Robotlara programmirleme däl-de, mehanikanyň kanunlary boýunça işlemek öwredildi
14.05.2025 11:16
2.5k+

Robotlara programmirleme däl-de, mehanikanyň kanunlary boýunça işlemek öwredildi

Seul milli uniwersitetinden we Garwarddan ylmy gözlegçileriň topary datçik, algoritm we merkezi dolandyryş bolmazdan hereket edip bilýän robotlary döretdi. Science Advances žurnalynda beýan edilen täze ulgam link-botlar adyny aldy
Apple-iň 2027-nji ýyl üçin meýilnamalary: eplenýän iPhone, akylly äýnek we ... öý roboty
14.05.2025 11:14
3.3k+

Apple-iň 2027-nji ýyl üçin meýilnamalary: eplenýän iPhone, akylly äýnek we ... öý roboty

Apple-iň 2027-nji ýyl üçin uly meýilnamalary bar, kompaniýa düýpgöter täze önümleri çykarmagy meýilleşdirýär, olar eplenýän iPhone, Apple Glass akylly äýnegi we öý roboty. Bloomberg-den Mark Gurmana salgylanýan Appleinsider-iň habar bermegine görä, esasy täze önüm köpden bäri garaşylýan eplenýän iPhone Fold bolar
Cadillac-yň 615 at güýjüni berýän V seriýaly ilkinji awtoulagy sport awtoulaglaryndan has çalt bat alýar
14.05.2025 11:12
2.8k+

Cadillac-yň 615 at güýjüni berýän V seriýaly ilkinji awtoulagy sport awtoulaglaryndan has çalt bat alýar

Cadillac kompaniýasy V seriýaly doly elektrik güýji bilen işleýän ilkinji modeli bolan Lyriq-V elektrik krossowerini satyp başlady. Onuň önümçiligine 2025-nji ýylyň mart aýynda ABŞ-nyň Tennessi şäherindäki zawodynda başlanypdy
Türkiýede AirCar uçýan awtomobiliniň ilkinji adamly uçuşy geçirildi
14.05.2025 11:09
6.1k+

Türkiýede AirCar uçýan awtomobiliniň ilkinji adamly uçuşy geçirildi

AirCar kompaniýasy adamyň gatnaşmagynda iki orunlyk uçýan awtomobiliniň ilkinji synagyny geçirdi. Uçuş 35 km/sag-dan gowrak ýel tizliginde we 8 metr belentlikde amala aşyryldy diýip, Anadolu agentligi habar berýär
Xiaomi SU7 iň haýal arzanlaýan elektrokar boldy: ýapon brendleri bu ugurda yza galýar
14.05.2025 11:08
3k+

Xiaomi SU7 iň haýal arzanlaýan elektrokar boldy: ýapon brendleri bu ugurda yza galýar

Xiaomi SU7 iň haýal arzanlaýan elektromobilleriň arasynda öňdebaryjy boldy. Baha taýdan has durnukly modelleriň ilkinji onlugynda ýekeje-de Toyota ýok. Ozal ýapon brendleriniň awtomobilleri, aýratynam, Toyota bahasyny haýal ýitirýär we gaýtadan satmak üçin hem uly ýitgisiz hasap edilýärdi
Samsung 500 Gs täzelenme ýygylygy bilen dünýäde ilkinji OLED oýun monitoryny görkezdi
14.05.2025 11:07
1.4k+

Samsung 500 Gs täzelenme ýygylygy bilen dünýäde ilkinji OLED oýun monitoryny görkezdi

Samsung kompaniýasy täzelenme ýygylygy 500 Gs bolan dünýäde ilkinji OLED oýun monitoryny hödürledi. Täze gurluş Odyssey OLED G6 hataryna degişli bolup, G60SF adyny aldy. Model diňe kümüşsöw reňkde we 27 dýuým diagonal bilen elýeterli bolar
Giorgio Armani-den ilkinji 72 metrlik super gämi suwa goýberildi
14.05.2025 10:30
5.8k+

