Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Baş sekretaryny doglan güni bilen gutlady

30.04.2025, 05:023,140

Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, egsilmez güýç-kuwwat, alyp barýan işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Antoniu Guterriş 1949-njy ýylyň 30-njy aprelinde Lissabonda (Portugaliýa) dünýä indi. 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan bäri BMG-niň Baş sekretary wezipesini ýerine ýetirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.