82 ýaşly amerikaly zenan plankada Ginnesiň rekordyny goýdy
01.05.2025 12:29
8k+

82 ýaşly amerikaly zenan plankada Ginnesiň rekordyny goýdy

ABŞ-nyň Massaçusets ştatynyň ýaşaýjysy 82 ýaşly Sara Blekman planka ýagdaýynda bäş minutdan gowrak saklanyp, rekord goýdy. Ol şeýle netijä ýeten iň garry aýal boldy diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň resmi web sahypasynda habar berilýär
«Barselona» we «Inter» Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji oýnunda 3:3 oýnady
01.05.2025 12:09
10k+

«Barselona» we «Inter» Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň birinji oýnunda 3:3 oýnady

Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň ilkinji oýnunda «Barselona» öz meýdançasynda Milanyň «Interi» bilen 3:3 hasap bilen deňme-deň oýnady. Duşuşygyň geçirilmegi Ispaniýada ýurt möçberinde giň gerimli tok öçüşlik sebäpli sorag astynda boldy
Marvel “Dedpul we Rosomaha” filminden 400 mln dollar töweregi girdeji gazandy
01.05.2025 11:13
2.3k+

Marvel “Dedpul we Rosomaha” filminden 400 mln dollar töweregi girdeji gazandy

Deadline neşiri öz çeşmelerine salgylanyp, “Dedpul we Rosomaha” filminiň girdejisi we çykdajylary barada çen-takmyn maglumatlary hödürledi. Olardan ugur alsaň, 2024-nji ýylyň iň girdejili filmleriniň biri Marvel studiýasyna, takmynan, 400 mln dollar girdeji getirdi
“Şalaryň şasy” ABŞ-da “Mugthorlardan” öňe geçip, iň girdejili koreý filmi boldy
01.05.2025 11:11
4.4k+

“Şalaryň şasy” ABŞ-da “Mugthorlardan” öňe geçip, iň girdejili koreý filmi boldy

Geçen dynç günleriniň jemi boýunça “Şalaryň şasy” multfilmi ABŞ-da 54,7 mln dollar gazandy. Film meşhur bolan “Mugthorlar” filminden ($53,8 mln) öňe geçip, amerikan prokatynda iň girdejili koreý kinotaslamasy boldy diýip, Deadline habar berýär
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň Federal Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
30.04.2025 23:38
9.3k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Germaniýanyň Federal Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Şu gün, 30-njy aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
“Bagt şäher” jaý satyn almak-satmakdan başlap, abatlaýyş işleri boýunça hyzmatlary hödürleýär
30.04.2025 15:39
12k+

“Bagt şäher” jaý satyn almak-satmakdan başlap, abatlaýyş işleri boýunça hyzmatlary hödürleýär

"Bagt şäher" gozgalmaýan emläk agentligi diňe bir jaý satyn almaga ýa-da satmaga däl, eýsem müşderiniň islegine görä jaý tapmakdan başlap, dizaýn we abatlaýyṣ işleri boýunça hyzmatlary hem hödürleýär. Jaý satyn almak, satmak, kärendesine bermek işleri hemişe wagty hem ýörite tagallalary talap edýär
Režissýor Aleksandr Peýn şu ýyl Wenesiýa kinofestiwalynyň emin agzalarynyň başlygy bolar
30.04.2025 15:22
2.7k+

Režissýor Aleksandr Peýn şu ýyl Wenesiýa kinofestiwalynyň emin agzalarynyň başlygy bolar

Amerikaly režissýor Aleksandr Peýn 82-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň esasy bäsleşiginiň emin agzalarynyň başlygy bolar. Dünýäniň iň esasy üç kinofestiwalynyň biri 2025-nji ýylyň 27-nji awgustyndan 6-njy sentýabry aralygynda geçiriler diýip, Variety habar berýär
Gündäki alawlamalar Ýeriň atmosferasyny sarsýar: 2024-nji ýylda 2000-den gowrak alawlama hasaba alyndy
30.04.2025 15:15
9.3k+

Gündäki alawlamalar Ýeriň atmosferasyny sarsýar: 2024-nji ýylda 2000-den gowrak alawlama hasaba alyndy

