler
«Arkadag» AFK Çempionlar ligasy 2-niň pleý-offuna çykdy. 1/8 finalda klubuň garşydaşy Ronaldu bilen «Al-Nasr» bolup biler
25.12.2025 08:27
17k+

«Arkadag» AFK Çempionlar ligasy 2-niň pleý-offuna çykdy. 1/8 finalda klubuň garşydaşy Ronaldu bilen «Al-Nasr» bolup biler

«Arkadag» futbol kluby AFK Çempionlar ligasy 2-niň pleý-offuna ýollama aldy. Ol B toparçada ikinji orny eýeledi. Altynjy tapgyryň aýgytly oýnunda Röwşen Muhadowyň topary Bahreýniň «Al-Haldiýa» klubuny 1:0 hasabynda utdy
Entoni Joşua Jeýk Pol bilen söweşde gazanan pulundan 49 mln dollar salgyt tölär
24.12.2025 13:28
16k+

Entoni Joşua Jeýk Pol bilen söweşde gazanan pulundan 49 mln dollar salgyt tölär

IBF, WBA, WBO we IBO boýunça superagyr agramda öňki dünýä çempiony Entoni Joşua amerikaly bloger-boksçy Jeýk Pola garşy söweş üçin gazanan hakyndan, takmynan, 48,6 mln dollar salgyt tölemeli bolar. Bu barada Yahoo Sports habar berýär
58 ýaşly ýapon futbolçysy karýerasyny «Fukusima Ýunaýtedde» dowam etdirer
24.12.2025 13:21
8.3k+

58 ýaşly ýapon futbolçysy karýerasyny «Fukusima Ýunaýtedde» dowam etdirer

58 ýaşly ýapon hüjümçisi Kadzuýosi Miura Ýaponiýanyň çempionatynyň üçünji diwizionynyň «Fukusima Ýunaýted» kluby bilen şertnama baglaşdy diýip, Japan Today habar berýär. Täze möwsüm rekord eýesi bolan futbolçy üçin 1982-nji ýylda başlanan professional karýerasynda 41-nji bolar
Jeki Çan gadymy Pompei şäherinden Olimpiýa alawyny göterip geçdi
24.12.2025 13:17
13k+

Jeki Çan gadymy Pompei şäherinden Olimpiýa alawyny göterip geçdi

Aktýor Jeki Çan 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasyndaky estafetanyň çäklerinde gadymy rim şäheri Pompeiden Olimpiýa alawynyň fakelini göterip geçdi. Bu barada NBC News teleýaýlymy habar berýär
Karim Benzema Pikassonyň "Sakgally adamyň portreti" atly eserini satyn aldy
24.12.2025 10:25
5.7k+

Karim Benzema Pikassonyň "Sakgally adamyň portreti" atly eserini satyn aldy

Saud Arabystanynyň “Al-Ittihad” klubunyň hüjümçisi Karim Benzema Pablo Pikassonyň 1964-nji ýylda döreden “Sakgally adamyň portreti” (Portrait d'homme barbu) atly eserini satyn alandygyny mälim etdi. Fransuz futbolçysy bu gymmatbahaly söwdasy barada Instagram sahypasynda habar berdi
«Napoli» taryhda üçünji gezek futbol boýunça Italiýanyň Superkubogyny gazandy
24.12.2025 10:04
3.6k+

«Napoli» taryhda üçünji gezek futbol boýunça Italiýanyň Superkubogyny gazandy

«Napoli» futbol boýunça Italiýanyň Superkubogynyň ýeňijisi boldy. Ol final oýnunda «Bolonýany» 2:0 hasabynda utdy. Ýaryş Saud Arabystanynda geçirildi. Neapol klubunyň düzüminde iki goly hem Dawid Neres geçirdi (39-njy we 57-nji minutlar)
Türkmen agyr atletikaçylary Katardaky halkara ýaryşynda 6 medal gazandylar
24.12.2025 09:58
6k+

Türkmen agyr atletikaçylary Katardaky halkara ýaryşynda 6 medal gazandylar

Dohada 19-27-nji dekabr aralygynda geçirilýän Agyr atletika boýunça 10-njy halkara Katar kubogynda (Qatar Weightlifting Cup) türkmenistanly türgenler Bunýat Raşidow we Ogulşat Amanowa alty medal gazandylar. Bu barada Katar sport metbugat komiteti (The Qatar Sports Press Committee) habar berdi
"Ahal" AFK-2 Çempionlar ligasyndaky çykyşyny "Al-Husseýinden" ýeňilmek bilen tamamlady
24.12.2025 09:44
7.4k+

"Ahal" AFK-2 Çempionlar ligasyndaky çykyşyny "Al-Husseýinden" ýeňilmek bilen tamamlady

Türkmenistanyň "Ahal" futbol kluby AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky çykyşyny Iordaniýanyň "Al-Husseýin" toparyna garşy myhmançylykda geçiren duşuşygy bilen tamamlady. 23-nji dekabrda Ammanyň Halkara stadionynda geçirilen oýun 3:1 hasabynda ýerli toparyň peýdasyna tamamlandy
«Barselona» agyr keselli çagalara goldaw bermek üçin haýyr-sahawat çäresini geçirdi
23.12.2025 19:27
10k+

«Barselona» agyr keselli çagalara goldaw bermek üçin haýyr-sahawat çäresini geçirdi