Giorgio Armani-den ilkinji 72 metrlik super gämi suwa goýberildi

Italian Sea Group gämi gurluşyk kompaniýasy Giorgio Armani moda öýi bilen bilelikde döredilen ilkinji Admiral Armani mega-gämisini suwa goýberdi. 72 metrlik gäminiň konsepti iki ýyl ozal hödürlenipdi diýip, Sail-World ýazýar
WSJ: Apple täze iPhone-laryň bahasyny galdyrar
14.05.2025 10:29
3k+

WSJ: Apple täze iPhone-laryň bahasyny galdyrar

Apple kompaniýasy 2025-nji ýylyň güýzünde tanyşdyryljak täze iPhone modelleriniň bahasyny ýokarlandyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada çeşmelerine salgylanyp, 12-nji maýda «The Wall Street Journal» gazeti habar berdi
Bahreýn Wenesiýa binagärlik biennalesiniň baş baýragyny aldy
14.05.2025 10:26
3.3k+

Bahreýn Wenesiýa binagärlik biennalesiniň baş baýragyny aldy

19-njy Wenesiýa binagärlik biennalesiniň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Iň gowy milli pawilýon üçin baş baýragy – “Altyn ýolbarsy” Heatwave taslamasy üçin Bahreýn aldy. Bu taslamanyň ýolbaşçysy binagär Andrea Faraguna boldy
Saudi Aramco nebitiň bahasynyň peselmegi sebäpli girdejisini ýitirýär
13.05.2025 19:33
5.8k+

Saudi Aramco nebitiň bahasynyň peselmegi sebäpli girdejisini ýitirýär

Saud Arabystanynyň döwlet nebit kompaniýasy Saudi Aramco ýekşenbe güni 2025-nji ýylyň birinji çärýegi üçin maliýe hasabatyny hödürledi. Resminama görä, arassa girdeji 26 mlrd dollar boldy we bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 4,6% azdyr
Prime Video Nikolas Keýj bilen “Möý adam: Nuar” serialynyň ilkinji tizerini görkezdi
13.05.2025 19:28
3.4k+

Prime Video Nikolas Keýj bilen “Möý adam: Nuar” serialynyň ilkinji tizerini görkezdi

Prime Video akym hyzmaty “Möý adam: Nuar” (Человек-паук: Нуар) serialynyň ilkinji tizerini hödürledi. Serialda baş keşbi ozal “Möý adam: Älemiň üsti bilen” (Человек-паук: Через вселенные) multfilminde bu gahrymana ses beren Nikolas Keýj ýerine ýetirdi
ABŞ bilen Hytaý gümrük paçlaryny 90 gün möhlet bilen peseltmek boýunça özara ylalaşdylar
13.05.2025 19:23
9.8k+

ABŞ bilen Hytaý gümrük paçlaryny 90 gün möhlet bilen peseltmek boýunça özara ylalaşdylar

ABŞ bilen Hytaý gümrük paçlaryny 90 günlük möhlet bilen peseltmek boýunça özara ylalaşdylar. «CNN» neşiriniň habar bermegine görä, 14-nji maýdan başlap, Waşington nyrhlary 145%-den 30%-e çenli, Pekin bolsa 125%-den 10%-e çenli peselder
Salah, Mbappe ýa-da Lewandowski: “Altyn butsa” kim dalaş edýär?
13.05.2025 19:18
11k+

Salah, Mbappe ýa-da Lewandowski: “Altyn butsa” kim dalaş edýär?

