Spotify-yň ulanyjylarynyň sany 678 milliona ýetdi. Olar hyzmata 4,2 mlrd ýewro girdeji getirdi

03.05.2025, 11:582,584

Spotify aýdym-saz hyzmaty 2025-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemi boýunça ulanyjylaryň sanynyň artandygyny habar berdi. Mart aýynyň ahyryna çenli ýagdaýa görä, premium ulanyjylaryň sany 268 milliona ýetdi. Bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 12% köpdür.

Ýylyň ilkinji üç aýynda tölegli ulanyjylaryň sany bäş million artdy. Spotify-yň işjeň ulanyjylarynyň umumy sany 678 mln adam boldy. Olardan 423 mln adam mahabat bilen mugt wersiýadan peýdalanýar.
Şeýle-de, kompaniýa çärýek boýunça rekord operasion girdejisi barada hasabat berdi – 509 mln ýewro (takmynan, 528 mln dollar). 2025-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda umumy girdeji 4,2 mlrd ýewro (takmynan, 4,8 mlrd dollar) boldy.
Şol bir wagtyň özünde, hasaplarda nädürslük bar: 423 mln mugt ulanyjy we 268 mln tölegli ulanyjy umumylykda 691 mln bolýar we görkezilen 678 mln ulanyjydan geçýär. Spotify bu düşnüksizlige teswir bermedi, ýöne bir hakykat üýtgewsiz galýar – hyzmat ösmegini dowam etdirýär.
Artistlere az tölenilýändigi sebäpli bar bolan tankytlara garamazdan, Spotify bazarda öňdebaryjy orny eýeleýär. 2024-nji ýylda hyzmat ýerine ýetirijilere, prodýuserlere we leýbllere 10 mlrd dollar töledi. Häzir platformada 10 000-den gowrak artist ýylda 100 000 dollardan gowrak gazanýar. Spotify işe girizileni bäri aýdym-saz pudagyna tas 60 mlrd dollar töledi. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.