Ýaşulular geňeşiniň agzalary çagalara şu ýylyň ilkinji hasylyndan naz-nygmatlary gowşurdylar
16.05.2025 17:14
9k+

Ýaşulular geňeşiniň agzalary çagalara şu ýylyň ilkinji hasylyndan naz-nygmatlary gowşurdylar

Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän körpelere hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara şu ýylyň ilkinji hasylyndan naz-nygmatlary gowşurdylar
Huawei noutbugy, planşeti we smartfony özünde birleşdirýän innowasion gajeti taýýarlaýar
16.05.2025 17:04
2.1k+

Huawei noutbugy, planşeti we smartfony özünde birleşdirýän innowasion gajeti taýýarlaýar

Hytaýyň Huawei kompaniýasy çeýe ekranly we formasyny üýtgedip bilýän eplenýän korpusly täze gurluşy tanyşdyrmaga taýýarlanýar. Premýera 19-njy maýda Hytaýda bolar. Şol gün hem Nova 14 hatarynyň smartfonlary hödürlener
Trampyň maşgalasy diňe aprel aýynda azyndan 2 mlrd dollar gazandy
16.05.2025 16:59
18k+

Trampyň maşgalasy diňe aprel aýynda azyndan 2 mlrd dollar gazandy

Donald Trampyň maşgalasy diňe aprel aýynyň dowamynda, azyndan, 2 milliard dollar girdeji gazandy diýip, «The New York Times» neşiri habar berýär. Bu gazanç Trampyň ogullarynyň adyna hasaba alnan dürli biznes gurluşlaryndan gelip çykýar
Amerikaly zenan ýarym sagatlap öz saçyndan asylgy ýagdaýda durup, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
16.05.2025 16:47
15k+

Amerikaly zenan ýarym sagatlap öz saçyndan asylgy ýagdaýda durup, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

39 ýaşly amerikaly Leýla Nun ýeňsesinden boglan saçynda 25 minut 11,3 sekuntlap asylyp durdy we Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu synanyşyk Kaliforniýadaky Redwud şäheriniň gözel görnüşli Milli we Döwlet seýilgähleriniň çäginde bellige alyndy
Toyota «bZ4X-iň» ornuna täze «bZ» elektrokrossowerini hödürledi: tapawutlary näme?
16.05.2025 16:45
4.3k+

Toyota «bZ4X-iň» ornuna täze «bZ» elektrokrossowerini hödürledi: tapawutlary näme?

Toyota «bZ4X» modeliniň ornuny tutjak täze «bZ» elektrokrossowerini hödürledi. Täzelenen wersiýa kämilleşdirilen dizaýny, has uzak ýol aralygy we Tesla-nyň zarýad infrastrukturasyny goldamagy bilen tapawutlanýar
Abu-Dabide Disneýlendiň açylyşy mynasybetli dronlaryň gatnaşmagynda şüweleň geçirildi
16.05.2025 16:38
6k+

Abu-Dabide Disneýlendiň açylyşy mynasybetli dronlaryň gatnaşmagynda şüweleň geçirildi

Abu-Dabide Ýakyn Gündogarda ilkinji Disney dynç alyş seýilgähiniň açylyşy boldy. Bu waka mynasybetli Dubaýyň Lumasky kompaniýasy 9000 dronyň gatnaşmagy bilen uly yşyk şüweleňini geçirdi. Gijeki asmanda dronlar Zoluşkanyň galasyny we Disney dünýäsinden beýleki obrazlary şekillendirdi
Samsung-yň geljekki Galaxy S26 hataryna Edge modeli goşulyp bilner
16.05.2025 16:29
4.5k+

Samsung-yň geljekki Galaxy S26 hataryna Edge modeli goşulyp bilner

The Elec habar çeşmesiniň maglumatlaryna görä, ýaňy-ýakynda hödürlenen inçe Samsung Galaxy S25 Edge ýönekeý bir synag däl. Samsung Edge modelini geljekki Galaxy S26 hataryna-da goşmagy meýilleşdirýär we ol Galaxy S26 Plus modelini çalşyp biler
Türkmenistanyň ilçisi Owganystandaky infrastruktura taslamalary barada pikir alyşdy
16.05.2025 16:23
5.2k+