Mohamed Salah, Kilian Mbappe, Robert Lewandowski we Garri Keýn ýewropa çempionatlarynyň iň gowy bombardirine berilýän “Altyn butsy” baýragy üçin esasy dalaşgärler hasaplanýar. Ýöne häzirki wagtda reýtingde birinji orny Lissabonyň “Sporting” klubunyň şwesiýaly hüjümçisi Wiktor Dýokereş eýeleýär
Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin okuw maslahaty açyldy
13.05.2025 18:55
4.5k+

Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we döwlet gullukçylary üçin okuw maslahaty açyldy

12-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we beýleki döwlet gullukçylary üçin sebitleýin okuw maslahaty açyldy. Maslahat bilen ugurdaşlykda “Halkara gatnaşyklary: parahatçylykly dialogyň medeniýeti” atly II halkara bäsleşiginiň hem açylyş dabarasy geçirildi
Aşgabatda Howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty geçirilýär
13.05.2025 18:45
3.6k+

Aşgabatda Howanyň üýtgemegi boýunça Merkezi Aziýa maslahaty geçirilýär

13-nji maýda «Ýyldyz» otelinde Howanyň üýtgemegi boýunça 7-nji Merkezi Aziýa maslahaty öz işine başlady. Maslahat «Türkmenistan: Howanyň üýtgemegi we ýaşyl geçiş» atly wideorolik bilen açyldy. Maslahatda Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Ç
Saud Arabystanynyň The Line «ýatan gökdiräni» sebitiň howasyny üýtgedip biler
13.05.2025 14:23
16k+

Saud Arabystanynyň The Line «ýatan gökdiräni» sebitiň howasyny üýtgedip biler

Saud Arabystanynda alnyp barylýan birnäçe megataslama sebitiň howa şertlerine oňaýsyz täsir edip biler. Şol taslamalaryň biri hem geljekde Neom tehnologik toplumynyň paýtagty boljak «The Line» şäher-binasydyr diýip, klimat meseleleri boýunça bilermen Donald Wublza salgylanyp, «Financial Times» habar berýär
Britan startapy kwant kompýuteriniň we EA-nyň kömegi bilen aýdym döretdi
13.05.2025 14:16
3.5k+

Britan startapy kwant kompýuteriniň we EA-nyň kömegi bilen aýdym döretdi

Britaniýanyň Moth startapy Recurse atly özboluşly aýdymy çykardy. Ol generatiw EA-nyň we kwant kompýuteriniň kömegi bilen döredilen taryhda ilkinji aýdym boldy we eýýäm Spotify-da elýeterlidir. Bu aýdymyň üstünde elektron artist ILĀ işledi
Google maglumatlaryň gizlinligini bozandygy üçin Tehasa 1,375 mlrd dollar tölär
13.05.2025 14:14
3.4k+

Google maglumatlaryň gizlinligini bozandygy üçin Tehasa 1,375 mlrd dollar tölär

Google kompaniýasy Tehas ştatynyň (ABŞ) ýaşaýjylarynyň şahsy maglumatlarynyň gizlinligini bozandygy baradaky aýyplamalary çözmek üçin, ştata 1,375 mlrd dollar tölemäge razy boldy. Bu barada Tehasyň baş prokurory Ken Pakston habar berdi
78-nji Kann kinofestiwaly açyldy
13.05.2025 14:10
1.7k+

78-nji Kann kinofestiwaly açyldy

Sişenbe güni Kann şäherinde 78-nji halkara kinofestiwaly öz işine başlady. Ol 13-nji maýdan 24-nji maý aralygynda dowam eder. Kinofestiwalyň esasy baýragy – “Altyn palma şahasy” eýýäm festiwalyň rezidensiýasyna eltildi
Metallica-nyň Wirjiniýadaky konserti ýeriň yranmagyna sebäp boldy
13.05.2025 13:21
7.5k+

Metallica-nyň Wirjiniýadaky konserti ýeriň yranmagyna sebäp boldy

Wirjiniýa ştatynyň (ABŞ) Lane stadionynda geçirilen Metallica rok toparynyň konserti seýsmiki işjeňlige sebäp boldy. Bu barada ştatyň seýsmologiýa obserwatoriýasynyň (VTSO) maglumatlaryna salgylanyp, «Fox Weather» habar berýär
Nemes alymlary insultdan soňky dikeldiş bejergisi üçin aýdym-saz programmasyny döretdiler
13.05.2025 13:17
4.8k+

