Ispaniýanyň Benidorm şäherindäki Lewante kenary Ýewropada iň arassa kenar boldy
22.05.2025 20:45
6.6k+

Ispaniýanyň Benidorm şäherindäki Lewante kenary Ýewropada iň arassa kenar boldy

Benidorm şäherindäki Lewante dynç alyş kenary Express britan neşiri tarapyndan Ýewropada iň arassa kenar diýlip atlandyryldy. Ispaniýanyň gündogar kenarýakasyndaky bu şypahana şäheri syýahatçylara diňe bir oturylyşyklary däl, eýsem owadan tebigaty bolan kenarda rahat dynç alşy hödürleýär
Hyundai täze Grandeur 2026 kaşaň sedanyny görkezdi
22.05.2025 20:44
7.4k+

Hyundai täze Grandeur 2026 kaşaň sedanyny görkezdi

Hyundai 2026-njy ýylyň täzelenen Grandeur sedanyny görkezdi. Model tehnologiýa taýdan has kämil bolup, giňeldilen mümkinçiliklere eýe boldy. Bu, aýratynam, Honors ýörite wersiýasyna degişlidir. Grandeur Honors modeli Hyundai SmartSense II howpsuzlyk ulgamy, Bose audioulgamy, Built-in Cam 2 kamerasy we kämilleşdirilen nawigasiýa bilen üpjün edildi
Microsoft ylmy gözlegleri çaltlaşdyrmak üçin Discovery EA platformasyny işe girizdi
22.05.2025 20:30
1.5k+

Microsoft ylmy gözlegleri çaltlaşdyrmak üçin Discovery EA platformasyny işe girizdi

Build 2025 konferensiýasynda Microsoft korporasiýasy emeli aňyň kömegi bilen ylmy gözlegleri çaltlaşdyrmak üçin döredilen Discovery platformasyny hödürledi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, täze ulgam maglumatlary seljermekden we çaklamalary öňe sürmekden başlap, tejribeleri modelirlemäge we netijeleri gaýtadan işlemäge çenli ylmy gözlegiň ähli tapgyrlarynda kömek eder
Kanadada dinozawrlaryň heläk bolan ýerinden 8 müň süňk tapyldy
22.05.2025 20:27
6k+

Kanadada dinozawrlaryň heläk bolan ýerinden 8 müň süňk tapyldy

Kanadanyň Alberta welaýatynda paleontologlar pahirinozawrlaryň 8 müňden gowrak süňküni tapdy. Bu burnunda süňk ösüntgisi bolan we uly göwresi bilen tapawutlanýan ot iýýän dinozawrlardyr. Tapyndy, takmynan, 72 ýyl mundan ozal tutuş bir dinozawrlar sürüsiniň heläk bolandygyny görkezýär diýip, Interesting Engineering habar berýär
Ankara bilen Eskişehiriň arasyndaky ýolda ilkinji aýdym-saz ýoly peýda boldy
22.05.2025 20:17
10k+

Ankara bilen Eskişehiriň arasyndaky ýolda ilkinji aýdym-saz ýoly peýda boldy

Türkiýede ilkinji aýdym-saz ýoly açyldy. Ol Ankara bilen Eskişehiriň arasyndaky awtoulag ýolunda ýerleşýär. Bu ýol böleginiň üstünden bellibir tizlik bilen hereket edilende, awtomobiliň tigirleri Wolfgang Amadeý Mosartyň “Türk marşy” (Rondo alla turca) sazyny “çalyp başlaýar”
Türkmenistan we BMG ýaşlar syýasaty babatynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny maslahatlaşdylar
22.05.2025 20:12
1.6k+

Türkmenistan we BMG ýaşlar syýasaty babatynda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny maslahatlaşdylar

21-nji maýda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýaşlaryň işleri boýunça kömekçisi Felipe Paulýer bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky ýaşlar syýasaty babatyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna we geljegine giňişleýin garadylar hem-de Türkmenistanyň ýaşlar diplomatiýasynyň ösmegine goşýan goşandyny bellediler
Aşgabatda halkara ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolan okuwçylary sylaglamak dabarasy boldy
22.05.2025 20:04
6k+