Türkmenistanyň ilçisi Owganystandaky infrastruktura taslamalary barada pikir alyşdy

Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow jemgyýetçilik işleri ministri Mohammad Issa Sani bilen Owganystandaky infrastruktura taslamalary we ýol gurluşygy barada pikir alyşdy. Taraplar Turgundy gury portunda
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty Kataryň DIM-niň Diplomatiýa instituty bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär
16.05.2025 16:18
4.5k+

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty Kataryň DIM-niň Diplomatiýa instituty bilen hyzmatdaşlygy ösdürýär

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiniň rektory G.Ýusupowa bilen Katar döwletiniň Daşary işler ministrliginiň Diplomatiýa institutynyň direktory Mohamed al-Horryň hem-de Katar döwletiniň Türkmenistandaky ilçisi Hamad bin Raşid bin Hamad Al-Azbiniň arasynda duşuşyk geçirildi
Jeýms Gannyň “Supermen” filminiň ilkinji treýleri çykdy
16.05.2025 16:11
4.1k+

Jeýms Gannyň “Supermen” filminiň ilkinji treýleri çykdy

DC YouTube kanalynda režissýor Jeýms Gannyň “Supermen” filminiň ilkinji treýleri çykdy. Filmiň premýerasy 11-nji iýula meýilleşdirilýär. Treýlerde Loýs Leýn (onuň keşbini Reýçel Brosnahan ýerine ýetirdi) Supermen bilen söhbetdeş bolýar
“Tagtlaryň oýnunyň” prikweli bolan “Ýedi şalygyň rysary” 2026-njy ýylyň başynda çykar
16.05.2025 16:05
2.7k+

“Tagtlaryň oýnunyň” prikweli bolan “Ýedi şalygyň rysary” 2026-njy ýylyň başynda çykar

HBO “Ýedi şalygyň rysary” (Рыцарь семи королевств) serialynyň premýerasyny 2026-njy ýylyň başyna süýşürdi. Ilkibaşda “Tagtlaryň oýny” (Игра престолов) serialynyň prikweli şu güýzde çykmalydy diýip, Variety belleýär
TikTok AI Alive emeli aň funksiýasynyň kömegi bilen suratlary janlandyrmagy öwrendi
16.05.2025 16:03
2.1k+

TikTok AI Alive emeli aň funksiýasynyň kömegi bilen suratlary janlandyrmagy öwrendi

TikTok sosial ulgamynda emeli aňyň esasynda täze TikTok AI Alive guraly peýda boldy. Ol adaty suratlary owadan effektler bilen gysga hereketli wideolara öwürmäge mümkinçilik berýär. Bu funksiýa eýýäm Stories bölüminde elýeterli bolup, platformanyň ulanyjylaryna öz döredijiligini görkezmek üçin täze mümkinçilikleri berýär
Repçi Don Toliwer Guess bilen hyzmatdaşlykda ilkinji eşik toplumyny goýberdi
16.05.2025 15:58
2.1k+

Repçi Don Toliwer Guess bilen hyzmatdaşlykda ilkinji eşik toplumyny goýberdi

Repçi Don Toliwer Guess kompaniýasy we dizaýner Nikolaý Marsiano bilen bilelikde Hardstone brendini satuwa çykardy. Los-Anjelesde döredilen toplum artistiň döredijilik stilini görkezýär. Ilkinji hatara jinsi kurtkalar, jiltgeler, jinsiler we şortylar girýär
Kabo-Werdede 40 ýyl bäri ýitip giden hasaplanýan seýrek çekirtge diri görnüşde tapyldy
16.05.2025 15:56
4.6k+

Kabo-Werdede 40 ýyl bäri ýitip giden hasaplanýan seýrek çekirtge diri görnüşde tapyldy