«Barselona» futbol kluby we «Barsa» gaznasy (Barca Foundation) agyr keselli çagalary we ýetginjekleri goldamaga gönükdirilen haýyr-sahawat Roždestwo kampaniýasyny geçirdi. Maksatnama bejergi döwründe çagalara we olaryň maşgalalaryna emosional goldawy bermäge gönükdirilýär we Polseres Blaugrana («Gök-gyzyl bilezikler») taslamasynyň çäklerinde durmuşa geçirilýär
Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy FIFA-nyň täzelenen reýtinginde öz ornuny saklady
23.12.2025 17:24
10k+

Türkmenistanyň milli futbol ýygyndysy FIFA-nyň täzelenen reýtinginde öz ornuny saklady

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndylaryň täzelenen reýtingini hödürledi. Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň orny üýtgewsiz galdy – ol 1087,52 utuk bilen 137-nji orny eýeleýär. 2025-nji ýylda Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýanyň Kubogy-2027-niň saýlama ýaryşynyň toparlaýyn tapgyrynyň çäklerinde 5 oýun geçirdi
Saud Arabystany DÇ-2034 üçin stadion gurluşygynyň çykdajylaryny azaldar
23.12.2025 11:56
7.9k+

Saud Arabystany DÇ-2034 üçin stadion gurluşygynyň çykdajylaryny azaldar

Saud Arabystanynyň garaşsyz gaznasy (PIF) 2034-nji ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty üçin stadion gurluşygynyň çykdajylaryny azaltmak kararyna geldi. Çykdajylary azaltmak meýilnamalary barada The Guardian neşiri habar berýär
Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Baş baýragynyň ýeňijileri belli boldy
22.12.2025 17:15
8k+

Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Baş baýragynyň ýeňijileri belli boldy

13-21-nji dekabr aralygynda Aşgabatda Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň Baş baýrak ugrundaky tapgyrlarynyň jemleýji tapgyry geçirildi. Ýaryş olimpiýa ulgamy (pleý-off) boýunça guraldy. Jemleýji tapgyrda jemi 32 küştçi — 16-sy açyk we 16-sy zenanlar derejesinde gatnaşdy
Pedri kluba wepalylygy we hormaty üçin «Barselonanyň» oýunçylarynyň baýragyny aldy
22.12.2025 12:37
7k+

Pedri kluba wepalylygy we hormaty üçin «Barselonanyň» oýunçylarynyň baýragyny aldy

«Barselonanyň» ispaniýaly ýarymgoragçysy Pedri içerki futbolçylar assosiasiýasy tarapyndan Klubuň oýunçylarynyň baýragyna mynasyp boldy. Bu baýrak möwsümiň dowamynda topara wepalylygy we janköýerlere, garşydaşlara hem eminlere hormatly gatnaşygy görkezen futbolçylara berilýär
«Bawariýanyň» 17 ýaşly oýunçysy 2 aýda 40 mln ýewro gymmatlady
22.12.2025 12:23
6.4k+

«Bawariýanyň» 17 ýaşly oýunçysy 2 aýda 40 mln ýewro gymmatlady

Mýunheniň «Bawariýasynyň» hüjümçi ýarymgoragçysy Lennar Karlyň bazar bahasy iki aýda 20 mln ýewrodan 60 mln ýewro ýetdi. Täzelenen baha nemes Bundesligasynyň iň gymmat oýunçylarynyň reýtingini düzen Transfermarkt portaly tarapyndan hödürlendi
Tramp Watançylaryň oýunlaryny yglan etdi: oňa her ştatdan ýetginjek oglan we gyz gatnaşar
22.12.2025 12:13
7.3k+

Tramp Watançylaryň oýunlaryny yglan etdi: oňa her ştatdan ýetginjek oglan we gyz gatnaşar

2026-njy ýylyň güýzünde ABŞ-da taryhda ilkinji Watançylaryň oýunlary (Patriot Games) geçiriler. ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp sport ýaryşlarynyň Birleşen Ştatlaryň 250 ýyllygynyň baýram edilmegine gabat geljekdigini aýtdy diýip, CNN belleýär
Messi we Ronaldu ýok: Transfermarkt 30 ýaşdan ýokary iň gymmat 10 oýunçyny aýtdy
22.12.2025 12:08
9k+

Messi we Ronaldu ýok: Transfermarkt 30 ýaşdan ýokary iň gymmat 10 oýunçyny aýtdy

Transfermarkt portaly dünýäniň 30 ýaşdan ýokary iň gymmat on futbolçysynyň täzelenen reýtingini hödürledi. Sanawda öňdebaryjy Mýunheniň «Bawariýasynyň» hüjümçisi Garri Keýn boldy. 32 ýaşly oýunçynyň transfer bahasy 65 mln ýewro diýlip hasaplanýar
FIFA we Netflix DÇ-2026 üçin täze futbol oýnuny taýýarlaýar
22.12.2025 12:04
3k+

FIFA we Netflix DÇ-2026 üçin täze futbol oýnuny taýýarlaýar

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Netflix striming platformasy bilen bilelikde 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna çenli täze futbol simulýatoryny işe girizmegi meýilleşdirýär. Bu barada FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino habar berdi
Serdar Berdimuhamedow Dubaýda boks boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal alan türgene pul baýragyny berdi
22.12.2025 11:30
16k+

Serdar Berdimuhamedow Dubaýda boks boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal alan türgene pul baýragyny berdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Dubaý şäherinde sportuň boks görnüşi boýunça geçirilen dünýä çempionatynda üstünlik gazanan Baýramdurdy Nurmuhammedowy pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi. 2025-nji ýylyň 30-njy noýabry — 14-nji dekabry aralygynda Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilen dünýä birinjiliginde türkmen türgeni 3-nji orna we bürünç medala mynasyp boldy