Belfastdaky Patyşalyk uniwersitetiniň (Queen's) alymlary Günüň magnit meýdanyndan çykýan güýçli energiýa zyňyndylary bolan Gün alawlamalarynyň ozal mümkin däl diýlip hasaplanylýan täsiri, ýagny Ýeriň atmosferasynda sinhron pulsasiýalary döredýändigini ýüze çykardylar
Meteozond aşagyndan sagatda 800 km tizlikde uçup barýan uçary wideo düşürdi
30.04.2025 14:17
13k+

Meteozond aşagyndan sagatda 800 km tizlikde uçup barýan uçary wideo düşürdi

Sosial torlarda atmosferanyň ýokary gatlaklarynda howa maglumatlaryny ýygnamak üçin niýetlenen «Doroti» taslamasynyň howa şaryna berkidilen kameradan düşürilen wideo meşhur boldy diýip, «Petapixel» ýazýar. Ýerden örän beýige çykarylan 360 gradusly kamera bilen düşürilen wideoda, sagatda 800 kilometr tizlik bilen uçýan uçaryň meteozonda tarap güýçli ses bilen gelýändigini görmek bolýar
Hytaýly talyby 4 günüň dowamynda iki gezek halas etmeli boldy: ol Fudzi dagynda telefonyny gözleýärdi
30.04.2025 14:08
15k+

Hytaýly talyby 4 günüň dowamynda iki gezek halas etmeli boldy: ol Fudzi dagynda telefonyny gözleýärdi

Ýaponiýada ýaşaýan 27 ýaşly hytaýly talyp 4 günüň dowamynda Fudzi dagynyň gerşlerinden iki gezek halas edildi. Ýaş ýigit ýitiren smartfonyny gözläp, daga dolanyp barypdyr diýip, «BBC» habar berýär. Ilkinji gezek 22-nji aprelde ony dagyň, takmynan, 3000 metr belentligindäki ýodadan dikuçar bilen alyp gaýtdylar
Kurt Kobeýniň döwlen gitarasy 101,5 müň dollara satyldy
30.04.2025 14:04
6k+

Kurt Kobeýniň döwlen gitarasy 101,5 müň dollara satyldy

Sazanda Kurt Kobeýniň döwük gitarasy Tehasly kolleksionere 101,5 müň dollara satyldy. Saz guraly başda çaklanylandan has gymmat bahadan satyldy diýip, «TMZ» ýazýar. Kobeýn bu gitarany 1992-nji ýylda "Nirvana" toparynyň Ýewropadaky konsert saparynyň dowamynda döwüpdi
Nikol Kidman Kann kinofestiwalynda «Women in Motion» baýragyny alar
30.04.2025 13:53
3.8k+

Nikol Kidman Kann kinofestiwalynda «Women in Motion» baýragyny alar

13-24-nji maý aralygynda geçiriljek 78-nji Kann kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň emin agzalarynyň düzümini yglan etdiler. Emin agzalarynyň başynda meşhur fransuz aktrisasy Žýulýet Binoş durýar. Onuň
76-njy Berlin kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi
30.04.2025 13:39
1.6k+

76-njy Berlin kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

76-njy Berlin kinofestiwaly 2026-njy ýylyň 12-nji fewralyndan 22-nji fewraly aralygynda geçiriler. Bu barada abraýly kinofestiwalyň ýolbaşçylary resmi taýdan yglan etdi. Bäsleşik we beýleki programmalara gatnaşyjylaryň sanawy geljek ýylyň başynda belli bolar
 Alymlar Ýeri Boeing 777 uçarynyň kömegi bilen sowatmagy teklip edýär
30.04.2025 13:33
12k+

 Alymlar Ýeri Boeing 777 uçarynyň kömegi bilen sowatmagy teklip edýär

Londonyň Uniwersitet kollejiniň alymlary Boeing 777F uçarlaryny global ýylama bilen göreşmek üçin ulanmagy teklip etdi. Bu uçaryň kömegi bilen aerozollary polýuslarda, mysal üçin, Norwegiýa ýa-da Alýaska sebitinde 13 km belentlikde sepmek bolýar diýip, hünärmenler aýdýar
Amazon ilkinji Project Kuiper hemralaryny orbita çykardy. Ol Starlink bilen bäsleşer
30.04.2025 13:23
2k+

Amazon ilkinji Project Kuiper hemralaryny orbita çykardy. Ol Starlink bilen bäsleşer

Amazon kompaniýasy Atlas V raketasynyň kömegi bilen öz Project Kuiper internet ulgamynyň 27 hemrasyny üstünlikli uçurdy. Bu kompaniýanyň Starlink bilen bäsleşjek global ulgamy döretmek ugrunda ilkinji ädimidir
Rotterdamda bir çaga tötänleýin Rotkonyň 50 mln ýewrolyk suratyny zaýalady
30.04.2025 13:20
8.4k+

