Syýasat we ykdysadyýet

30-31-nji oktýabrda Frankfurtda Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri geçiriler
03.10.2025 11:16
4.1k+

30-31-nji oktýabrda Frankfurtda Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri geçiriler

30-31-nji oktýabrda Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň günleri işewürlik çäresi geçiriler. Onuň esasy maksady Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň hem-de dünýäniň beýleki döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we söwda-ykdysady gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak bolup durýar
Raşid Meredow Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory bilen duşuşdy
03.10.2025 10:25
3.6k+

Raşid Meredow Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory bilen duşuşdy

2-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Aziýa ösüş bankynyň (AÖB) Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory  Artur Andrisýak bilen duşuşdy. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläkki ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar
Serdar Berdimuhamedow Germaniýanyň ýolbaşçylaryny German bitewüliginiň güni bilen gutlady
03.10.2025 06:24
3.8k+

Serdar Berdimuhamedow Germaniýanyň ýolbaşçylaryny German bitewüliginiň güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýere, Federal Kansleri Fridrih Merse we ýurduň ähli halkyna German bitewüliginiň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi
Serdar Berdimuhamedow Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyrdy
03.10.2025 06:19
14k+

Serdar Berdimuhamedow Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyrdy

2-nji oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabat boýunça iş saparyny amala aşyryp, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän saglygy goraýyş maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy
ABŞ-da hökümet işini bölekleýin togtatdy: täze maliýe ýyly üçin býujeti ylalaşyp bolmady
02.10.2025 17:55
6k+

ABŞ-da hökümet işini bölekleýin togtatdy: täze maliýe ýyly üçin býujeti ylalaşyp bolmady

ABŞ-nyň Kongresi 1-nji oktýabrda başlan täze maliýe ýyly üçin býujeti ylalaşyp bilmedi. Hökümet işini bölekleýin togtatdy diýip, NBC News habar berýär. Kongresiň iki palatasyna-da respublikanlar gözegçilik edýär
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň taslamalary bilen tanyşdy
02.10.2025 17:51
10k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň taslamalary bilen tanyşdy

1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde şäheriň çäklerinde gurulmagy hem-de döwrebaplaşdyrylmagy meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy
Ilaty iň çalt azalýan ýurtlaryň reýtingi düzüldi
02.10.2025 11:46
17k+

Ilaty iň çalt azalýan ýurtlaryň reýtingi düzüldi

Ilatyň köpelmegi adatça gülläp ösüşiň görkezijisi hasaplanýardy, emma häzirki wagtda dünýäde başga bir tendensiýa barha göze ilýär: ilat sanynyň azalmagy, şol sanda has ösen ýurtlarda hem bolup geçýär. Visualcapitalist ilaty iň çalt azalýan ýurtlary görkezýän infografikany taýýarlady
Arkadag Medisina Klasteriniň önümleri WorldFood Moscow 2025 sergisinde “Ýylyň önümi” atly altyn medal aldy
02.10.2025 11:25
4.2k+

Arkadag Medisina Klasteriniň önümleri WorldFood Moscow 2025 sergisinde “Ýylyň önümi” atly altyn medal aldy

Arkadag şäheriniň “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň önümleri we çaga iýmitleri "WorldFood Moscow 2025" iýmit önümleri halkara sergisinde “Ýylyň önümi” atly altyn medala we degişli diploma mynasyp boldy
Raşid Meredow ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna bilen duşuşdy
02.10.2025 11:05
1.9k+

Raşid Meredow ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna bilen duşuşdy

1-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna bilen duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň
“Sport ýyldyzy” HK “Jahan” döredijilik merkeziniň binalaryny we “Şehitler” metjidini döwrebaplaşdyrar
02.10.2025 11:00
6.7k+

“Sport ýyldyzy” HK “Jahan” döredijilik merkeziniň binalaryny we “Şehitler” metjidini döwrebaplaşdyrar

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen “Sport ýyldyzy” hususy kärhanasynyň arasynda durmuş maksatly binalary gurmak we ozal bar bolanlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça ikitaraplaýyn şertnama gol çekmek dabarasy boldy
Türkmenistan Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjidiň gurluşygyna girişýär
02.10.2025 10:48
7.3k+