Nemes alymlary insultdan soňky dikeldiş bejergisi üçin aýdym-saz programmasyny döretdiler

Maks Plank adyndaky Ylmy barlaglar jemgyýetiniň Kognitiw we beýni ylymlary institutynyň barlagçylary Face Active programmasyny işläp düzdüler. Bu programma insultdan soň ýüz myşsalary ysmaz bolan näsaglara dikeldiji bejergini bermek üçin niýetlenendir
Magtymguly etrabynda «Berkarar döwletiň ylham joşguny» we «Owadan ýazuw» bäsleşikleriniň ýeňijileri sylaglanyldy
13.05.2025 13:11
9.2k+

Magtymguly etrabynda «Berkarar döwletiň ylham joşguny» we «Owadan ýazuw» bäsleşikleriniň ýeňijileri sylaglanyldy

Ýakynda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky “Magtymguly Pyragy” muzeýiniň mejlisler jaýynda «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly şygryýet bäsleşiginiň hem-de «Owadan ýazuw» atly bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi
Milanyň dizaýn hepdeligi sosial torlarda rekord goýdy
13.05.2025 12:24
4.6k+

Milanyň dizaýn hepdeligi sosial torlarda rekord goýdy

Dünýä belli suratkeşleriň, moda we aýakgap brendleriniň gatnaşmagynda geçirilen Milanyň dizaýn hepdeligi sosial torlarda rekord goýdy diýip, «WWD» habar berýär. Karla Otto-nyň maglumatlaryna görä, bu çäre EMV hasabynda, ýagny sosial torlardaky täsirleriň (synlar we organiki gözleg netijeleri ýaly) dollar ekwiwalenti boýunça, 26,1 million dollar girdeji getirdi
Tesla ulanylan Model 3 we Model Y awtoulaglaryny 257 müň km-e çenli kepillik bilen hödürleýär
13.05.2025 12:22
3k+

Tesla ulanylan Model 3 we Model Y awtoulaglaryny 257 müň km-e çenli kepillik bilen hödürleýär

Tesla ulanylan «Model 3» we «Model Y» elektromobillerini giňeldilen kepillik bilen satuwa çykardy. Kompaniýa batareýa we hereketlendiriji ulgamy üçin, 160 müň mile (takmynan, 257 müň kilometre) çenli kepillik berýär diýip, «Carscoops» neşiri habar berýär
Täze MAN ýük ulagy BMW-niň zawodlarynyň arasynda üstünlikli synagdan geçdi
13.05.2025 12:21
6.8k+

Täze MAN ýük ulagy BMW-niň zawodlarynyň arasynda üstünlikli synagdan geçdi

Täze «MAN eTGX» ýük ulagy Germaniýanyň Leýpsig we Regensburg şäherindäki BMW zawodlarynyň arasyndaky gatnawda üstünlikli synagdan geçip, uzak aralyga ýük daşamak üçin amatlydygyny subut etdi. Kuwwaty 544 at güýjüne çenli bolan elektrikli ýük ulagy her 100 kilometre bary-ýogy 75 kWt-sagat energiýa sarp edýär we 500 km çenli aralygy geçip bilýär
Baýragyň deňinden uçup geçen guşlar: «Bird Photographer of the Year» bäsleşiginde baýrak almadyk suratlar çap edildi
13.05.2025 12:02
7.1k+

Baýragyň deňinden uçup geçen guşlar: «Bird Photographer of the Year» bäsleşiginde baýrak almadyk suratlar çap edildi