Rotterdamda bir çaga tötänleýin Rotkonyň 50 mln ýewrolyk suratyny zaýalady

Rotterdamdaky (Niderlandlar) Boýmans wan Beningen muzeýinde bir çaga tötänleýin Mark Rotkonyň “Goýy gyzylda çal, mämişi, №8” suratyny zaýalady. Onuň bahasy 50 mln ýewro barabar. Bu waka muzeýiň kolleksiýasyndan saýlama eserleriň görkezilýän Depot zalynda bolup geçdi diýip, BiBiSi habar berýär
Lamborghini täze «Temerario» gibrid superkaryny hödürledi
30.04.2025 13:15
4k+

Lamborghini täze «Temerario» gibrid superkaryny hödürledi

Italiýanyň meşhur Lamborghini awtokonserni täze gibrid superkary bolan «Temerario-ny» resmi taýdan hödürledi. Tas 1000 at güýjüni öndürýän täze model, bir wagtlar meşhur bolan «Huracan-yň» ornuny tutar. Täze sportkar eýýäm şu ýyldan başlap ýollarda görnüp başlar
Suwuň we betonyň içinden maglumatlary geçirip bilýän ilkinji aragatnaşyk hödürlendi
30.04.2025 13:09
4.4k+

Suwuň we betonyň içinden maglumatlary geçirip bilýän ilkinji aragatnaşyk hödürlendi

Şotlandiýanyň Csignum startapynyň inženerler topary dykyz suwdan, buzdan we hatda beton gurluşlardan aňsatlyk bilen geçip bilýän öwrülişikli aragatnaşyk ulgamyny döretdi. Olaryň işläp taýýarlan EM-2 önümi suw bilen howanyň araçägini bökdençsiz geçmek üçin ( häzirki bar tehnologiýalar üçin kyn mesele) pes ýygylykly elektromagnit meýdanlaryny ulanýar
Fransua Ozon Albert Kamýunyň “Saýry” romanyny ekranlaşdyrýar
30.04.2025 13:06
1k+

Fransua Ozon Albert Kamýunyň “Saýry” romanyny ekranlaşdyrýar

“8 zenan” (“8 женщин”) we “Öýde” (“В доме”) filmleri bilen tanalýan fransuz režissýory Fransua Ozon Albert Kamýunyň “Saýry” romanyny ekranlaşdyrýar. Bu barada Screen Daily habar berdi. Film Gaumont studiýasy tarapyndan çykarylar
Tirannozawryň derisinden tikilen ilkinji torbalar satuwa çykar
30.04.2025 13:03
9.7k+

Tirannozawryň derisinden tikilen ilkinji torbalar satuwa çykar

Esasynda taryhdan öňki görnüşiň DNK-sy ýatan ilkinji moda aksessuary 2025-nji ýylyň ahyryna çenli dükanlarda peýda bolar. Adaty deri önümçiligi uly möçberde tokaýlaryň çapylmagy bilen bagly, eýlemek bolsa, köplenç, zyýanly himiki serişdeleri ulanmagy talap edýär, bu bolsa daşky gurşawyň has-da hapalanmagyna sebäp bolýar
2-nji maýda Adidas 3D printerde çap edilen Climacool krossowkalaryny satuwa çykarar
30.04.2025 12:32
6.6k+

2-nji maýda Adidas 3D printerde çap edilen Climacool krossowkalaryny satuwa çykarar

Adidas özüni hemişe täze tehnologiýalar we adaty bolmadyk çözgütler üçin açyk kompaniýa hökmünde görkezýär. Onuň Climacool krossowkalary hem munuň gönüden-göni subutnamasy boldy. Olar brendiň 3D printerde çap edilen ilkinji krossowkalarydyr
Britaniýaly adam 1917-nji ýyldan bäri suwuň düýbünde ýatan gämini satyn aldy
30.04.2025 12:31
11k+

Britaniýaly adam 1917-nji ýyldan bäri suwuň düýbünde ýatan gämini satyn aldy

Britaniýaly daýwer Birinji jahan urşy döwrüniň suwa gark bolan gämisini 300 funt sterlinge (399 dollar) satyn aldy. Ol gäminiň satylýandygy baradaky bildirişi ýanwar aýynda sosial ulgamlarda gördi diýip, The Telegraph ýazýar
Alymlar doňzuň agzynda adam dişlerini ösdürdiler
30.04.2025 12:25
6.4k+