San-Nikolau adasynda (Kabo-Werde arhipelagy) XX asyryň aýagyndan bäri ýitip giden hasaplanylýan çekirtgäniň janly nusgasy tapyldy. Bu seýrek görnüşleri halas etmäge mümkinçilik berýär diýip, Pensoft neşiri ýazýar
Chanel 2026-njy ýylyň resort kolleksiýasyny gaýtadan görkezer
16.05.2025 15:54
2k+

Chanel 2026-njy ýylyň resort kolleksiýasyny gaýtadan görkezer

Chanel 2026-njy ýylyň resort kolleksiýasyny gaýtadan görkezer. Moda görkezilişi 4-nji noýabrda Singapurda geçiriler diýip, «WWD» neşiri habar berýär. «Dinamiki we köpmedeniýetli şäher bolan Singapur Aziýa açylýan özboluşly geçelgedir
Tesla-nyň Optimus atly adam şekilli roboty tans etmegi öwrendi
16.05.2025 15:50
2.2k+

Tesla-nyň Optimus atly adam şekilli roboty tans etmegi öwrendi

Ilon Mask X sosial torunda adam şekilli Tesla Optimus robotynyň tans hereketlerini ýerine ýetirýän wideosyny paýlaşdy. Tesla-nyň robototehnika bölüminiň ýolbaşçysy Milan Kowaçyň aýtmagyna görä, bu hereketler güýçlendirilen maşyn öwrenmesi (reinforcement learning, RL) arkaly gazanyldy
Patrik Makdauell «Şa zenany Ýelizaweta II» baýragynyň ýeňijisi boldy
16.05.2025 15:46
2.3k+

Patrik Makdauell «Şa zenany Ýelizaweta II» baýragynyň ýeňijisi boldy

Britaniýaly dizaýner Patrik Makdauell dizaýn ugrunyň ösüşine goşan şahsy goşantlary üçin «Şa zenany Ýelizaweta II» baýragy bilen sylaglandy. Oňa baýragy Londonda ýerleşýän «180 Studios» studiýasynda geçirilen dabarada Britan moda geňeşi (BFC) tarapyndan Keýt Middlton gowşurdy
Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilim ministrleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi
16.05.2025 15:31
4.9k+

Hytaýyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilim ministrleriniň ilkinji duşuşygy geçirildi

11-13-nji maýda Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew Hytaý Halk Respublikasynyň Urumçi şäherine iş saparynyň barşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Hytaýyň bilim ministrleriniň ilkinji duşuşygyna gatnaşdy
Türkmen milli dünýä dilleri institudynda talyplaryň hakaton bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi
16.05.2025 15:23
3.9k+

Türkmen milli dünýä dilleri institudynda talyplaryň hakaton bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institudynda “Biziň milli medeni mirasymyz dünýä dillerinde” diýen tema boýunça talyplaryň hakaton bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi. Bäsleşige ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 17-sinden talyplaryň toparlary gatnaşdy
Türkmenistanda 18-nji maýdaky dynç güni 19-njy maýa geçirildi
16.05.2025 11:15
12k+

Türkmenistanda 18-nji maýdaky dynç güni 19-njy maýa geçirildi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe düşýän dynç gününi geçirmek hakynda Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2025-nji ýylyň 18-nji maýyndaky dynç güni 19-njy maýa — duşenbe gününe geçirildi
Tankytçylar täze “Ahyrky nokat” filmini franşizanyň taryhynda iň gowusy diýip hasaplady
16.05.2025 10:57
3.2k+

Tankytçylar täze “Ahyrky nokat” filmini franşizanyň taryhynda iň gowusy diýip hasaplady

16-njy maýda ABŞ-da “Ahyrky nokat: Gan baglanyşyklary” (Пункт назначения: Кровные узы) horror filminiň altynjy bölümi prokata çykýar. Deslapky görkezilişde filme tomaşa eden günbatar tankytçylary oňa franşizada iň ýokary bahany berdi
“Barselona” 28-nji gezek futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony boldy
16.05.2025 10:48
11k+