Türkmenistan Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjidiň gurluşygyna girişýär

1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmesi boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen “Aga-gurluşyk” hususy kärhanasynyň arasynda ikitaraplaýyn şertnama gol çekildi
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde şu ýylyň 9 aýynyň netijeleri maslahatlaşyldy
02.10.2025 10:38
14k+

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde şu ýylyň 9 aýynyň netijeleri maslahatlaşyldy

1-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralarda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri girizildi
Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary täzelendi
02.10.2025 09:56
19k+

Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary täzelendi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň düzüminde wezipe üýtgeşmelerini geçirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, ýustisiýanyň geňeşçisi Rahim Hekimowiç Ataýew Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy
Serdar Berdimuhamedow täze etrap kazyýetlerini we prokuraturalaryny döretmek hakynda resminamalara gol çekdi
02.10.2025 09:49
14k+

Serdar Berdimuhamedow täze etrap kazyýetlerini we prokuraturalaryny döretmek hakynda resminamalara gol çekdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly käbir etrap kazyýetlerini hem-de prokuraturalaryny döretmek hakynda kararlara gol çekdi
Aşgabatda hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi
01.10.2025 13:21
1.3k+

Aşgabatda hökümetara türkmen-wenger toparynyň mejlisi geçirildi

29–30-njy sentýabrda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-wenger toparynyň altynjy mejlisi geçirildi. Wengriýanyň wekiliýetine Daşary işler we söwda ministrliginiň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça döwlet sekretary Boglarka Illeş ýolbaşçylyk etdi
Aşgabatda parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmek üçin halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlanan maslahat geçirildi
01.10.2025 13:09
1.9k+

Aşgabatda parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmek üçin halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlanan maslahat geçirildi

30-njy sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara hyzmatdaşlyk: parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmegiň kepili» atly maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
Türkmenistanda Irlandiýanyň täze ilçisi Kler Brosnan işe başlady
01.10.2025 12:39
2.8k+

Türkmenistanda Irlandiýanyň täze ilçisi Kler Brosnan işe başlady

30-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Irlandiýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Kler Brosnandan ynanç hatyny kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň ýolbaşçylaryny Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni bilen gutlady
01.10.2025 12:33
4.7k+

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň ýolbaşçylaryny Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana, şeýle hem ýurduň dostlukly halkyna Hytaý Halk Respublikasynyň jar edilen güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi
Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýaşulularyny we enelerini baýramçylyk bilen gutlady
01.10.2025 12:14
7.7k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň ýaşulularyny we enelerini baýramçylyk bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň hormatly ýaşulularyny we mähriban enelerini Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli gutlady. Döwlet Baştutanynyň gutlagynda belleýşi ýaly, ýaşululara çäksiz hormatyň nyşany hökmünde Aşgabat we Arkadag şäherlerini, tutuş ýurdumyzy gurşap alýan aýdym-sazly dabaralar hem-de baý many-mazmunly medeni-jemgyýetçilik çäreleri geçirilýär
Angliýada jaý ýetmezçiligini çözmek üçin 12 sany täze şäher gurlar
01.10.2025 09:18
5.3k+

Angliýada jaý ýetmezçiligini çözmek üçin 12 sany täze şäher gurlar

Ýakyn ýyllarda Angliýada ýaşaýyş jaýlarynyň ýetmezçilik etmek meselesini çözmek üçin 12 sany täze şäher gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Kir Starmer Leýboristik partiýanyň maslahatynda aýtdy
Aşgabatda Bitarap Türkmenistan şaýoly boýunça ulaglaryň hereketi dolulygyny dikeldildi
30.09.2025 19:03
12k+

Aşgabatda Bitarap Türkmenistan şaýoly boýunça ulaglaryň hereketi dolulygyny dikeldildi

