«Joker: Iki adamlyk telbelik» 2024-nji ýylyň iň köp zyýan çeken filmi boldy
04.05.2025 19:48
4k+

«Joker: Iki adamlyk telbelik» 2024-nji ýylyň iň köp zyýan çeken filmi boldy

«Joker: Iki adamlyk telbelik» (Джокер: Безумие на двоих) filmi Warner Bros. kompaniýasyna 144,25 mln dollar zyýan ýetirdi we 2024-nji ýylyň iň köp zyýan çeken filmleriniň sanawynda birinji orny eýeledi. Bu antireýtingi «Deadline» neşiri düzdi
Google Gemini suratlary «fotoşoplamagy» öwrendi
04.05.2025 15:14
5.7k+

Google Gemini suratlary «fotoşoplamagy» öwrendi

Gemini çat-boty suratlary işläp taýýarlamak üçin täze mümkinçiliklere eýe boldy. Google öz blogynda täze algoritmiň nämeler edip bilýändigi barada düşündirdi. Suratlary üýtgetmek üçin indi diňe çat-bot bilen adaty dilde gürleşmek ýeterlik
Xiaomi soňky 10 ýylda ilkinji gezek Hytaýdaky iň uly smartfon öndürijisi boldy. Apple bäşinji orna düşdi
04.05.2025 14:37
3.7k+

Xiaomi soňky 10 ýylda ilkinji gezek Hytaýdaky iň uly smartfon öndürijisi boldy. Apple bäşinji orna düşdi

Xiaomi kompaniýasy 2025-nji ýylyň birinji çärýegi boýunça alanyňda, soňky on ýylyň dowamynda ilkinji gezek içerki smartfon bazarynda lider boldy. «Canalys» analitikleriniň hasaplamalaryna görä, hasabat döwründe öndüriji 13,3 million smartfon satyp, bazaryň 19%-ine eýe boldy
Iň kiçi Ferrari-niň kämilleşdirilen wersiýasy hödürlendi
04.05.2025 14:35
3.6k+

Iň kiçi Ferrari-niň kämilleşdirilen wersiýasy hödürlendi

Ferrari kompaniýasy 296 GTB Speciale ady bilen 296 GTB modeliniň kämilleşdirilen wersiýasyny hödürledi. Bu brendiň hatarynda iň ykjam modeldir. Kupe bilen bilelikde üsti açyk wersiýa – 296 Speciale A hem çykaryldy
Meta EA ses kömekçisi bilen aýratyn programma çykardy
04.05.2025 14:29
1.3k+

Meta EA ses kömekçisi bilen aýratyn programma çykardy

Meta resmi taýdan özbaşdak Meta AI programmasyny işe girizdi. Ozal emeli aň Facebook, Instagram, WhatsApp we Messenger programmalarynda elýeterlidi, indi bolsa ony ýörite programmanyň üsti bilen ulanmak bolýar
Emeli aň ýazyjylyk ussatlygy boýunça okuw sapaklaryny geçmegi üçi Agata Kristini “janlandyrar”
04.05.2025 14:20
3.5k+

Emeli aň ýazyjylyk ussatlygy boýunça okuw sapaklaryny geçmegi üçi Agata Kristini “janlandyrar”

BBC Maestro platformasyndaky bilim taslamasyna gatnaşdyrmak üçin emeli aň arkaly Agata Kristini “janlandyrarlar”. Iňlis ýazyjysynyň sanly awatary ýazyjylyk ussatlygy boýunça sapak berer diýip, The Independent gazeti habar berdi
ABŞ-nyň kazyýeti Apple-e App Store-dan daşyndaky tölegler üçin tutum almagy gadagan etdi
04.05.2025 14:10
2k+

ABŞ-nyň kazyýeti Apple-e App Store-dan daşyndaky tölegler üçin tutum almagy gadagan etdi

ABŞ-nyň federal kazyýeti Apple kompaniýasyna App Store-dan daşyndaky satyn alyşlar üçin tutum tutmagy gadagan etdi. Bu barada Epic Games tarapyndan başy başlanan iş boýunça gelnen kararda aýdylýar, onuň tekstini The Verge neşiri getirýär
Alymlar Týudorlar eýýamynyň peýniriň taýýarlanyşy hakyndaky kitabynyň syryny bildiler
04.05.2025 13:46
2.9k+

