Serdar Berdimuhamedow Anjeý Dudany Polşanyň Konstitusiýa güni bilen gutlady

03.05.2025, 07:403,695

Prezident Serdar Berdimuhamedow Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda we ýurduň ähli halkyna Polşa Respublikasynyň Konstitusiýa güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Anjeý Duda tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Polşa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.