Aşgabatda halkara ders bäsleşiklerinde ýeňiji bolan okuwçylary sylaglamak dabarasy boldy

20-nji maýda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde halkara ders bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.  4–12-nji maý aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Dahran şäherinde geçirilen fizika boýunça 25-nji Aziýa olimpiadasynda (APhO-2025) ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň üçüsi tapawutlandylar
Gazagystana Merkezi Aziýada ilkinji superkompýuter getirildi
22.05.2025 12:53
7.5k+

Gazagystana Merkezi Aziýada ilkinji superkompýuter getirildi

Gazagystana öndürijiligi, takmynan, 2 ekzaflops bolan sebitiň taryhynda ilkinji superkompýuter klasteri getirildi. Bu barada respublikanyň Sanly ösüş, innowasiýa we aerokosmos senagaty ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi
You-Tube kanaly “pi” sanyny hasaplamak boýunça rekord goýdy – 300 trln sifr
22.05.2025 12:52
5.9k+

You-Tube kanaly “pi” sanyny hasaplamak boýunça rekord goýdy – 300 trln sifr

Linus Tech Tips You-Tube kanaly “pi” sanyny hasaplamak boýunça dünýä rekordyny goýdy, oturdan soň 300000000000000 (300 trln) sifr kesgitlendi. Taslama 2024-nji ýylyň tomsunda başlandy. Topar Kioxia ýapon kompaniýasy bilen bilelikde superkompýuter ýygnady
Xiaomi çip döretmek işine tas $7 mlrd maýa goýar we täze ulagyny hödürlär
22.05.2025 12:50
2.2k+

Xiaomi çip döretmek işine tas $7 mlrd maýa goýar we täze ulagyny hödürlär

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy ýakyn on ýylda ykjam gurluşlar üçin hususy mikroçipleri işläp taýýarlamaga 50 mlrd ýuan ($6,9 mlrd) maýa goýar. Bu barada kompaniýanyň esaslandyryjysy Leý Szýun Weibo sosial ulgamynda habar berdi
ESA Aý üçin GPS ýaly nawigasiýa ulgamyny döredýär
22.05.2025 12:43
2.9k+

ESA Aý üçin GPS ýaly nawigasiýa ulgamyny döredýär

Häzirki Aý missiýalary Ýerdäki GPS ýaly ýokary derejede takyk nawigasiýa ulgamynyň ýokdugy sebäpli düýpli çäklendirmeler bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Aýda hereket edýän enjamlar we astronawtlar Ýerden gelýän maglumatlara we öz hasaplaýyş modullaryna daýanýar
Huawei kompaniýasy HarmonyOS ulgamyny alan ilkinji täjirçilik noutbugyny hödürledi
22.05.2025 12:41
1.6k+

Huawei kompaniýasy HarmonyOS ulgamyny alan ilkinji täjirçilik noutbugyny hödürledi

Huawei kompaniýasy Qingyun hatarynyň täze täjirçilik noutbugyny – Qingyun HM940-y hödürledi. Ol kompaniýanyň öz Huawei OS operasion ulgamyna eýe bolan ilkinji täjirçilik noutbugy boldy. Ozal Qingyun hatarynyň noutbuklary Windows ýa-da Lunix bilen işleýärdi
Denzel Waşington garaşylmadyk ýagdaýda “Altyn palma şahasy” hormat baýragy bilen sylaglandy
22.05.2025 12:38
6.7k+

Denzel Waşington garaşylmadyk ýagdaýda “Altyn palma şahasy” hormat baýragy bilen sylaglandy

Amerikaly aktýor Denzel Waşingtona Kann kinofestiwalynda “Altyn palma şahasy” hormat baýragy berildi. Dabara bäsleşikden daşary görkezilen Spaýk Liniň “Jennet we dowzah” (Рай и ад) filminiň premýerasy wagtynda geçirildi
Disney “Haýwanlar şäheri-2” multfilminiň ilkinji tizer-treýlerini hödürledi
22.05.2025 12:35
5.2k+