Alymlar Týudorlar eýýamynyň peýniriň taýýarlanyşy hakyndaky kitabynyň syryny bildiler

Lids uniwersitetiniň hünärmenleri özboluşly golýazmanyň sanly nusgasyny we transkripsiýasyny neşir etdiler. Ol - 1580-nji ýyllarda döredilen, peýnir hakyndaky iň gadymy iňlis traktaty bolan "A pamflyt compiled of Cheese, contayninge the differences, nature, qualities, and goodnes, of the same"
Alymlar antibiotikleriň ornuny tutup biljek molekulany döretdiler
04.05.2025 13:43
1.7k+

Alymlar antibiotikleriň ornuny tutup biljek molekulany döretdiler

Halkara alymlar konsorsiumy antibiotikleriň ornuny tutup biljek, ýöne başgaça işleýän täze molekulany döretdi. Ol bakteriýalary öldürmegiň ýerine, olary adam immunitetiniň öňünde has ejiz edýär, ýagny bedeniň özüne ýokançlyga garşy göreşmäge kömek edýär
Täze barlaglar pişigiň eldekileşdirilmeginiň ýakymsyz syrlaryny açdy
04.05.2025 13:40
9.7k+

Täze barlaglar pişigiň eldekileşdirilmeginiň ýakymsyz syrlaryny açdy

Gadymy Müsürde gurbanlyk bermek üçin haýwanlara bolan isleg sebäpli pişikler eldekileşdirilipdir. Munuň şeýledigini halkara alymlar toparlary tarapyndan alnan genetiki maglumatlar tassyklaýar. Barlaglar entek gözden geçirilmedi we bioRxiv platformasynda ýerleşdirilmedi
Mazda dolandyryş bölümindäki kemçilik sebäpli Miata 2025-i satmagy wagtlaýyn togtatdy
04.05.2025 13:37
2.4k+

Mazda dolandyryş bölümindäki kemçilik sebäpli Miata 2025-i satmagy wagtlaýyn togtatdy

Mazda garaşylmadyk ýagdaýda 2025-nji model ýylynyň MX-5 Miata rodsterini ABŞ-nyň bazaryna ibermegini wagtlaýyn togtatdy. Munuň sebäbi dolandyryş modulynda bolup biläýjek näsazlykdy. Ulaglar portlaryň ammarlarynda wagtlaýyn saklanýar
«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Seul – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny açdy
04.05.2025 02:39
13k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat – Seul – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýolagçy gatnawlaryny açdy

"Türkmenistan" awiakompaniýasy 2025-nji ýylyň 14-nji iýulyndan başlap Aşgabat – Seul – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli howa gatnawlaryny amala aşyrar. Bu barada awiakompaniýasynyň saýtynda habar berilýär. Täze gatnaw ugry halkara gatnawlarynyň giňeldilmegine we Türkmenistanyň Günorta Koreýa bilen awiasiýa hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagyna gönükdirilendir
Toyota iň ýokary derejeli Yaris Cross gibridiniň bahasyny arzanlatdy
04.05.2025 02:32
5.7k+

Toyota iň ýokary derejeli Yaris Cross gibridiniň bahasyny arzanlatdy

Toyota 2025-nji model ýyly üçin Yaris Cross krossowerini täzeledi we kuwwaty 130 at güýji bolan gibrid gurluşly wersiýasyny arzanlatdy. Indi bu elektrik gurluşy diňe bir ýokary derejeli Executive komplektasiýasynda däl, eýsem has amatly bahaly Dynamic-de hem elýeterlidir
“Barselona” ýarym sagadyň içinde Trewis Skott logotipli futbolkalarynyň 1,58 million ýewrolygyny satdy
04.05.2025 02:30
12k+

“Barselona” ýarym sagadyň içinde Trewis Skott logotipli futbolkalarynyň 1,58 million ýewrolygyny satdy

