Fabrisio Romano: “Real” Habi Alonso bilen 2028-nji ýyla çenli şertnama baglaşdy

12.05.2025, 23:269,868

Lewerkuzeniň “Baýeriniň” baş tälimçisi Habi Alonso Madridiň “Realy” bilen 2028-nji ýyla çenli möhlet bilen şertnama baglaşdy. Bu barada žurnalist Fabrisio Romano X sosial ulgamynda habar berdi.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, ispaniýaly hünärmen tomusda – 15-nji iýundan 13-nji iýul aralygynda ABŞ-da geçiriljek futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionatyndan soň işe girişer.
Geçen hepde “Baýeriň” metbugat gullugy Alonsonyň möwsümiň ahyrynda klubdan gitjekdigini habar beripdi.
Habi Alonso “Baýerde” 2022-nji ýyldan bäri tälimçilik edýär. Onuň ýolbaşçylygynda topar geçen möwsümde Germaniýanyň çempiony boldy we ýurduň Kubogyny aldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.