Disney “Haýwanlar şäheri-2” multfilminiň ilkinji tizer-treýlerini hödürledi

Walt Disney Animation Studios-yň YouTube kanalynda “Haýwanlar şäheri-2” (Зверополис-2) multfilminiň ilkinji treýleri peýda boldy. Animasion filmiň dünýä prokatyndaky premýerasy 26-njy noýabra meýilleşdirilýär. Ikinji filmde Zootopia şäheriniň ýaşaýjylary täze howpa duçar bolýar
Google sesli wideo döredýän ilkinji EA modelini – Veo 3-i hödürledi
22.05.2025 12:30
4.4k+

Google sesli wideo döredýän ilkinji EA modelini – Veo 3-i hödürledi

Sessiz EA wideolarynyň uzak bolmadyk taryhy soňlandy. I/O 2025 konferensiýasynda Google tekst arkaly sesli wideo döredýän generatiw emeli aňyň ilkinji wersiýasyny – Veo 3 modelini hödürledi. Beýleki çözgütlerden tapawutlylykda, model ses döretmek üçin goşmaça görkezmeleriň bolmagyny talap etmeýär: ol kadrlary seljerip, sesi awtomatik saýlaýar
De Brýoýne “ManSiti” bilen hoşlaşdy: klub “Etihadyň” ýanynda onuň heýkelini oturdar
22.05.2025 12:28
12k+

De Brýoýne “ManSiti” bilen hoşlaşdy: klub “Etihadyň” ýanynda onuň heýkelini oturdar

“Mançester Siti” häzirki möwsümiň ahyrynda kluby terk etjek toparyň kapitany, belgiýaly ýarymgoragçy Kewin de Brýoýneniň heýkelini oturdar. Heýkel “Etihad” stadionynyň girelgeleriniň birinde peýda bolar diýip, klubuň metbugat gullugy habar berdi
Apple WWDC 2025 konferensiýasynyň geçiriljek senesini resmi taýdan yglan etdi
22.05.2025 12:26
968

Apple WWDC 2025 konferensiýasynyň geçiriljek senesini resmi taýdan yglan etdi

Apple her ýyl geçirilýän işläp düzüjileriň konferensiýasyny – WWDC 2025-i resmi taýdan yglan etdi. Çäre 9-njy iýundan 13-nji iýun aralygynda geçiriler. Ol 9-njy iýunda, duşenbe güni sagat 22:00-da (Aşgabat wagty) esasy tanyşdyrylyş bilen açylar
Bitkoiniň bahasy ilkinji gezek 110 müň dollardan geçdi
22.05.2025 12:25
3.4k+

Bitkoiniň bahasy ilkinji gezek 110 müň dollardan geçdi

Maý aýynyň 22-ne geçilýän gije bitkoiniň bahasy ilkinji gezek 110 müň dollardan geçdi. Muňa «Binance» kriptobiržasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär. Aşgabat wagty bilen sagat 8:45-de bitkoiniň bahasy iň ýokary derejesine – 111müň 880 dollara ýetdi
Merkezi Aziýa ýurtlarynda temperatura rekordlary hasaba alynýar
22.05.2025 12:19
10k+

Merkezi Aziýa ýurtlarynda temperatura rekordlary hasaba alynýar

Ýaz pasly başlany bäri Merkezi Aziýa ýurtlarynda birnäçe sebitlerde gurakçylyga getiren aşa yssy howa hasaba alynýar. Maglumatlara görä, soňky 30 ýylda sebitde temperatura 1,5°С ýokarlandy – bu ortaça global görkezijiden iki esse ýokarydyr
“Tottenhem” “Mançester Ýunaýtedi” utup, soňky 41 ýylda ilkinji ýewrokubok baýragyny gazandy
22.05.2025 12:01
7.3k+