“Barselona” futbol kluby Trewis Skottyň brendi bolan Cactus Jack logotipli çäkli sanda çykarylan futbolkalaryny satmak bilen 1,58 million ýewro töweregi girdeji gazandy. Kolleksiýa Madridiň “Realy” bilen boljak oýundan öň artist bilen bilelikde çykaryldy we irden satuwa goýberildi
Starbucks awtomatizirlemekden ýüz öwrüp, has köp baristany işe almaga başlady
04.05.2025 02:21
5.2k+

Starbucks awtomatizirlemekden ýüz öwrüp, has köp baristany işe almaga başlady

Starbucks baristalaryň sanyny artdyrmagy, iş çalşygyny uzaltmagy we öňki awtomatizirleme syýasatyndan ýüz öwürmegi meýilleşdirýär. Bu barada The Guardian habar berýär. Kompaniýanyň baş direktory Braýan Nikkol maýadarlar bilen gürrüňdeşlikde işgärleriň sanynyň azaldylmagynyň hyzmatyň hiline ýaramaz täsir edendigini aýtdy
Emeli aň Duolingo platformasyna 148 täze dil okuwyny döretmäge kömek etdi
04.05.2025 02:20
2.2k+

Emeli aň Duolingo platformasyna 148 täze dil okuwyny döretmäge kömek etdi

Duolingo indi 148 sany täze dil okuwynyň bardygyny habar berdi. Olary çalt döretmek üçin kompaniýa generatiw emeli aňdan peýdalandy. Ozal şeýle okuwlary döretmek üçin birnäçe ýyl gerek bolýardy, indi bolsa muny EA-nyň kömegi bilen has tiz etmek bolýar
Samsung smartfon bazarynda ýene öňdebaryjy, Apple ikinji orna düşdi
04.05.2025 02:17
4.5k+

Samsung smartfon bazarynda ýene öňdebaryjy, Apple ikinji orna düşdi

Canalys kompaniýasy 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde global smartfon üpjünçiligi barada maglumatlary hödürledi. Analitiki kompaniýanyň maglumatlaryna görä, bu döwürde 296,9 mln smartfon iberildi – bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 0,2% köpdür
Serdar Berdimuhamedow Anjeý Dudany Polşanyň Konstitusiýa güni bilen gutlady
03.05.2025 12:40
3.7k+

Serdar Berdimuhamedow Anjeý Dudany Polşanyň Konstitusiýa güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda we ýurduň ähli halkyna Polşa Respublikasynyň Konstitusiýa güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany mümkinçilikden
Türkmen bagşylary Hywada IV halkara bagşyçylyk sungaty festiwalynda üstünlik gazandylar
03.05.2025 12:18
12k+

Türkmen bagşylary Hywada IV halkara bagşyçylyk sungaty festiwalynda üstünlik gazandylar

26 — 28-nji aprel aralygynda Özbegistanyň Hywa şäherinde IV halkara bagşyçylyk sungaty festiwaly geçirildi. Dünýäniň 40-dan gowrak ýurdundan 200-e golaý bagşyny bir ýere jemlän bu festiwala Daşoguz welaýatynyň medeniýet we sungat işgärleri hem gatnaşdylar
Aşgabatda Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günleri geçirilýär
03.05.2025 12:12
5.4k+

Aşgabatda Liwiýa Döwletiniň Medeniýet günleri geçirilýär

Aşgabatda Liwiýa Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirilýär. 1-nji maýda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde bu medeni çäräniň açylyş dabarasynyň çäklerinde sergi guraldy. Onda arap kalligrafiýasynyň gymmatlyklary, Liwiýanyň milli lybaslary, kitaplardyr milli tagamlar görkezildi
Täze rekord: 18 sagadyň dowamynda alty raketa kosmosa ugradyldy
03.05.2025 12:05
6.7k+