Her ýyl geçirilýän «Bird Photographer of the Year» bäsleşiginiň guramaçylary öňki ýyllarda finala çykmadyk, emma ähmiýetli we üns çekmäge mynasyp suratlary sosial torlarynda paýlaşdy. Bu suratlar dünýäniň dürli künjeklerinde düşürilen guşlaryň gözelligini we suratçylaryň ussatlygyny görkezýär
Karlo Ançelotti resmi taýdan Braziliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi bellendi
13.05.2025 11:41
9.1k+

Karlo Ançelotti resmi taýdan Braziliýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi bellendi

Karlo Ançelotti resmi taýdan Braziliýanyň milli futbol ýygyndysynyň baş tälimçisi bellendi. Italiýaly hünärmen topary 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna taýýarlar diýip, Braziliýanyň futbol konfederasiýasynyň metbugat gullugy habar berdi
Awtoulagyňyz tomus paslyna taýýarmy?
13.05.2025 11:28
11k+

Awtoulagyňyz tomus paslyna taýýarmy?

Tomus adamlaryň aglabasynyň dynç alşa çykýan, syýahata, uzak ýerlere saparlara gidýän döwri bolýar. Bu jogapkärçilikli döwürde awtoulagyňyzyň lapyňyzy keç etmezligi üçin öňünden yssy howa taýýarlanmak maslahat berilýär
Nissan Leaf 2020-de hakerlere ruly dolandyrmaga mümkinçilik berýän howply gowşaklyk tapyldy
13.05.2025 10:58
3.2k+

Nissan Leaf 2020-de hakerlere ruly dolandyrmaga mümkinçilik berýän howply gowşaklyk tapyldy

Black Hat Asia 2025 konferensiýasynda PCAutomotive kompaniýasynyň hünärmenleri 2020-nji ýylyň Nissan Leaf elektrik ulagynda howply gowşaklygyň bardygyny habar berdiler. Mesele multimediýa ulgamynyň Bluetooth moduly bilen baglanyşykly diýip, SPEEDME neşiri ýazýar
«Turkish Airlines» awiakompaniýasy uçar doly saklanmanka ýerinden turýan ýolagçylara jerime salar
13.05.2025 10:53
14k+

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy uçar doly saklanmanka ýerinden turýan ýolagçylara jerime salar

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy uçar doly saklanmazdan we howpsuzlyk kemerleriniň çyrasy öçürilmezden öň ýerinden turýan ýolagçylara jerime salar. Bu barada «Akdeniz Gerçek» neşiri habar berýär. Täze düzgünler Türkiýäniň Baş raýat awiasiýasy müdirligi (SHGM) tarapyndan çap edilen görkezmede beýan edilýär
BAFTA TV baýragynyň ýeňijileri yglan edildi: “Sýogun”, “Gök çyralar” we “Jenap Beýts vs. poçta bölümi”
13.05.2025 10:47
1.9k+

BAFTA TV baýragynyň ýeňijileri yglan edildi: “Sýogun”, “Gök çyralar” we “Jenap Beýts vs. poçta bölümi”

Londonda 2024-nji ýylyň BAFTA TV baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Britan akademiýasy iň gowy seriallary we aktýorlyk işlerini belledi diýip, Deadline habar berýär. Şeýlelikde, “Gök çyralar” iň gowy drama serialy boldy
Klein Vision 1000 km-e çenli geçip bilýän uçýan awtomobilini hödürledi
13.05.2025 10:43
5.6k+

Klein Vision 1000 km-e çenli geçip bilýän uçýan awtomobilini hödürledi

Slowakiýanyň Klein Vision kompaniýasy awtomobil bilen uçaryň funksiýalaryny birleşdirýän ulag serişdesini – AirCar 2-ni hödürledi. Ýerde AirCar 2 tizligini 200 km/sag, howada bolsa 250 km/sag çenli artdyrýar. Režimleriň arasyndaky geçiş 80 sekunt wagt alýar
Ilon Mask: Hytaý 2025-nji ýylda ulag satuwy boýunça ABŞ-dan we Ýewropadan öňe geçer
13.05.2025 10:42
6.6k+