“Tottenhem” “Mançester Ýunaýtedi” utup, soňky 41 ýylda ilkinji ýewrokubok baýragyny gazandy

Ýewropa ligasynyň finalynda “Tottenhem Hotspur” “Mançester Ýunaýtedi” 1:0 hasabynda utdy. Oýun Bilbaodaky (Ispaniýa) “San-Mames Barriýa” stadionynda geçirildi. Ýeňiş goluny 42-nji minutda Brennan Jonson girizdi
“Barselona” Flik bilen şertnamany 2027-nji ýyla çenli uzaltdy
22.05.2025 11:55
6.9k+

“Barselona” Flik bilen şertnamany 2027-nji ýyla çenli uzaltdy

“Barselona” futbol kluby baş tälimçi Hans-Diter Flik bilen şertnamany uzaltdy. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär. Ilkibaşdaky şertnama 2026-njy ýylyň tomsuna çenli hereket edýärdi. Täze şertlere görä, germaniýaly hünärmen bu wezipede 2026/27 möwsüminiň ahyryna çenli galar
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy iş sapary bilen Hytaýa bardy
22.05.2025 00:50
14k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy iş sapary bilen Hytaýa bardy

21-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Pekin şäherine bardy. Bu barada milli parlamentiň metbugat gullugy habar berýär
20-nji maýdan Aşgabat - Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça awtobus gatnawy işe girizildi
22.05.2025 00:31
12k+

20-nji maýdan Aşgabat - Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça awtobus gatnawy işe girizildi

«Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ 20-nji maýdan başlap Aşgabat (Halkara awtomenzil) - Türkmenbaşy - Aşgabat (Halkara awtomenzil) ugry boýunça gündelik goşmaça awtobus gatnawlaryny işe girizdi. Awtobus Aşgabatdan (A
Toyota kämilleşdirilen tehnologiýasy we dizaýny bilen täze RAV4 modelini hödürledi
21.05.2025 16:44
7.9k+

Toyota kämilleşdirilen tehnologiýasy we dizaýny bilen täze RAV4 modelini hödürledi

Ýaponiýada «Toyota RAV4» modeliniň altynjy nesliniň dünýä boýunça resmi tanyşdyrylyşy boldy. Täze krossoweriň ölçegleri öňküsi ýaly saklandy, emma modele uly tehniki we tehnologik täzelikler girizildi, şeýle hem dizaýnda düýpli üýtgeşmeler boldy
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi we FAO mallary bellige almak boýunça taslamany işe girizdi
21.05.2025 16:36
11k+

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi we FAO mallary bellige almak boýunça taslamany işe girizdi

20-nji maýda Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynda BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy FAO-nyň TCP/TUK/4002 «Mallary bellige almak we yzarlaýyş boýunça milli ulgamyň (NAITIS) strategiýasyny we Ýol kartasyny işläp taýýarlamak» atly taslamasynyň durmuşa geçirilişine badalga beren tanyşdyryş seminary geçirildi
Magnus Karlseni birbada 143 müň küştçi "köpledi"
21.05.2025 16:23
8.3k+

Magnus Karlseni birbada 143 müň küştçi "köpledi"

On ýyllap (2013-nji ýyldan 2023-nji ýyla çenli) küşt boýunça dünýä çempiony titulyna eýeçilik eden norwegiýaly grossmeýster Magnus Karlsen täze üýtgeşik rekord goýdy – ol 143 müň adama garşy küşt oýnuny oýnady
Volkswagen goşmaça tölegsiz premium opsiýaly ýörite T-Roc wersiýasyny çykardy
21.05.2025 15:57
3.1k+

Volkswagen goşmaça tölegsiz premium opsiýaly ýörite T-Roc wersiýasyny çykardy

Volkswagen iki sany täze ýörite modeli - Black Edition Plus-y we Style Design-y goşmak bilen, Beýik Britaniýada T-Roc krossoweriniň hataryny giňeltdi. Iki görnüş hem bahany ýokarlandyrmazdan goşmaça opsiýalara eýe boldy
Barlaglar: ýaşaýyş durmuş ýörelgeleri adamy genetika garanda, has çalt garradýar
21.05.2025 15:54
5.9k+

