2-nji maýda Adidas 3D printerde çap edilen Climacool krossowkalaryny satuwa çykarar

30.04.2025, 07:326,582
1 / 2

Adidas özüni hemişe täze tehnologiýalar we adaty bolmadyk çözgütler üçin açyk kompaniýa hökmünde görkezýär. Onuň Climacool krossowkalary hem munuň gönüden-göni subutnamasy boldy. Olar brendiň 3D printerde çap edilen ilkinji krossowkalarydyr.

Bu sport aýakgaplarynyň dizaýny minimalistik äheňde ýerine ýetirildi. Olarda bagjyk ýa-da ýiti bezegler ýok, ýöne olar akgynly forma we Adidas-yň mahsus zolaklaryna eýe boldy. Aýakgaba hemmetaraplaýyn “dem almaga” mümkinçilik berýän 360 gradus wentilýasiýa, ýumşak ökje we içki daban goldawy aýak üçin rahatlygy üpjün edýär.  
Ozal Climacool krossowkalary çäkli mukdarda we diňe Adidas Confirmed platformasy arkaly hödürlenýärdi. Ýöne indi 2-nji maýdan ähli isleg bildirýänler bu aýakgaby firma programmasy we ABŞ-da käbir Adidas dükanlarynda satyn alyp biler.
Ýewropada hem 140 dollar baha bilen 20 müň töweregi krossowka jübüti elýeterli bolar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.