Ilon Mask: Hytaý 2025-nji ýylda ulag satuwy boýunça ABŞ-dan we Ýewropadan öňe geçer

Hytaý 2025-nji ýylda ilkinji gezek umumy awtomobil satuwy boýunça ABŞ-dan we Ýewropadan öňe geçer diýip, Ilon Mask aýdýar. X sosial ulgamyndaky sahypasynda Tesla-nyň ýolbaşçysy bu ýurduň eýýäm birnäçe ýyl bäri adaty liderleriň yzyndan ýetip, ulag önümçiliginde öňdebaryjydygyny belledi
Arkadag şäherinde AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony “Arkadag” FK-ny garşy almak dabarasy geçirildi
13.05.2025 08:17
19k+

Arkadag şäherinde AFK-nyň Çagyryş ligasynyň çempiony “Arkadag” FK-ny garşy almak dabarasy geçirildi

12-nji maýda Arkadag şäherinde “Arkadag” futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagynyň hormatyna dabaraly çäreler geçirildi.  Dabara Arkadag şäheriniň «Akhan» binasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar bilen başlandy
“Arkadag” futbol toparynyň tälimçileri we türgenleri pul baýragy bilen sylaglanyldy
13.05.2025 08:12
19k+

“Arkadag” futbol toparynyň tälimçileri we türgenleri pul baýragy bilen sylaglanyldy

Prezident Serdar Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň häkimliginiň “Arkadag” futbol toparynyň tälimçilerini we türgenlerini pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruga gol çekdi. Bellenilişi ýaly, bu resminama türkmen
Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy
13.05.2025 08:02
6.5k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen tanyşdy

12-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy
Fabrisio Romano: “Real” Habi Alonso bilen 2028-nji ýyla çenli şertnama baglaşdy
12.05.2025 23:26
9.9k+

Fabrisio Romano: “Real” Habi Alonso bilen 2028-nji ýyla çenli şertnama baglaşdy

Lewerkuzeniň “Baýeriniň” baş tälimçisi Habi Alonso Madridiň “Realy” bilen 2028-nji ýyla çenli möhlet bilen şertnama baglaşdy. Bu barada žurnalist Fabrisio Romano X sosial ulgamynda habar berdi. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, ispaniýaly hünärmen tomusda – 15-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda ABŞ-da geçiriljek futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionatyndan soň işe girişer
Geçen hepdede Türkmenistanyň biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 4,57 mln dollar boldy
12.05.2025 23:11
2.3k+

Geçen hepdede Türkmenistanyň biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 4,57 mln dollar boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri
“Minecraft kinoda” filminiň onlaýnda çykjak senesi yglan edildi
12.05.2025 22:58
7k+

“Minecraft kinoda” filminiň onlaýnda çykjak senesi yglan edildi

"Minecraft kinoda" (“Minecraft в кино”) filmi 13-nji maýda onlaýn ýagdaýda görkeziler. Bu barada Warner Bros studiýasyna salgylanýan WhenToStream portaly habar berdi. Filmiň sýužeti hyýaly inedördül dünýä düşýän dört gahrymanyň töwereginde ýaýbaňýar
Täze “Godzilla we Kong 3” filmi anons edildi, ol “Supernowa” adyny aldy
12.05.2025 16:46
7.6k+

Täze “Godzilla we Kong 3” filmi anons edildi, ol “Supernowa” adyny aldy

Monsterverse älemi boýunça Godzilla we Kong baradaky täze filmi döredijiler täze tizer çykaryp, onda geljekki filmiň adyny we sýužet barada käbir maglumatlary açyp görkezdi. Film “Supernowa” (Godzilla x Kong: Supernova) goşmaça ady bilen çykar