Barlaglar: ýaşaýyş durmuş ýörelgeleri adamy genetika garanda, has çalt garradýar

Sagdynlyk we uzak ömür genetika däl-de, köp babatda adamyň ýaşaýyş durmuşyna baglydyr. Alymlar ýarym milliona golaý adamyň maglumatlaryny seljerenlerinden soň, şeýle netijä geldiler. Giň gerimli barlaglar genleriň garrylyga diňe 2% täsir edýändigini ýüze çykardy
Kosmosda syrly, şar şekilli gurluş ýüze çykaryldy
21.05.2025 15:52
4.7k+

Kosmosda syrly, şar şekilli gurluş ýüze çykaryldy

Astronomlar ASKAP radio teleskopynyň kömegi bilen Akmaýanyň ýolunda ideal diýen ýaly şar şekilli gurluşy tapdylar. Obýekt Teleos adyny aldy. Barlag Günbatar Sidneý uniwersitetinden Miroslaw Filipowiçiň ýolbaşçylygyndaky halkara topar tarapyndan geçirildi diýip, ScienceAlert habar berýär
Hyundai Ýewropada IONIQ 6-nyň bahalaryny döwdi. Ol ykjam hetçbeklerden arzan boldy
21.05.2025 15:49
6.8k+

Hyundai Ýewropada IONIQ 6-nyň bahalaryny döwdi. Ol ykjam hetçbeklerden arzan boldy

Hyundai IONIQ 6 elektrik sedanynyň Ýewropadaky bahasyny ep-esli arzanlatdy. Light-yň esasy komplektasiýadaky modeli indi maliýeleşdirilen ýagdaýynda 27 310 ýewro durýar. Bu öňküsinden 21 490 ýewro arzan we adaty benzinli C derejeli hetçbekleriň bahasyna laýyk gelýär
NASA-nyň we SpaceX-iň öňki işgärleri Starship-e bäsdeş boljak göteriji raketany gurmak kararyna geldiler
21.05.2025 15:47
2.6k+

NASA-nyň we SpaceX-iň öňki işgärleri Starship-e bäsdeş boljak göteriji raketany gurmak kararyna geldiler

SpaceX-iň, Thales Alenia Space-iň we NASA-nyň öňki işgärleri tarapyndan döredilen Hstar kosmos kompaniýasy köp gezek ulanyp bolýan agyr göteriji raketany işläp taýýarlamaklyga girişendigini habar berdi. Renderlerde apparat daşyndan SpaceX kompaniýasynyň Starship-ine meňzeýär
Haýsy ulaglar ýygy-ýygydan ýol-ulag hadysalaryna uçraýar - Insurify-nyň reýtingi
21.05.2025 15:45
13k+

Haýsy ulaglar ýygy-ýygydan ýol-ulag hadysalaryna uçraýar - Insurify-nyň reýtingi

Ulaglaryň käbir modelleri ýol-ulag hadysalarynyň statistikasynda beýlekilerden has köp bellige alynýarlar. Bu dürli faktorlar: sürüjileriň demografiýasy, awtoulaglaryň göwrümi we hatda reňki bilen baglanyşyklydyr
Italýan moda dizaýneri Pýerpaolo Piççoli Balenciaga-nyň döredijilik müdiri boldy
21.05.2025 15:42
2.7k+

Italýan moda dizaýneri Pýerpaolo Piççoli Balenciaga-nyň döredijilik müdiri boldy

Italýan moda dizaýneri Pýerpaolo Piççoli Balenciaga modalar öýüniň döredijilik müdiri bellendi. Bu barada Kering fransuz lýuks holdinginiň web sahypasynda habar berildi. Piççoli 10-njy iýulda wezipesine girişer
Kia EV9 iň gowy elektromobilleriň arasynda dünýä bestselleri boldy
21.05.2025 15:40
3.5k+