“Barselona” 28-nji gezek futbol boýunça Ispaniýanyň çempiony boldy

“Barselona” Ispaniýanyň çempionatynda möhletinden öň ýeňiji boldy. La Liganyň 36-njy tapgyrynyň myhmançylykda geçirilen oýnunda topar “Espanýoly” 2:0 hasabynda utdy. Duşuşygyň 53-nji minutynda Lamin Ýamal gol geçirdi, goşulan wagtyň 6-njy minutynda bolsa Fermin Lopes tapawutlandy
Jeki Çan pensiýa çykýança ähli trýuklaryny özi ýerine ýetirer
16.05.2025 00:10
14k+

Jeki Çan pensiýa çykýança ähli trýuklaryny özi ýerine ýetirer

Meşhur gonkongly aktýor Jeki Çan filmlerdäki ähli trýuklaryny (tilsimleri) pensiýa çykýança özi ýerine ýetirer. Ol dublýor ýa-da kaskadýor ulanmagy meýilleşdirmeýär diýip, «Deadline» neşiri habar berýär. Şeýle-de aktýor pensiýa çykmaga howlukmaýar
“Krid” boks kinotrilogiýasy serial görnüşde dowam eder
15.05.2025 22:07
5.4k+

“Krid” boks kinotrilogiýasy serial görnüşde dowam eder

Maýkl B. Jordanyň oýnamagyndaky “Krid” trilogiýasynyň serial görnüşinde dowamy surata düşüriler. Prime Video akym hyzmaty “Delfi” atly täze taslamany bildiriş etdi diýip, Variety habar berýär. Serialyň sýužeti doly göwrümli “Krid” filmlerinden belli bolan Delphi sport zalynda türgenleşik geçýän ýaş boksçylara bagyşlanar
Netflix aýdymçy Madonnanyň durmuşy barada kiçi serial taýýarlaýar
15.05.2025 22:03
3.7k+

Netflix aýdymçy Madonnanyň durmuşy barada kiçi serial taýýarlaýar

Aýdymçy Madonna we Netflix akym hyzmaty täze bir taslamanyň - artistiň durmuşy we karýerasy barada kiçi serialy döretmegiň üstünde işleýär. Bu barada Deadline neşiri habar berýär. Bu seriala “Diýseň geň işler” serialy we “Dedpul we Rosomaha” filmi bilen tanalýan Şon Lewi prodýusserlik eder
Deep kompaniýasy 200 metr çuňlukda işlejek suwasty modullaryň synagyny tamamlady
15.05.2025 21:54
4.9k+

Deep kompaniýasy 200 metr çuňlukda işlejek suwasty modullaryň synagyny tamamlady

Deep kompaniýasy 200 metre çenli çuňlukda işlejek suwasty ýaşaýyş modullaryň synaglarynyň üstünlikli tamamlanandygyny habar berdi. 2022-nji ýylda başlanan taslama aerokosmos we deňiz inženerligi tehnologiýalaryny birleşdirip, uzak wagtlap deňizde galmaga ukyply awtonom stansiýalary döretmegi maksat edinýär
AFK-nyň prezidenti «Arkadag» toparyny Çagyryş ligasynda gazanan ýeňşi bilen gutlady
15.05.2025 21:50
13k+

AFK-nyň prezidenti «Arkadag» toparyny Çagyryş ligasynda gazanan ýeňşi bilen gutlady

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFK) prezidenti şeýh Salman bin Ibrahim Al Halifa AFK-nyň Çagyryş Ligasynda ilkinji kubogyny gazanan «Arkadag» futbol klubuny gutlady. Bu barada konfederasiýanyň metbugat gullugy habar berdi
iPhone we iPad-y pikiriň güýji bilen dolandyryp bolar: Apple we Synchron rewolýusiýa taýýarlanýar
15.05.2025 21:29
2.2k+

iPhone we iPad-y pikiriň güýji bilen dolandyryp bolar: Apple we Synchron rewolýusiýa taýýarlanýar

