UEFA Ýewropa ligasynyň play-off tapgyrynyň bijeleri çekildi

31.01.2026, 05:364,763
1 / 2

UEFA Ýewropa ligasynyň 1/8 finalyna gatnaşmak hukugy ugrunda geçiriljek utulan-çykdy (play-off) oýunlarynyň bije çekişligi geçirildi.
Ýaryşyň umumy tapgyrynyň netijeleri boýunça iň gowy netije görkezen sekiz klub göni 1/8 finala çykdy, galan 16 topar bolsa goşmaça tapgyrda galan ýollanmalar ugrunda bäsleşer.
Bije boýunça toparlar şeýle saýlanyp-seçildi:

  • «Ludogores» (Bolgariýa) — «Ferenswaroş» (Wengriýa);
  • «Dinamo» (Zagreb, Horwatiýa) — «Genk» (Belgiýa);
  • «Seltik» (Şotlandiýa) — «Ştuttgart» (Germaniýa);
  • «Brann» (Norwegiýa) — «Bolonýa» (Italiýa);
  • «Panatinaikos» (Gresiýa) — «Wiktoriýa Plzen» (Çehiýa);
  • PAOK (Gresiýa) — «Selta» (Ispaniýa);
  • «Fenerbahçe» (Türkiýe) — «Nottingem Forest» (Angliýa);
  • «Lill» (Fransiýa) — «Srwena Zwezda» (Serbiýa).

Göni 1/8 finala çykanlar: «Lion» (Fransiýa), «Aston Willa» (Angliýa), «Midtýulland» (Daniýa), «Betis» (Ispaniýa), «Portu», «Braga» (ikisi hem — Portugaliýa), «Fraýburg» (Germaniýa) we «Roma» (Italiýa).
Play-off tapgyrynyň birinji oýunlary 19-njy fewralda, jogap duşuşyklary bolsa 26-njy fewralda geçiriler.
1/8 finalyň ilkinji oýunlary 12-nji marta, jogap oýunlary bolsa 19-njy marta meýilleşdirildi.
Ýewropa ligasynyň häzirki ýeňijisi «Tottenhem Hotspur» toparydyr. Iňlis kluby geçen möwsümiň finalynda «Mançester Ýunaýtedi» 1:0 hasap bilen ýeňipdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.