Täze rekord: 18 sagadyň dowamynda alty raketa kosmosa ugradyldy

Dünýä boýunça täze rekord goýuldy – 18 sagadyň dowamynda alty dürli göteriji raketa orbita ugradyldy diýip, «Space.com» habar berýär. Ilkinji uçuş Hytaýda boldy: 29-njy aprelde gijesine Haýnan adasyndaky Wençan kosmodromyndan «Long March 5B» raketasy Guowang hemra ulgamy üçin niýetlenen hemralary orbita çykardy
Spotify-yň ulanyjylarynyň sany 678 milliona ýetdi. Olar hyzmata 4,2 mlrd ýewro girdeji getirdi
03.05.2025 11:58
2.6k+

Spotify-yň ulanyjylarynyň sany 678 milliona ýetdi. Olar hyzmata 4,2 mlrd ýewro girdeji getirdi

Spotify aýdym-saz hyzmaty 2025-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemi boýunça ulanyjylaryň sanynyň artandygyny habar berdi. Mart aýynyň ahyryna çenli ýagdaýa görä, premium ulanyjylaryň sany 268 milliona ýetdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 12% köpdür
Tata we Foxconn Hindistanda iPhone 16 we 16e smartfonlaryny ýygnap başlady
03.05.2025 11:57
6.9k+

Tata we Foxconn Hindistanda iPhone 16 we 16e smartfonlaryny ýygnap başlady

Hindistanyň Tata Electronics we Foxconn zawodlary iPhone smartfonlarynyň, şol sanda täze iPhone 16 we iPhone 16e modelleriniň önümçiligine başlady. Bu Apple-iň önümçilik kuwwatyny Hytaýdan geçirmek strategiýasynyň bir bölegi boldy
Hyundai Kona 2025 tanyşdyryldy
03.05.2025 11:49
4.7k+

Hyundai Kona 2025 tanyşdyryldy

Hyundai  Kona 2025 krossoweriniň täzelenen görnüşini hödürledi. Esasy täzelik - Modern Plus esasynda döredilen H-Pick komplektasiýasynyň bolmagy. Oňa gapdal we yzky çaknyşyklaryň öňüni alyş ulgamlary, ýolagçy awtoulagdan çykanda duýduryjy, şeýle-de üçekdäki ýükdany girýär
BMW we Toyota wodorod tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaklaryny tizleşdirýär
03.05.2025 11:46
5.7k+

BMW we Toyota wodorod tehnologiýalaryny işläp taýýarlamaklaryny tizleşdirýär

BMW wodorod tehnologiýalarynyň kämilleşdirilmegi boýunça meýilnamalaryny resmi taýdan tassyklady. Kompaniýa häzirki wagtda «iX5 Hydrogen» atly wodorodly modeli synag edýär we 2028-nji ýyla çenli Toyota bilen hyzmatdaşlykda wodorod bilen işleýän awtoulagyň köpçülikleýin önümçiligine başlamagy meýilleşdirýär
Frensis Ford Koppola kino sungatyna goşandy üçin AFI baýragy bilen sylaglandy
03.05.2025 11:44
2k+

Frensis Ford Koppola kino sungatyna goşandy üçin AFI baýragy bilen sylaglandy

Los Anjelesde (ABŞ) geçirilen 50-nji «AFI Life Achievement Award» gowşurylyş dabarasynda Frensis Ford Koppola iň ýokary baýrak bilen sylaglandy. Oňa bu sylagy meşhur režissýorlar Stiwen Spilberg bilen Jorj Lukas gowşurdy
Uzak wagtlap ýitip gidendir öýdülen balyk Indoneziýada surata düşürildi
03.05.2025 11:42
12k+

Uzak wagtlap ýitip gidendir öýdülen balyk Indoneziýada surata düşürildi

Indoneziýanyň latimeriýasy (Latimeria menadoensis) ilkinji gezek tebigy gurşawynda surata düşürildi. Suratlar Molukk adalarynyň töwereginde düşürildi. Bu barada gözlegiň netijeleri «Scientific Reports» žurnalynda neşir edildi
GTA 6-nyň çykarylyşy bir ýyl yza süýşürildi: oýun 2026-njy ýylyň maý aýynda çykar
03.05.2025 11:30
5.1k+

GTA 6-nyň çykarylyşy bir ýyl yza süýşürildi: oýun 2026-njy ýylyň maý aýynda çykar