Alymlar doňzuň agzynda adam dişlerini ösdürdiler

ABŞ-da Tafts uniwersitetiniň alymlary doňzuň äňinde adam dişlerine meňzeş dişleri ösdürdi. Stem Cells Translational Medicine žurnalynda beýan edilen tejribe biologiki diş implantlaryny döretmäge tarap ýol açýar
“Kesgir gaşlar” filminden Killian Mýorfiniň eşigi auksionda satylar
30.04.2025 12:19
4.7k+

“Kesgir gaşlar” filminden Killian Mýorfiniň eşigi auksionda satylar

Killian Mýorfiniň “Kesgir gaşlar” (Острые козырьки) serialynda Tommi Şelbiniň rolunda geýen üçli eşigi Omega Auctions haýyr-sahawat auksionyna çykaryldy. Ähli alnan serişdeler onkologiýa keseli bolan adamlaryň goldawyna gönükdiriler
Braziliýada 113 million ýyl ozal ýaşap geçen garynjanyň galyndylary tapyldy
30.04.2025 12:19
5.3k+

Braziliýada 113 million ýyl ozal ýaşap geçen garynjanyň galyndylary tapyldy

Braziliýada ylma mälim bolan dowzah garynjasynyň (bu hili atlandyrma gadymy grek mifologiýasyndan gözbaş alýar) iň gadymysy tapyldy. Onuň ýaşy 113 million ýyl hasaplanýar diýip, Current Biology žurnaly habar berýär
Osakada Expo 2025 üçin dünýäde iň uly agaç halkanyň gurluşygy tamamlandy
30.04.2025 11:47
7.7k+

Osakada Expo 2025 üçin dünýäde iň uly agaç halkanyň gurluşygy tamamlandy

Ýaponiýanyň Osaka şäherindäki Ýumeşima emeli adasynda uzynlygy iki kilometr töweregi bolan dünýäde iň uly agaç halkanyň gurluşygy tamamlandy. Desga Expo 2025-iň merkezi elementi we durnukly gurluşygyň nyşany boldy
“Greenhill”: Türkmen kompaniýasy ýokary görkezijili çalgy ýaglaryny öndürip başlady
30.04.2025 11:39
6.2k+

“Greenhill”: Türkmen kompaniýasy ýokary görkezijili çalgy ýaglaryny öndürip başlady

Türkmenistanda ýakynda täze nesil SP çalgy ýaglaryny öndürýän kärhana işläp başlady. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda ýerleşýän "Täze senagat" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bu ugurda ilkinji önümçilik işlerine girişdi
Microsoft "Windows 11-e" emeli aňly üç sany täze funksiýa goşdy
30.04.2025 11:33
1.1k+

Microsoft "Windows 11-e" emeli aňly üç sany täze funksiýa goşdy

Microsoft kompaniýasy Copilot+PC-lary üçin Windows 11-iň aprel täzelenmesini çykardy. Onda emeli aňly üç sany täze funksiýa peýda boldy. Recall-yň esasy funksiýasy şifrlenen skrinşotlary wagtal-wagtal enjamyň ýerli ammarynda ýatda saklamak bilen, fon režiminde işleýär
Chevrolet Braziliýanyň bazary üçin S10 100 Years Edition pikabyny hödürledi
30.04.2025 11:28
2.7k+

Chevrolet Braziliýanyň bazary üçin S10 100 Years Edition pikabyny hödürledi

General Motors Braziliýada täze 2026-njy ýyl «Chevrolet S10 100 Years Edition» pikabyny resmi tavdan tanyşdyrdy. Kompaniýanyň metbugat gullugyna görä, ýörite wersiýa brendiň ýüz ýyllygyny bellemek üçin taýýarlanyldy we deňsiz-taýsyz modelleri çykarmak däbini dowam etdirýär
«Titanigiň» ýolagçysynyň ýazan haty auksionda 400 müň dollara satyldy
30.04.2025 11:22
7.8k+