Aşgabatda Bitarap Türkmenistan şaýolunyň Atamyrat Nyýazow we Arçabil şaýollarynyň çatrygynyň aralygyndaky ulaglaryň hereketi doly dikeldildi. Bu barada Aşgabat şäher häkimligi habar berýär. Öň, bu bölek 6-njy awgustdan başlap, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk dabaralaryna taýýarlygyň çäklerinde giň möçberli abadanlaşdyryş işleri üçin bölekleýin ýapylypdy
Türkmenistan Astrahan bilen bilelikdäki ulag-logistika taslamalary maslahatlaşdy
30.09.2025 18:56
4.7k+

Türkmenistan Astrahan bilen bilelikdäki ulag-logistika taslamalary maslahatlaşdy

Türkmenistanyň wise-premýeri M.Çakyýew Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň hökümetiniň başlygy Denis Afanasýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Duşuşykda «Demirgazyk — Günorta» ulag geçelgesiniň çäginde bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi ara alnyp maslahatlaşyldy
2026-njy ýylda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi Türkmenistanda geçiriler
30.09.2025 18:24
5.3k+

2026-njy ýylda GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi Türkmenistanda geçiriler

29-njy sentýabrda Minskide Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistandan wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow wekilçilik etdi. Mejlisde ykdysady
Türkmenistanyň wekiliýeti Barselonada ÝUNESKO-nyň MONDIACULT - 2025 maslahatyna gatnaşýar
30.09.2025 18:18
4.2k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Barselonada ÝUNESKO-nyň MONDIACULT - 2025 maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň wekiliýeti Ispaniýanyň Barselona şäherinde ÝUNESKO-nyň Medeni syýasat we durnukly ösüş boýunça bütindünýä maslahaty (MONDIACULT-2025) geçirilýär. 29-njy sentýabr – 1-nji oktýabr aralygynda dowam edýän maslahatda türkmen wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa ýolbaşçylyk edýär
Türkmenistanyň biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini habar berdi
30.09.2025 09:47
2.5k+

Türkmenistanyň biržasy geçen hepdäniň söwdalarynyň netijelerini habar berdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda jemi bahasy ABŞ-nyň 30 million 413 müň dollaryndan gowrak bolan geleşikleriň 18-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystanyň hem-de Beýik Britaniýanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gazy satyn aldylar
Hytaýda dünýäde iň beýik asma köpri açyldy
29.09.2025 19:00
14k+

Hytaýda dünýäde iň beýik asma köpri açyldy

Hytaýyň Guýçžou welaýatynda awtomobil hereketi üçin Huaszýan jülgesiniň üstünden geçýän asma köpri açyldy. Köpriniň ýol düşeginden Beýpan derýasynyň akýan jülgesiniň düýbüne çenli aralyk 625 metr boldy, bu hem ony dünýäde iň beýik köprä öwürýär diýip, CNA habar berýär
Tähranda Azady binasy we Ankaranyň iň beýik binalary Türkmenistanyň baýdagynyň reňkine bezeldi
29.09.2025 15:46
12k+

Tähranda Azady binasy we Ankaranyň iň beýik binalary Türkmenistanyň baýdagynyň reňkine bezeldi

27-nji sentýabrda Eýranyň paýtagty Tähranyň Azady meýdançasynda we Ankarada Türkiýäniň söwda-senagat palatasynda we birža birleşiginiň binasynda Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň şekiliniň reňkli yşyklandyryşy guraldy
Kümşüň bahasy soňky 14 ýylda ilkinji gezek 47 dollardan geçdi
29.09.2025 13:38
4.3k+

Kümşüň bahasy soňky 14 ýylda ilkinji gezek 47 dollardan geçdi

Kümşüň bahasy soňky 14 ýyl dört aýda ilkinji gezek bir unsiýa üçin 47 dollardan geçdi. Duşenbe güni Comex biržasynda dekabr aýyndaky üpjünçilik bilen kümüş üçin fýuçersler 1,62% gymmatlap, iň ýokary derejesinde bir unsiýa üçin 47,41 dollara ýetdi
Gurbanguly Berdimuhamedow “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
29.09.2025 10:11
6.9k+

Gurbanguly Berdimuhamedow “Buig” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi

26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Buig” kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Marten Buig bilen duşuşdy. Duşuşyga “Buig” kompaniýasynyň Baş direktorynyň orunbasary
Serdar Berdimuhamedow “IGN FI” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
29.09.2025 09:58
3.3k+