Rockstar Games studiýasy GTA 6-nyň haçan çykaryljakdygyny aýtdy. Täze oýun 2026-njy ýylyň 26-njy maýynda PS5 we Xbox Series üçin çykar. Bu barada kompaniýa sosial torlarda we resmi web sahypasynda aýratyn beýanat bilen habar berdi
WhatsApp-yň web-wersiýasy audio we wideo jaňlar funksiýasyna eýe bolar
03.05.2025 11:20
1.3k+

WhatsApp-yň web-wersiýasy audio we wideo jaňlar funksiýasyna eýe bolar

2025-nji ýylyň ahyryna çenli WhatsApp messenjeriniň web wersiýasynda ulanyjylara audio we wideo jaňlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýän funksiýa elýeterli bolar diýip, WABetaInfo habar berýär. Ondan öň jaňlar diňe Android we iPhone üçin ykjam programmalarda, şeýle hem Windows we macOS üçin desktop wersiýasynda bardy
«Golaýdaky dükana gideli» diýmek ýeterlik: BMW ulaglaryna DeepSeek ornaşdyrylar
03.05.2025 11:14
4.7k+

«Golaýdaky dükana gideli» diýmek ýeterlik: BMW ulaglaryna DeepSeek ornaşdyrylar

BMW 2025-nji ýylyň üçünji çärýeginden başlap, awtoulaglaryna DeepSeek emeli aň ulgamyny ornaşdyrmaga taýynlanýar. Bu barada «ITHome» portaly habar berýär. Kompaniýa meşhur çat-botuň nähili işlejekdigini ozal hem düşündiripdi
Alymlar geljekki kosmos bazalary üçin balyk fermalaryny işläp taýýarlaýar
03.05.2025 11:11
2.8k+

Alymlar geljekki kosmos bazalary üçin balyk fermalaryny işläp taýýarlaýar

Fransiýada alymlar sibas balygyny adatdan daşary wezipe üçin taýýarlaýarlar – ol Aýda ösdürilip ýetişdiriljek ilkinji görnüş bolar. «Lunar Hatch» taslamasy geljekki astronawtlary balyk bilen üpjün eder we Aýdaky ýaşaýyş nokatlary üçin ýapyk iýmit zynjyry döretmäge mümkinçilik berer diýip, «The Guardian» ýazýar
Hytaýda Xiaomi-niň ikinji elektrokarynyň täze görnüşi patentleşdirildi
03.05.2025 11:03
2.2k+

Hytaýda Xiaomi-niň ikinji elektrokarynyň täze görnüşi patentleşdirildi

Hytaýyň Senagat we maglumat tehnologiýalary ministrliginiň soňky maglumatlaryna görä, Xiaomi YU7 elektromobiliniň täze görnüşi 835 km ýol ätiýaçlygy bilen çykarylar. Şeýlelikde, indi bir elektromotorly modelleriň hatarynda geçýän aralygy boýunça dört görnüş elýeterli bolar: 725, 810, 820 we 835 km
TSMC çip imperiýasyny bir wagtda 3 yklymda 24 zawod gurýar
03.05.2025 10:59
1.8k+

TSMC çip imperiýasyny bir wagtda 3 yklymda 24 zawod gurýar

Taýwanly ägirt TSMC häzirki wagtda dünýäniň dürli künjeklerinde şol bir wagtyň özünde 24 sany zawody gurar. Bu zawodlaryň 15-si Taýwanda ýerleşýär (şolaryň 11-si plastina öndürýän fabrika, 4-si bolsa çip gaplaýyş kärhanasy), 6-sy ABŞ-nyň Arizon ştatyndaky Fab 21 taslamasynyň çäginde gurulýar, galanlary bolsa Ýaponiýada we Germaniýada ýerleşýär
«Kalmar oýny», «Wan Pis» we «Uensdeý»: Netflix 31-nji maýda täzelikleri tanyşdyrar
03.05.2025 10:57
2.4k+

«Kalmar oýny», «Wan Pis» we «Uensdeý»: Netflix 31-nji maýda täzelikleri tanyşdyrar