Apple kompaniýasy Synchron neýrotehnologiýa startapy bilen bilelikde iPhone, iPad we beýleki gurluşlary pikiriň güýji bilen dolandyrmaga mümkinçilik berýän “beýni-kompýuter” (BCI) interfeýsini işläp taýýarlaýar
Baýkonur kosmodromynda H-1 Aý raketasynyň iň uly maketi oturdyldy
15.05.2025 21:27
3.3k+

Baýkonur kosmodromynda H-1 Aý raketasynyň iň uly maketi oturdyldy

Baýkonurda SSSR-iň Aý maksatnamasy üçin döredilen H-1 raketa göterijisiniň dünýäde iň uly maketi peýda boldy. Onuň beýikligi 22 metre ýetýär. Maket 2025-nji ýylyň 2-nji iýunynda bellenjek şäheriň we kosmodromyň 70 ýyllygy mynasybetli gurnaldy
“Bolonýa” tutuş ýaryşyň dowamynda ýekeje gol geçirdip, Italiýanyň Kubogyny aldy
15.05.2025 21:23
8.2k+

“Bolonýa” tutuş ýaryşyň dowamynda ýekeje gol geçirdip, Italiýanyň Kubogyny aldy

“Bolonýa” tutuş ýaryşyň dowamynda diňe bir gol geçirdip, Italiýanyň Kubogynyň eýesi boldy. Finalda boloniýalylar “Milany” 1:0 hasabynda utdy. “Bolonýa” şu möwsümiň Kubok ýaryşynda ýeke-täk topy ýarym final tapgyrynyň “Empoli” bilen jogap oýnunda (2:1) sypdyrdy – goly ýarymgoragçy Wiktor Kowalenko geçirdi
Guterriş BMG-niň býujetini we ştatyny azaltmagy meýilleşdirýär
15.05.2025 21:18
3.9k+

Guterriş BMG-niň býujetini we ştatyny azaltmagy meýilleşdirýär

BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş guramanyň býujetiň we işgärleriň sanyny azaltmagy meýilleşdirýändigini habar berdi.   “Bu howply döwür, ýöne şol bir wagtyň özünde uly mümkinçilikleriň we borçlaryň döwri
Ženewada seýrek mawy göwher 21,5 mln dollara satyldy
15.05.2025 21:15
4.4k+

Ženewada seýrek mawy göwher 21,5 mln dollara satyldy

Seýrek mawy göwher Mediterranean Blue Ženewada geçirilen Sotheby’s auksionynda 21,5 mln dollara satyldy. Bu barada auksion öýüniň saýtynda habar berilýär. Agramy 10,03 karat bolan ýiti mawy reňkli göwher işjeň söwda getirdi
Düşnükli, ýiti reňkli we janly: Google Android 16-nyň täzelenen interfeýsini çykardy
15.05.2025 21:12
2.5k+

Düşnükli, ýiti reňkli we janly: Google Android 16-nyň täzelenen interfeýsini çykardy

Google I/O konferensiýasynyň öňüsyrasynda ýörite çäre geçirildi. Onda kompaniýa 3 milliarddan gowrak smartfonlarda we planşetlerde gurnalan Android operasion ulgamynyň täzelenmesini resmi taýdan hödürledi. Täze dizaýn Material 3 Expressive stiline esaslanýar we Android 16-da peýda bolar
Saud Arabystany bilen ylalaşyk Nvidia-nyň ýolbaşçysynyň baýlygyny $120 mlrd çenli artdyrdy
15.05.2025 21:07
4.6k+

Saud Arabystany bilen ylalaşyk Nvidia-nyň ýolbaşçysynyň baýlygyny $120 mlrd çenli artdyrdy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň Saud Arabystanyna saparynyň dowamynda birnäçe uly tehnologiýa şertnamalary baglaşyldy. Bu hem Ýakyn Gündogarda amerikan çip öndürijileriniň ornuny güýçlendirdi. Nvidia we AMD kompaniýalary onlarça milliard dollarlyk önümlerini ibermek barada ylalaşyk gazandy
Mýanmada bolup geçen ýertitremede ýer gabygynyň süýşýän pursady ilkinji gezek wideo düşürildi
15.05.2025 17:47
22k+