«Titanigiň» ýolagçysynyň ýazan haty auksionda 400 müň dollara satyldy

«Titanikde» aman galan ýolagçy tarapyndan ýazylan hat «Henry Aldridge & Son» auksionynda 300 müň funt sterlinge (takmynan, 400 müň dollara) satyldy. Bu barada «The Guardian» neşiri habar berýär. Neşiriň belleýşi ýaly, lotuň bahasy başlangyç bahasyndan bäş esse ýokary boldy
Volkswagen ýewropa bazarynda elektromobil satuwy boýunça Tesla-dan geçdi
30.04.2025 11:10
2.2k+

Volkswagen ýewropa bazarynda elektromobil satuwy boýunça Tesla-dan geçdi

JATO Dynamics-iň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Volkswagen Tesla-dan öňe geçip, Ýewropa Bileleşiginiň çäginde iň meşhur elektromobil brendi boldy diýip, «Business Insider» neşiri habar berýär
Xiaomi ýedi sany meşhur smartfon modeli üçin goldawy bes edýär
30.04.2025 11:06
6.1k+

Xiaomi ýedi sany meşhur smartfon modeli üçin goldawy bes edýär

Xiaomi 2025-nji ýylyň aprel aýynda ýedi sany smartfon modeli üçin goldawyň bes ediljekdigini (EOL-nyň tamamlanjakdygyny) habar berdi. Bu ýagdaý programma üpjünçiliginiň täzelenmeleriniň, şol sanda howpsuzlyk üçin möhüm paçlaryň we täze operasion ulgamyň wersiýalarynyň çykarylmagynyň bes ediljekdigini aňladýar diýip, «Gizchina» ýazýar
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň medeni-durmuş maksatly desgalarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy
30.04.2025 10:44
6k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň medeni-durmuş maksatly desgalarynyň şekil taslamalary bilen tanyşdy

29-njy aprelde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän medeni-durmuş maksatly desgalaryň şekil taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy
Gurbanguly Berdimuhamedow Monakonyň Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti bilen duşuşdy
30.04.2025 10:18
3.3k+

Gurbanguly Berdimuhamedow Monakonyň Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti bilen duşuşdy

29-njy aprеlde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monakonyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzu bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär
Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryny doglan güni bilen gutlady
30.04.2025 10:02
3.2k+

Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryny doglan güni bilen gutlady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, egsilmez güýç-kuwwat, alyp barýan işinde uly üstünlikleri arzuw etdi
“PSŽ” Çempionlar ligasynyň birinji 1/2 final oýnunda “Arsenaly” utdy
30.04.2025 09:45
8.1k+

“PSŽ” Çempionlar ligasynyň birinji 1/2 final oýnunda “Arsenaly” utdy

Londondaky “Emireýts” stadionynda 2024/2025 möwsüminiň UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň “Arsenal” bilen “PSŽ-niň” arasyndaky birinji ýarym final oýny boldy. Duşuşyk fransuz klubunyň 1:0 hasabynda utmagy bilen tamamlandy
Bişkekde ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki toparynyň ilkinji mejlisi geçirilýär
29.04.2025 23:59
3k+

Bişkekde ulag-üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki toparynyň ilkinji mejlisi geçirilýär

Türkmenistanyň wekiliýeti 28-30-njy aprelde Bişkek şäherinde geçirilýän Ulag, üstaşyr geçirmek we logistika meseleleri boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki toparynyň ilkinji mejlisine gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär
Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
29.04.2025 23:57
2.4k+

Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

28-nji aprelde paýtagtymyzdaky “Arçabil” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Zähmetkeşleriň işleri boýunça edarasynyň bilelikde guramagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
Raşid Meredow Monakonyň Şazadasynyň geňeşçisi bilen sport başlangyçlaryny maslahatlaşdy
29.04.2025 23:45
2.2k+

Raşid Meredow Monakonyň Şazadasynyň geňeşçisi bilen sport başlangyçlaryny maslahatlaşdy

28-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Monakonyň Şazadasynyň geňeşçisi, Parahatçylyk we sport guramasynyň prezidenti we esaslandyryjysy Žoel Buzu bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler
Bakteriýalary ýok edýän boýag döredildi
29.04.2025 21:48
7.3k+

Bakteriýalary ýok edýän boýag döredildi

Nottingem uniwersitetiniň alymlary howply bakteriýalary ýok edip bilýän täsin antimikrob boýagyny işläp düzdüler. Öňki kümüş ýa-da mis düzümli örtüklerden tapawutlylykda, täze formulanyň düzüminde diglýukonat hlorgeksidin (CHX) bar – ol mikroblary we ştammlary tiz ýok etmek üçin güýçli biologik serişdedir