Netflix striming hyzmaty «Tudum 2025» atly uly tanyşdyryş çäresini yglan etdi. Bu çärede onlaýn-kinoteatrda iň köp garaşylýan täze taslamalar baradaky täzelikleri paýlaşmak meýilleşdirilýär. Tudum-yň treýlerinde «Kalmar oýnunyň» 3-nji möwsüminden, «Wan Pis» serialyndan, «Pyçaklary çykarmak 3» filminden we beýleki meşhur taslamalardan bölekler görkezildi
Bred Pitt Tim Uintonyň “Atlylar” filminde baş keşbi janlandyrar
03.05.2025 10:51
2.5k+

Bred Pitt Tim Uintonyň “Atlylar” filminde baş keşbi janlandyrar

Bred Pitt awstraliýaly ýazyjy Tim Uintonyň “Atlylar” romany esasynda düşüriljek filmde baş keşbi janlandyrar. Taslama “Konklaw” we “Günbatar frontda üýtgeşiklik ýok” filmlerini döreden Edward Berger režissýorlyk edýär diýip, Variety žurnaly habar berdi
Balkanabat Halkara howa menzili birnäçe halkara güwanamalara mynasyp boldy
03.05.2025 10:35
11k+

Balkanabat Halkara howa menzili birnäçe halkara güwanamalara mynasyp boldy

2-nji maýda ulanyşa girizilen Balkanabat Halkara howa menzili birnäçe halkara talaplaryna laýyklygy barada birnäçe güwanamalara eýe boldy. Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň (ICAO) Ýewropa we Demirgazyk Atlantika sebiti boýunça direktory Nikolas Rallo täze howa menziliň Halkara raýat awiasiýasy guramasy tarapyndan resmi bellige alnandygy baradaky güwänamany gowşurdy
Serdar Berdimuhamedowyň Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyndaky çykyşy
03.05.2025 10:20
10k+

Serdar Berdimuhamedowyň Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyndaky çykyşy

(Balkanabat şäheri, 2025-nji ýylyň 2-nji maýy) Hormatly dabara gatnaşyjylar! Eziz watandaşlar! Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni taryhy wakalara, zähmet üstünliklerine beslenýär. Ynha, şu gün hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň rowaçlyklara beslenýän günlerinde Balkanabat Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşýarys
“Sýogunyň” ikinji möwsümi 2026-njy ýylyň ýanwarynda surata düşürilip başlanar
03.05.2025 09:27
3.1k+

“Sýogunyň” ikinji möwsümi 2026-njy ýylyň ýanwarynda surata düşürilip başlanar

“Sýogun” serialynyň ikinji möwsümi 2026-njy ýylyň ýanwarynda surata düşürilip başlanar. Bu barada FX teleýaýlymynyň wekilleri Deadline neşirine habar berdi. Hiroýuki Sanada lord Ýosi Toranaganyň keşbine gaýdyp geler, Kosmo Jarwis bolsa ýene-de britaniýaly deňizçi Jon Blektorny oýnar
Bugatti we Jacob & Co. içinde V16 hereketlendirijisi bolan goşar sagadyny çykardy
03.05.2025 09:26
5.4k+

Bugatti we Jacob & Co. içinde V16 hereketlendirijisi bolan goşar sagadyny çykardy

Bugatti kompaniýasy Jacob & Co. bilen bilelikde içinde V16 hereketlendirijisiniň kiçijik modeli bolan goşar sagadyny çykardy. Bu mehanizm ýönekeý bir bezeg däldir – ol Tourbillon giperkarynyň hakyky hereketlendirijisiniň işleýşini görkezýär
Gazagystan 10 ýyla çenli möhlet bilen daşary ýurtly maýadarlara “altyn wiza” hödürleýär
03.05.2025 09:23
7.5k+

Gazagystan 10 ýyla çenli möhlet bilen daşary ýurtly maýadarlara “altyn wiza” hödürleýär

Gazagystanyň häkimiýetleri “altyn wizany” bermegiň düzgünlerini tassyklady. Ol daşary ýurt maýadarlaryna on ýyla çenli möhlet bilen ýaşaýyş ygtyýarnamasyny almaga mümkinçilik berýär. Respublikanyň Daşary işler