Serdar Berdimuhamedow “IGN FI” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

28-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow “IGN FI” fransuz kompaniýasynyň ýolbaşçysy Oliwýe Delumo bilen duşuşdy. Myhman baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Türkmenistana geldi. Işewür Türkmenistana ilkinji gezek gelip görýändigini hem-de Aşgabadyň, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň özünde uly täsirleri galdyrandygyny buýsanç bilen belledi
Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering” ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
29.09.2025 09:47
3.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti “Toyo Engineering” ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

28-nji sentýabrda  Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk at çapyşygynyň geçirilýän pursatlarynda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Toyo Engineering Corporation” ýapon kompaniýasynyň prezidenti, baş ýerine ýetiriji direktory, wekilçilik müdiri Eiji Hosoi bilen duşuşdy
Serdar Berdimuhamedow Aşgabat atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy
29.09.2025 09:16
4.9k+

Serdar Berdimuhamedow Aşgabat atçylyk sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy

28-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli döwrebaplaşdyrylan Aşgabat atçylyk sport toplumynda guralan baýramçylyk dabaralaryna gatnaşdy. Aşgabat atçylyk
ABŞ-nyň federal agentlikleri bary-ýogy 42 sente Ilon Maskyň Grok çat-botuna elýeterli bolar
29.09.2025 08:58
3.1k+

ABŞ-nyň federal agentlikleri bary-ýogy 42 sente Ilon Maskyň Grok çat-botuna elýeterli bolar

Ilon Maskyň xAI startapy ABŞ-nyň Umumy gulluklar edarasy (GSA) bilen federal agentlikleriň Grok çat-botuny ulanmagy barada şertnama baglaşdy. GSA-nyň habaryna görä, şertnama 2027-nji ýylyň martyna çenli hereket eder
Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralarynyň gullukçylaryny sylaglamak hakynda karara gol çekdi
28.09.2025 20:05
19k+

Serdar Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralarynyň gullukçylaryny sylaglamak hakynda karara gol çekdi

Garaşsyzlygyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň bir toparyna harby we ýörite atlar dakyldy, hünär derejeleri berildi. Degişli Permana Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Döwlet münberinde geçirilen dabaralara gatnaşdy
28.09.2025 18:09
10k+

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli Döwlet münberinde geçirilen dabaralara gatnaşdy

27-nji sentýabrda Türkmenistanda Garaşsyzlygyň 34 ýyllyk baýramy giňden bellenildi. Baýramçylyk mynasybetli esasy dabaralar Döwlet münberi toplumynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyryldy. Dabarada Prezident Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy
28.09.2025 17:43
5.7k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy

27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. R.Minnihanow Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza sapar bilen geldi
Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy
28.09.2025 17:30
4.5k+

Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

27-nji sentýabrda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň bellenilýän gününde Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy. Ir bilen Garaşsyzlyk binasynyň ýanynda Mejlisiň
Tramp dermanlara, mebel önümlerine we ýük ulaglaryna täze paçlaryň girizilýändigini yglan etdi
28.09.2025 10:55
16k+

Tramp dermanlara, mebel önümlerine we ýük ulaglaryna täze paçlaryň girizilýändigini yglan etdi

2025-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda käbir harytlaryň importy üçin täze ýokary paçlar güýje girýär. Bu barada ýurduň Prezidenti Donald Tramp Truth Social sosial ulgamynda yglan etdi
Si Szinpin, Donald Tramp we beýleki dünýä Liderleri Türkmenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutladylar
27.09.2025 20:52
14k+

Si Szinpin, Donald Tramp we beýleki dünýä Liderleri Türkmenistany Garaşsyzlyk güni bilen gutladylar

Dünýä döwletleriniň liderleri Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkyna ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny iberdiler diýip, TDH habar berýär. Hytaý Halk Respublikasynyň
Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň Türkmenistandaky işine ýokary baha berdi
27.09.2025 18:32
12k+

Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň Türkmenistandaky işine ýokary baha berdi

26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy. Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” kompaniýasynyň köp ýyllaryň dowamynda türkmen bazarynda üstünlikli işläp gelýändigini belledi