Kia EV9 iň gowy elektromobilleriň arasynda dünýä bestselleri boldy

Kia EV9 dünýäniň elektromobil bazarynda öz ornuny berkitmegini dowam etdirýär. Model köp sanly abraýly baýraklara eýe boldy. 2025-nji ýylyň aprel aýynda ulag Volvo EX90 we Mercedes-Benz EQS bilen deňeşdiriji synaglarda üstün çykdy
Lamborghini Aventador S karbon sazlamasyny aldy we ýaryş ulagyna meňzeş boldy
21.05.2025 15:19
4k+

Lamborghini Aventador S karbon sazlamasyny aldy we ýaryş ulagyna meňzeş boldy

1016industries awtobezeg ussahanasy döwrebaplaşdyrylan, karbon obwesli, peseldilen podweskaly, altyndan tekerli Lamborghini Aventador S-i hödürledi. Sazlaýjylar onuň kuwwatyny we sport stilini saklap galdylar. Sport ulagyna täze kapot, uly splitter, gapdal elementler we yzky antiganat ýaly karbon aerodinamiki obwes berildi
9 sagatdan köp ýatmak beýni üçin howply. Bu 1853 adamda geçirilen barlagyň netijesidir
21.05.2025 15:17
12k+

9 sagatdan köp ýatmak beýni üçin howply. Bu 1853 adamda geçirilen barlagyň netijesidir

Adam günüň dowamynda dokuz sagat ýa-da ondan hem köp ýatsa, bu onuň kognitiw ukyplaryna ýaramaz täsir edip biler. Bu ýagdaý, esasan hem, depressiýasy bar bolanlarda has agyrdyr. Tehas uniwersitetiniň (ABŞ) barlagçylary şeýle netijä geldiler
Hytaýda sürüjisiz samoswallaryň giden bir tapgyry ulanyşa berildi
21.05.2025 15:15
12k+

Hytaýda sürüjisiz samoswallaryň giden bir tapgyry ulanyşa berildi

Hytaýda 100 sany uly awtonom Huaneng Ruichi samoswal ulagy işe girizildi. Bular dünýäde emeli aň tehnologiýasyny ulanýan ilkinji açyk görnüşli elektrik awtoulaglarydyr. Olarda sürüjiniň kabinasy asla ýok we 90 metriki tonna çenli ýük daşamaga ukyply
Alymlar näme üçin barmaklaryň suwda mürşýändigini anykladylar
21.05.2025 15:07
15k+

Alymlar näme üçin barmaklaryň suwda mürşýändigini anykladylar

Barmaklar uzak wagtlap suwda saklansa, olaryň derisi ýygyrt-ýygyrt bolýar. Uzak wagtlap muny deriniň çişmegi bilen baglanyşdyryp geldiler, ýöne Bingemton uniwersitetiniň (ABŞ) barlagçylary başga netijä geldiler
ABŞ-nyň asmanynda geň ak zolak peýda boldy: oňa Hytaýyň raketasy sebäp bolupdyr
21.05.2025 15:01
9.3k+

ABŞ-nyň asmanynda geň ak zolak peýda boldy: oňa Hytaýyň raketasy sebäp bolupdyr

Polýar şöhleleriniň we geomagnit tupanynyň dowam edýän wagty, ABŞ-nyň ýaşaýjylary asmandaky geň galdyryjy ýagty zolaga tomaşa etdiler. Garaşylmadyk hadysa köp sanly tomaşaçyny haýran galdyrdy diýip, «Space.com» habar berýär
Halkara Buker baýragy ilkinji gezek kyssalar toplumy üçin berildi
21.05.2025 14:24
1.2k+

Halkara Buker baýragy ilkinji gezek kyssalar toplumy üçin berildi

Hindi zenan ýazyjysy Banu Muştagyň “Heart Lamp” (“Ýürek-çyra”) kitaby Halkara Buker baýragyny aldy. The Washington Post-yň belleýşi ýaly, taryhda ilkinji gezek baýrak aýratyn romana däl-de, kyssalar toplumy üçin berildi