Mýanmada bolup geçen ýertitremede ýer gabygynyň süýşýän pursady ilkinji gezek wideo düşürildi

Ylym jemgyýetinde uly gyzyklanma döreden wideodaky haýran galdyryjy pursat giňden ara alnyp maslahatlaşylýar. Agzalan wideoda, Mýanmada bolup geçen güýçli ýertitremesi mahaly ýer gabygynyň hereket edişi aýdyň görünýär
Rafael Nadal “Rolan Garros” – 2025 üçin mahabat wideosyna düşdi
15.05.2025 12:03
3.6k+

Rafael Nadal “Rolan Garros” – 2025 üçin mahabat wideosyna düşdi

“Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 22 gezek ýeňijisi, ispaniýaly Rafael Nadal Fransiýanyň Açyk çempionaty – 2025 üçin mahabat wideosyna düşdi. Wideoda tanymal tennisçi söz bilen çykyş edýär we onuň dowamynda Rojer Federer
UFC resmi taýdan Hamzat Çimaýew bilen Drikus dýu Plessiniň söweşini yglan etdi
15.05.2025 12:00
13k+

UFC resmi taýdan Hamzat Çimaýew bilen Drikus dýu Plessiniň söweşini yglan etdi

Ultimate Fighting Championship (UFC) promouşeniniň metbugat gullugy 2025-nji ýylyň 16-njy awgustynda Çikago amerikan şäherinde geçiriljek UFC 319 ýaryşynyň esasy söweşini yglan etdi. Agşamyň esasy wakasynda orta agramda (84 kg çenli) UFC-niň çempiony, günorta afrikaly Drikus dýu Plessi ýeňilmedik dalaşgär Hamzat Çimaýew bilen duşuşar
Messi gowy görýän gollarynyň birini sungat eserine öwrer. Ol auksionda satylar
15.05.2025 11:57
11k+

Messi gowy görýän gollarynyň birini sungat eserine öwrer. Ol auksionda satylar

Argentinaly futbolçy Lionel Messi öz gowy görýän goluny sungat eserine öwrer we ol haýyr-sahawat auksionynda satylar. Bu barada Independent habar berdi. “Altyn topuň” sekiz gezek eýesi 22-nji maýda ähli gollarynyň arasyndan özi üçin iň gymmatly goluň haýsydygyny aýdar
BSGG 2030-njy ýyla çenli dünýäde 4,1 mln şepagat uýasynyň ýetmezçilik etjekdigini çaklaýar
15.05.2025 11:52
5.8k+

BSGG 2030-njy ýyla çenli dünýäde 4,1 mln şepagat uýasynyň ýetmezçilik etjekdigini çaklaýar

Ýyl geçdigisaýyn global saglygy goraýyş ulgamynda şepagat uýalarynyň ýetmezçiligi barha artýar. 2030-njy ýyla çenli olaryň ýetmezçiligi 4,1 mln adama barabar bolup biler diýlip, Bütindünýä saglygy gorayş guramasy, Halkara şepagat uýalarynyň geňeşi we olaryň hyzmatdaşlary tarapyndan hödürlenen hasabatda aýdylýar
Bloger ýüzlerçe filmlerden replikalary ulanyp, Eminemiň “Lose Yourself” aýdymyny ýasady
15.05.2025 11:50
6.9k+

Bloger ýüzlerçe filmlerden replikalary ulanyp, Eminemiň “Lose Yourself” aýdymyny ýasady

The Unusual Suspect YouTube kanalynyň awtory 331 filmden we teleşoudan replikalary ulanyp, Eminemiň “Lose Yourself” aýdymynyň üýtgeşik wersiýasyny döretdi. Wideo eýýäm ýaýrady. Bu aýdymda filmlerden alnan bölekler Eminemiň aýdymy hakykatda aýdyşy ýaly tizlikde ýaňlanýar