UFC 325: Wolkanowski ýene-de Diýego Lopesden üstün çykdy, Sen-Deni Hukeri ýeňdi

01.02.2026, 11:336,341
1 / 2

​1-nji fewralda Awstraliýanyň Sidneý şäherinde Garyşyk söweş sungaty boýunça UFC 325 ýaryşy geçirildi. Esasy tutluşykda ýarym ýeňil agramda UFC-niň çempiony Aleksandr Wolkanowski reýtingde ikinji orunda durýan Diýego Lopesa garşy öz titulyny gorady.

​Söweş bäş raundlap dowam etdi. Eminler biragyzdan ýeňşi asly makedon bolan awstraliýaly söweşijä berdiler.
​Iki söweşijiniň arasyndaky ilkinji duşuşyk 2025-nji ýylyň aprelinde Maýamide geçirilen UFC 314 turnirinde bolupdy we ol hem Wolkanowskiniň utuklar boýunça gazanan ýeňşi bilen tamamlanypdy.
​Indi 37 ýaşly Wolkanowskiniň hasabynda 15 ýeňiş we üç ýeňliş bar. 31 ýaşly braziliýaly Lopes bolsa UFC-de alty ýeňiş gazanyp, üç gezek ýeňildi.

​Turniriň ikinji esasy duşuşygynda fransiýaly söweşiji Benua Sen-Deni täze zelandiýaly Den Hukeri tehniki nokaut bilen ýeňdi. Söweş ikinji raundyň ahyrynda emin tarapyndan saklandy. 35 ýaşly Den Hukeriñ hasabynda  24 ýeňiş (18-si wagtyndan öň) we 14 ýeňliş bar. 29 ýaşly Benua Sen-Denide bolsa, 17 ýeňiş (ählisi wagtyndan öň), 3 ýeňliş we 1 sany geçirilmedik diýlip hasap edilen söweş.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.